HALALLYGYŇ BAÝRAMY


HALALLYGYŇ BAÝRAMY



Halkymyz Gurban baýramy bilen baglanyşykly dürli dessurlary, ynançlary döredipdirler. Olaryň biri-de Gurban baýramynyň ilkinji gününde säher bilen gurban şor edip, täze lybas geýmekdir. Şeýle hem baýram günlerinde öý-içeriniň hemme ýeri tämizlenip, arassalanýar. Munuň özi Gurban baýramynda perişdeleriň tämizligi görüp, bagt, bereket, saglyk, agzybirlik ýaly eşretlerden goýup gitjekdigine ynanylyp gelnipdir. Aslyýetinde musulman dünýäsiniň, gadymy oguz baýramlarynyň ählisiniň bir gapdaly arassaçylyga, tämizlige direýändir. Bu ata-babalarymyzyň arassaçylygyň saglygyň girewidigine, saglygyň bolsa eşretli durmuşyň açarydygyna göz ýetirendigi bilen baglanyşyklydyr.
Halkymyzda aýdylýan «Eklenjiň yzyndan halallyk ýeter» diýen aýtgy halallygyň durmuşymyzdaky ähli zerurlyklaryň — saglygyň, rysgal-berekediň, agzybirligiň özeni bolup durýandygyny aňladýar. Hut şonuň üçinem ulularymyz çagalykdan halallyk baradaky düşünjeleri aňymyza, kalbymyza guýýarlar. Halal lukma halkymyzda her bir öýüň rysgaly, döwleti hasaplanylýar. Ýaşulularyň: «Gurbanlygyň süňňi halallykdan düzülendir» diýmeginiň sebäbine-de biz durmuşa aň ýetirip ugranymyzdan düşünýäris. Sebäbi bu baýramda gurban çalmagyň baş şerti — malyň halal gazançdan bolmagydyr.
Gurban baýramy ynsanlary birekbirege ýakynlaşdyrýar, jebisleşdirýär. Dogan-gardaş, dost-ýarlary bir saçagyň başyna jem edýän baýram halklaryň aňyrsynda bir umumylygyň bardygy baradaky düşünjäni hem ýüreklere guýýar. Eýsem, alys ülkelerde ýaşap ýören halkyň seniňki bilen meňzeş dessurynyň bardygyny, ony seniň bilen deň-derejede gymmatlyk saýýandygyny näme bilen düşündirmeli? Muny millionlarça adamyň öz ýurduny deň-derejede söýüp bilmegine meňzedesiň gelýär. Halklaryň köpüsi üçin umumy gymmatlyk bolan Gurban baýramy bu günki gün Zeminiň uly bölegini toýhana öwürdi. Bu gün Gurban baýramy mynasybetli toý saçaklary bezelip, iň gowy arzuw-dilegler edilýär. «Köpüň dilegi köl bolar» diýlişi ýaly, bu baýramda adamzat ähline diňe gowulyklaryň ýaran bolmagy baradaky arzuwlaryň miweleri Zemine parahatçylyk, agzybirlik, rysgal-bereket bolup dolar.

Sadap ATAGARRYÝEWA