Türkmenistanyň Prezidenti hormatly GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ Nowruz baýramy hakynda aýdanlaryndan


Türkmenistanyň Prezidenti hormatly GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ Nowruz baýramy hakynda aýdanlaryndan:



«Müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan, parahatçylyk, dostluk, ynsanperwerlik we hoşniýetli goňşuçylyk däplerini, umumadamzat ýörelgelerini dabaralandyrýan baýramlaryň biri hem gadymy Nowruz baýramydyr».

«Pederlerimiziň iň çuň pelsepelerinden, garaýyşlaryndan gözbaş alyp, asyrlaryň dowamynda ruhubelent türkmen halkynyň ruhy durmuşynda aýratyn möhüm orny eýeleýän Nowruz baýramy türkmen döwletiniň şöhratly täze senenamasynda täze mazmuna, täze ruha, täze röwşe eýe boldy».

«Nowruz türkmenleriň gadymdan gelýän milli baýramydyr. Halkyň kalbynda we hakydasynda ýaşap gelen bu baýramy ata-babalarymyz täze ýylyň başlanmagy hökmünde baýram edilipdir».

Milli bahar–Nowruz baýramy



Türkmen halkynyň esasy baýramlarynyň biri Nowruz baýramy ençeme asyrlar bäri uludan bellenilip gelýär. Öz gadymy gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan bu baýram täze günüň – döreýşiň, janlanyşyň baýramydyr. Guş-gumrylaryň, janly-jandarlaryň gyş ukusyndan oýanmagy, al-ýaşyl otlaryň gögermegi, dürli gülleriň açylmagy, baglaryň pyntyk ýaryp başlamagy, garlaryň eräp, günüň şöhlesiniň älem-jahana ýylylyk bermegi Nowruzyň alamatlarydyr. Tebigatyň şeýle täsirli janlanmagy ynsan kalbyny hem janlandyrýar, ruhuny göterýär, ýaşaýşa, durmuşa bolan söýgini döredýär.

Ýaz paslynyň gelmegi zähmet adamlaryny şatlandyrypdyr. Şonuň üçin bu güni adamlar ýazlaga çykyp uly baýram edipdirler. Çagajyklar dürli milli oýunlary oýnapdyrlar. Olar üýşüp, Ýaglyk atdy oýny bilen goňşulara aýlanyp Nowruzyň gelenini buşlapdyrlar. Ýaş gelin-gyzlar giň meýdanda ýazylyp-ýaýrap läle kakypdyrlar, monjugatdy oýnuny oýnapdyrlar.

Nowruz güni Nowruz ösümliklerinden taýýarlanýan tagamlara aýratyn üns berlipdir. Däbe görä, baýramçylyk saçagyna ýedi dürli tagam goýmak däp bolupdyr. Olar esasan däneli ösümliklerden (bugdaý, arpa, dary, tüwi, mäş, nohut, noýba) taýýarlanylypdyr: semeni, nowruz ýarmasy, unaş, köje, meşeke, süýtli aş. Bulardan başga-da etden we undan edilen tagamlary hem bişiripdirler. Saçakda dürli süýji-kökelerdir pişmelerem goýulypdyr.

Nowruz ekerançylaryň hem günüdir. Şol gün abraýly oba ýaşulularynyň biri ýa-da obanyň kethudasy ekerançylyk işleriniň möwsümine ak pata berip, ilkinji bolup dänäni topraga sepipdir.

Nowruz adamlaryň öz howlularyna, mellek ýerlerine we öý-içerilerine serenjam bermegiň ýazky aladalarynyň başlanmagyna hem gabat gelýär. Baýramçylyga birnäçe gün galanda öýde düýpli arassaçylyk işleri başlanýar. Baýram güni bolsa täze lybaslaryny geýip, birek-biregi gutlaýarlar. Dürli tagamlar bişirip, gyzykly oýunlar oýnap, özara gürrüňler edip täsirli geçirýärler.

Nowruz baýramy bahar paslynyň gelmegi, gyşyň öz ornuny ýaza bermegi bilen aýratyn şagalaňa beslenilip geçirilýär. Nowruzyň dabaraly bellenilmegi ähli ynsanlaryň kalbyny joşa getiripdir, çünki bu baýramçylyga hemmeler täze ýyl hökmünde sabyrsyz garaşypdyrlar.

Türkmeniň milli senedi bolan gazma dutaryň we gyjagyň mukamy, halypa bagşylaryň belent owazy, gargy tüýdügiň ýanyndaky ýanama aýdymlaryň joşgunly sesi Nowruz baýramynyň aýrylmaz bölegidir. Durky bilen gulaga öwrülen diňleýjiler bagşy-sazandalaryň berekellasyny ýetirip, olara halat ýapypdyrlar. Açyk meýdanda aýdym-sazyň owazy çar tarapa ýaýrap, baýramçylyk günleriniň şüweleňini has-da artdyrypdyr.

