Dürler hazynasy


Dürler hazynasy



Medeniýet näçe ýokary bolsa, zähmetiň gymmaty şonça-da ýokarydyr.
Wilgelm Roşer.

Medeniýetiň gelip çykyşy akylyň döremegi bilen gabat gelýär.
Klod Lewi-Stros.

Medeniýet — barlykdaky kämillik.
Medeniýet nädip ýaşamalydygyny öwredýän beýik mugallymdyr.
Dina Din.

Medeniýet we daşky görnüş düýbünden başga-başga zatdyr.
Ralf Emerson.

Medeniýet — bu ähli öwredilenler ýatdan çykandan soň galýan ýeke- täk zat.
Emmanuel Munýe.

Däp-dessurlar we döredijilik ähli medeniýetleriň ýaşaýyş çeşmesidir.
Pýotr Nikolaýewiç Sawiskiý.

Eger-de men bir zada ynanýan bolsam, onda bu medeniýetdir.
Pikirlenip görsek, medeniýet bilesigelijilige däl-de, kämillige bolan söýgä esaslanýar.
Medeniýet kämillige akyl ýetirmekdir.
Metýu Arnold.

Toplan Aýna HOJAMOWA