Ösüşli menzilleriň beýany


Ösüşli menzilleriň beýany



Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow:

— Kitap adamzadyň köňül nagşydyr, ol medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülip, adamlaryň ýüreklerine ýol salyp bilýär. Ýokary çeperçilikli we hakyky sungat eserleri umumadamzat baýlygyna öwrülýär.

Ösüşli menzilleriň beýany

Türkmenistanda kitaphanalar has irki döwürlerde döräpdir, olar esasan hem gadymy Merwde, Ürgençde, Nusaýda esaslandyrylypdyr.
Türkmenistanda has soňky ýyllarda, ýagny XIX asyryň ahyrynda häzirki zaman jemagat kitaphanalarynyň görnüşi ýüze çykýar. Olaryň ilkinjisi häzirki Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasydyr.
2007-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde täze gurlan binalar toplumy — Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkezi ulanylmaga berildi. Bu bina üç toplumdan ybarat bolup, olaryň biri Döwlet kitaphanasynyň binasydyr.
Döwlet kitaphanasynyň täze binasynda birbada 1100-e çenli okyjyny kabul etmek, 6 mln. gowrak neşir önümlerini aýawly saklamak, kitaphana işini döwrebap guramak we alyp barmak üçin mümkinçilkler, hünärmenleriň işlemekleri üçin şertler bar. Kitaphanamyz esasy baýlygy bolan neşir önümlerini aýawly hem-de maksada laýyk saklamak üçin niýetlenilen häzirki zaman talaplara laýyk gelýän gaznahana bilen üpjün edilen, kitaphana hyzmatyny guramak hem-de kitaphananyň ýörite bölümleriniň işini talaba laýyk ýola goýmak üçin ähli mümkinçilikler we şertler döredilen, häzirki zaman elektron enjamlar bilen enjamlaşdyrylan. Bu döredilen şertler mähriban Arkadagymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny kitaphana işiniň döwrebap usullarynyň üsti bilen wagyz etmäge has-da ruhlandyrýar. Geljekki nesillerimiziň ylymly-bilimli bolmagynda, olary Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň milli ruhuna laýyklykda ösdürip ýetişdirmekde kitaphanalara möhüm orun degişlidir. Düzümi we mazmuny örän baý bolan kitaphana gaznasyny bir asyrdan-da gowrak wagtyň içinde özünde jemläp gelýän ýurdumyzyň baş kitaphanasy bolan Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy öz öňünde goýlan maksatlary talaba laýyk we ýokary derejede guramak boýunça maksatlaýyn işleri alyp barýar. 2020-nji ýylda Döwlet kitaphanasynyň döredilenine 125 ýyl dolýar. Döwlet kitaphanasy ýurdumyzyň ähli kitaphanalary üçin ylmy we usulyýet merkez bolmak bilen, hormatly Prezidentimiziň uly aladalary netijesinde durmuşa geçirilen Bitewi Elektron Kitaphana ulgamynyň dolandyryjy merkezine öwrüldi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy ýurdumyzyň iň iri ylmy-medeni ojaklarynyň biridir. Bu kitaphana 1895-nji ýylyň maý aýynda açylyp okyjylar köpçüligine ulanmaga berilýär. Kitaphana — bu adamzat nesliniň irki taryhy çeşmelerini häzirki döwre çenli öz hazynasynda jemleýän düýpsiz bir ummandyr.
Bitewi elektron kitaphana ulgamy kitaphana işini talabalaýyk alyp barmakda, kitaphana gelýän okyjylaryň isleg bildirýän kitaplaryndan bökdençsiz peýdalanmaklaryna uly ýardam berýär. Döwlet kitaphanasyna gelip gowuşýan neşir önümleriniň ähli görnüşleri elektron kataloga ýüklenýär. Şeýle hem ýurdumyzda çap edilýän gazet-žurnallardaky ylmy makalalar hem elektron kataloga salynýar. Bu bolsa kitaphana gelýän okyjylara gerekli bolan maglumatlary peýdalanmakda uly ýardam berýär.
Bitewi elektron kitaphana ulgamynyň döredilmegi, esasan-da, ösüp gelýän ýaş nesliň ylym-bilime bolan höwesiniň artmagyna, dünýägaraýşynyň ýokary derejede ösmegine uly itergi berýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy ýurdumyzyň ähli kitaphanalary üçin ylmy-usuly merkez bolup, olaryň işini sazlaşdyryjy we utgaşdyryjy merkezi kitaphana bolup durýar. Döwlet kitaphanasy medeni aň-bilim, ylmy-habar beriş, kitaphana-bibliografiýa habarlaryny toplaýjy we ýaýradyjy esasy merkezdir. Kitaphana döwletimiziň raýatlaryna we daşary ýurtly raýatlara mugt kitaphana hyzmatyny guraýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda döwlet derejesinde geçirilýän milli baýramçylyklar mynasybetli kitaphanada kitap sergileri gurnalýar. Mundan başga-da kitaphana gelip gowuşýan täze kitaplara kitaphanaçylaryň hem-de okyjylaryň gatnaşmagynda kitap synlary geçirilýär. Bu bolsa kitaphana gelýän okyjylaryň sanynyň artmagyna uly ýardam berýär.

Mähriban hem Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň milli medeni mirasyny, ylmy maglumatlaryň üsti bilen beýan edýän kitaplaryny ýazyp, öz halkyna yzygiderli sowgat berýär. Mähriban Arkadagymyzyň kitaplary her bir okyjynyň iň köp isleg bildirip okaýan kitaplarydyr.
Döwlet kitaphanasynda uzak ýyllaryň dowamynda zähmet çekip gelýän, tejribeli işgärleriň birnäçesi işleýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasatyny wagyz etmekde göreldeli işgärlerden «Gaýrat» medalynyň eýesi Mämmedowa Bibigözeli, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Orazdurdyýewa Oguljemaly, «Garaşsyzlygyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň eýesi Orazgulyýewa Ogultagany görkezmek bolar. Kitaba uly hormat goýýan mähriban Arkadagymyz welaýatlarymyzda hem dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ähli mümkinçilikleri bolan, ösen tehniki enjamlar bilen doly üpjün edilen kitaphanalary gurduryp ulanmaga berdi. Kitaphana ulgamynyň işleriniň ýokary derejede alnyp barylmagy üçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza kitaphanaçylaryň alkyşy çäksizdir. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun.

Döwlet kitaphanasy

Ylmyň baş ojagy Döwlet kitaphanasy,
Alymlaryň syrdaşy, ylym alýan gözbaşy.
Nesilleriň geljegi, nazarýetiň sözbaşy.
Mukaddesdir, keremdir Döwlet kitaphanasy.

Köşk ýaly binasy, altyn gupba başynda,
Ir säher owaz eder, guş-gumrular daşynda.
Menzilleri geçip ol, ýüz ýigrimi bäş ýaşynda.
Jennedi ýada salýar, Döwlet kitaphanasy.

Kitaplary gatbar-gat türkmen taryhy hakda,
Halysy, bedewi, dutar-gyjagy hakda.
Watanmyzyň tarypy, geçmiş-geljegi hakda.
Hazynasy ummandyr, Döwlet kitaphanasy.

Kitaphana işgäri, medeniýetiň ýarany.
Her bir gelen okyja hyzmat etmek halany.
Arkadagym paýhas bilen özi ýazýar kitaby.
Abraýlydyr, atlydyr Döwlet kitaphanasy.

Annagül ŞIRLIÝEWA