Saz sungatymyzyň kerwenbaşysy
Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Daňatar Öwezow milli aýdym-saz sungatymyzyň görnükli wekilleriniň biridir. Sözüň doly manysynda ussat kompozitor professional saz sungatymyzyň kerwenbaşysydyr.
Ussat kompozitoryň ady milli saz sungatymyzda ilkinji opera eserini döreden professional kompozitory hökmünde medeniýetimiziň taryhyna altyn haplar bilen ýazyldy. Ussadyň kärdeşi A.Şapaşnikow bilen bilelikde döreden «Şasenem-Garyp», «Aýna», «Gül-Bilbil», Ý.Meýtus bilen bilelikde döreden «Leýli-Mežnun» operalary häzirki günlere çenli teatr tomaşaçylarynyň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolup gelen eserler hökmünde uly abraý-mertebä eýedir. Kompozitoryň döreden hoşowazly aýdymlary, romanslary, hor eserleri türkmen aýdym-saz mirasynyň genji-hazynasynyň egsilmez baýlygydyr.
D.Öwezow Türkmenistanyň saz medeniýetini baýlaşdyran milli kompozitorlar mekdebiniň kemala gelmegine uly goşant goşan halypalaryň biridir.
Onuň döredijilik dünýäsi temalara baýlygy, žanrlarynyň köpdürliligi, saz diliniň aýdyňlygy, mylaýymlygy we özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Kompozitoryň döreden eserleriniň hamyrmaýasy türkmen halk sazlaryna, dessan aýdymlaryna ýugrulandyr. Ussadyň halk sazlaryna ulaşýan ajaýyp owazly heňleri onuň ýokary derejeli professional döredijiliginiň baýlygydyr.
Kompozitorlaryň döredijiliginde wokal sazlary möhüm orny tutýar. Saz ussadynyň ylhamyndan gaýnap joşan operalarynda, wokal-simfoniki sazlarynda, kamera-wokal eserlerinde mähriban Watanymyzyň, merdana halkymyzyň, sada oba adamlarynyň, ussat pagtaçylaryň, zähmetsöýer gurluşykçylaryň, yhlasly nebitçileriň, şeýle hem balykçylarynyň edermenlikleri belentden wasp edilýär.
Daňatar Öwezow talyplyk döwründe saz bilen içgin meşgullanyp başlaýar. Truba saz guralyna ussatlarça erk edip, okuw mekdebiniň üflenip çalynýan saz gurallarynyň orkestrinde saz çalýar, nota ýazuwyny özleşdirýär. Talyp ýyllarynda üflenip çalynýan saz gurallary üçin türkmen halk sazlaryny täzeden işlemek boýunça ilkinji tejribelerini toplaýar. 1930-njy ýylda bolsa ýaş sazanda üflenip çalynýan saz gurallarynyň orkestri «Türkmen marşy» diýen ilkinji eserini ýazýar. Daňatar Öwezow okuw tamamlandan soňra dürli jemgyýetçilik we ýolbaşçylyk wezipelerde zähmet çekendigine seretmezden sazdan örküni üzmeýär. Onuň başlangyjy bilen çeper höwesjeňleriň üflenip çalynýan saz gurallarynyň orkestrleri döreýär. Üflenip çalynýan saz gurallarynyň orkestri üçin «Pyýala», «Sen-sen», «Bibijan», «Bady saba», «Daş galdy» we beýleki meşhur halk sazlaryny täzeden işleýär. 1935-nji ýylda bolsa özüniň ilkinji uly göwrümli eseri bolan «Meniň duýgularym» atly üç bölümli sýuitasyny ýazýar.
D.Öwezow 1938-1940-njy ýyllarda Aşgabatdaky azerbaýjan sazly-drama teatrynyň orkestrinde zähmet çekýär. Şol döwürde belli azerbaýjan kompozitorlary U.Gajybekowyň, M.Magomaýewiň döredijiligi, şeýle-de rus we ýewropa nusgawy saz medeniýeti bilen içgin tanyşýar. Munuň özi, kompozitorda milli opera eserlerini döretmek hyjuwyny ösdürýär, hem-de milli opera sungatynyň düýbüni tutmak islegine ganatlandyrýar. Şu maksat bilen 1940-njy ýylda D.Öwezow Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg (öňki Leningrad) şäherindäki konserwatoriýa okuwa girýär. Ýokary okuw mekdebinde ýaş kompozitora ussat mugallym-sazanda N.A.Timofeýew halypalyk edýär. Bu döwürde D.Öwezow belli şahyrymyz G.Burunowyň «Seýdi» diýen librettosynynyň esasynda opera eserini döretmäge girişýär. 1941-nji ýyldan başlap bolsa Aşgabatda açylan opera teatrynda dirižýor bolup zähmet çekýär. Bu ýyllarda D.Öwezow bilen kompozitor A.G.Şapoşnikowyň işjeň döredijilik gatnaşyklarynyň netijesinde milli saz sungatymyzyň merjen dänelerine öwrülen ençeme uly göwrümli sazlar döreýär. «Şasenem-Garyp» operasy bu iki ägirt kompozitoryň döredijilik gatnaşyklarynyň ilkinji miwesidir. Operada halkymyzyň baý saz folkloryny giňden peýdalanmaga ýykgyn edilýär. Şoňa görä-de operanyň mazmunyna «Söýgülim gelýär», «Aglaryn», «Garybym», «Tüni derýa» we beýleki halk aýdym-saz eserleri goşulýar. 1944-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda «Şasenem-Garyp» operasynyň ilkinji görkezilişi bolýar. 1955-nji ýylda türkmen edebiýatynyň we sungatynyň Moskwada geçirilen ongünlügine bu saz eseriniň partiturasy çylşyrymlaşdyrylyp, täze wakalar, duetler, ariýalar we balet sahnalary bilen baýlaşdyrylan görnüşi halk köpçüligine görkezilip, tomaşaçylaryň ýokary bahasyna mynasyp bolýar.
1946-njy ýylda D. Öwezow ukrain kompozitory Ý.S.Meýtus bilen bilelikde teatryň «Leýli-Mežnun» operasyny ýazyp tamamlaýar. Eseriň librettosyny ХVIII asyryň türkmen şahyry Nurmuhammet Andalybyň adybir dessany esasynda döredilýär. Leýli we Mežnunyň ägirt söýgüsiniň güýji operanyň jadylaýjy sazlara düzülen ariýalary bilen tomaşaçylaryň ýürekleriniň törüne siňýär. Bu iri aýdym-saz eseriniň mazmunynda «Duruňlar, habarlaşaly», «Dözmeýen bikarar oldum», «Syrdaş bolaly» «Ýaşylbaş», «Yrak Nowaýy», «Torgaý guşlar» we beýleki halk sazlary we aýdymlary mynasyp ornuny tapýar.
D.Öwezow 1948-nji ýylda Moskwanyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky Döwlet konserwatoriýasynda okuw-tejribesini baýlaşdyrýar. Ol öz döwrüniň ussat kompozitory, professor S.A.Balasanýanyň halypalyk mekdebinde üç ýyl tälim alýar hem-de dünýä saz medeniýetiniň inçe tilsimlerine içgin aralaşýar.
1950-1960-njy ýyllarda kompozitor A.Şapoşnikow bilen bilelikde «Gül-Bilbil», şeýle hem «Aýna» operalaryny döredýärler. Bu operalaryň saz dili çeperçiligi we çuňňur milliligi bilen aýdyň tapawutlanýar.
Kompozitoryň döredijiliginde wokal-simfoniki sazlara uly orun degişlidir. Onuň 1950-1960-njy ýyllarda belli şahyrlar G.Muhtarowyň, Ç.Aşyrowyň, G. Seýitliýewiň şygyrlaryna «Dutaryň owazy», «Watan» kantatalary, hor, ýekelikde aýtmak we simfoniki orkestr üçin oratoriýasy türkmen saz sungatyna uly goşant bolýar. 1966-njy ýylda bu ilhalar saz eserleri üçin D.Öwezow Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragyna mynasyp bolýar.
Awtoryň döredijiliginde şirin zyban aýdymlar hem uly orun tutýar. D.Öwezow G.Seýitliýew goşgularyna döreden «Täzegül», «Aşgabat», «Hally gözel», «Gyzlar», «Tokmak we ýalta», «Aýa çykdy adymyz», «Joş, kanalym», «Gar ýagýar», «Mähribanym jora jan», «Ýadyňdamy, Täzegül», «Perwana», «Leýla» we beýleki aýdymlary dilden-dile geçip uly meşhurlyk gazanýar. Bu aýdymlar heňiniň näzikligi, äheňleriniň terligi, özboluşlylygy bilen diňleýjileriň gyzgyn söýgüsini gazanýar. Mundan başga-da, kompozitoryň akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň, şeýle hem B.Kerbabaýewiň, A.Kekilowyň, R.Seýidowyň, G.Burunowyň, B.Japarowyň, K.Işanowyň, T.Taganowyň goşgularyna döreden «Halym», «Bu derdi», «Aýryldym», «Gözleriň», «Işçi, daýhan, esgeri», «Ýok, ýok», «Aýnabat», «Keýpim kök», «Çal, dutarym», «Bagt kanaly», «Watanym bar» we beýleki eserleri uly meşhurlyga eýedir.
Kompozitoryň döredijiliginde hor aýdymlary hem aýratyn orun eýeleýär. Bu aýdymlaryň mazmuny esasan watançylyk temasyna bagyşlanypdyr. Olaryň arasynda «Gülleýän Türkmenistan», «Watan», «Kyrk baharyň gülleri», «Dostluk aýdymy», «Aý terek, Gün terek» we beýlekiler aýratyn tapawutlanýar.
D.Öwezow döredijilik işi bilen bir hatarda, Türkmenistanyň kompozitorlar birleşiginiň işeňňir agzalarynyň bir bolýar. Ol 1940-1948-nji ýyllarda onuň birleşigiň müdiriýetine ýolbaşçylyk edýär. Mahlasy ussat kompozitoryň 1911-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Mary etrabynyň Mülkýusup obasyndan başlan durmuş ýoly, ilki Mary şäheriniň çagalar öýünde, saz sungatynyň meşhur okuw mekdeplerinde dowam edýär. Soňra kompozitoryň ykbaly dünýäniň saz medeniýetiniň goýnunda gülleýär, pajarlap gül açýar. Onuň döreden eserleri eziz Watanymyzyň çäklerinden daşarlarda hem meşhurlyga eýe bolýar.
Döwletimiz tarapyndan kompozitoryň saz sungatyny ösdürmekdäki hyzmatyna ýokary baha berlip, oňa 1961-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakylýar. 1966-njy ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň döwlet ýörite sazçylyk mekdebine Daňatar Öwezowyň ady dakylýar. Kompozitoryň heýkeli dogduk obasy bolan Mülkýusupda oturdylýar.
Çynar GURBANOW