Nowruz baýramçylygynyň çuň mazmunly we täsirli dabaralaryny çagalarsyz göz öňüne getirip bolmaýar. Sebäbi çagalar geçirilýän toý däpleriniň, milli oýunlaryň iň işjeň tomaşaçylarydyr. Nowruz saçagynyň iň süýji tagamlary bolsa ilki çagalara datdyrylýar. Çagalara baýramçylyk günlerinde täze hem-de tämiz eşikler geýdirilýär. Düwmelerden düzülen dürli şaý-sepler bilen bezelmegi çagalaryň baýramçylyk ruhlaryny goşalandyrýar.

Nowruzyň döreýşiniň örän gadymylygy sebäpli, ol barada halk arasynda dürli rowaýatlar aýdylýar. Öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Nowruz – täze gün diýen manyny berip ol tebigatyň janlanyşyny (Nowruz – oýanyş) aňladýar. Nowruz gije bilen gündiziň deňleşýän mahaly bolup, şol gün Gün Hamal ýyldyzlar toplumynyň arasyndan dogýar. Şol gadymy zamanlarda biziň eýýamymyzdan has öňräkki döwürlerde türkmenleriň ata-babalary Nowruz baýramyny bellänlerinde gije başlanyndan äpet agaç okaralarda bugdaý dänesinden ösüp çykan ýaş maýsalary, elde dokalan saçaklarda bolsa täze bişirilen tamdyr çöreklerini dolap goýupdyrlar. Hemmeler günüň dogaryna garaşypdyrlar we ýagşy arzuwlar edipdirler. Onuň altyn şöhleleri dünýä nur saçyp başlanda ýaş gelinler maýsaly okaralary göterip, üýşüp oturan adamlaryň arasyna eltipdirler. Gyzlar bolsa döwre gurap oturan märekäniň arasynda aýlanyp, olara çörek we süýji tagamlardyr miweleri hödür edipdirler. Baýrama serenjam berýän Hajy Nowruz we Soltan Nowruz (Nowruzbike) gyzyl reňkli eşikler geýip, adamlaryň öňüne çykypdyr. Olar halka täze ýylyň gelenini buşlapdyrlar. Adamlar dogup gelýän Güne gollaryny gerip, ýylylygyň we ýagtylygyň çeşmesi bolan Güni taryplapdyrlar. Ine, şeýdip Täze ýylyň täze güni, zemindäki ýaşaýşyň ajaýyp güni – Nowruz başlanypdyr.

Türkmen halkynda Nowruz baýramy esasy baýram hökmünde örän irki döwürden bäri bellenilýär. Ol barada halk arasynda saklanyp galan miras we taryhyň sahypalary şaýatlyk edýär. Nowruzda adamlaryň şatlygyny şeýle düşündirse bolar: gyşdan azyklarynyň ýeterliligi bilen, mallarynyň başbitinligi bilen çykanlygy we Bahar paslynyň gelip, täze güýç bilen ekerançylyk işleriniň başlanmagy sebäpli.

Türkmen halkynyň özüne mahsus bolan däp-dessury ynançlary, milli häsiýetleri nesilden-nesle geçip, biziň şu günlerimize gelip ýetdi. Gadymy oguzlarda hem bu baýramçylygy Günüň gudratyna bagyşlap geçiripdirler. Oguzlaryň düşünjesinde Güne ýaşaýşyň esasyny döredýän keramat hökmünde garapdyrlar. Günüň ýiti şöhlesi ähli ösümlik dünýäsiniň, janly-jandaryň ýaşamagynyň çeşmesi diýip düşünipdirler. Olar bu baýramçylygy akar suwuň, ýagny uly derýanyň boýunda geçiripdirler.

Nowruzyň göniden-göni astronomiýa ylmy bilen hem baglydygyny ýatlamak gerek. Bu baradaky maglumatlary Şemseddin Merweziniň «Ýyldyzlar» kitabyndan, Omar Haýýamyň «Nowruznamasyndan» tapyp bolýar. Halk öz senenamasyny Nowruzdan başlap, Aýa, Güne, ýyldyzlara gözegçilik edip düzüpdirler. Şol senenamany magat bilýän adamlar näwagt nähili howanyň boljagyny anyklapdyrlar. Halk arasynda oňa ýyldyz senenamasy diýipdirler. Ol türkmenler üçin, ýagny ekerançylar, çopanlar, daýhanlar üçin iň ýörgünli hasaplaryň biri bolupdyr. Onda hem bir ýyl 12-ä bölünýär:

1. Nowruz
2. Ülker
4. Üçýyldyz
5. Ýaldyrak
6. Mizan
7. Akrap
8. Gyş
9. Garagyş
10. Uly çille
11. Kiçi çille
12. Nowruz


Nowruzyň gadymy baýramdygy hakda 1100-nji ýyllaryň töwereklerinde ýaşap geçen Jarullah lakamyny alan Zamahşarynyň ýazmagyna görä, Nowruz Nuh pygamberiň döwründäki tupandan öň Jemşit patyşanyň döwründe hem bolupdyr. Nowruz güni Yspyhanyň Kiş diýen ýerinde uly baýramçylyk edilip başlanypdyr. Kim ol baýramçylyga goşulsa, ondan aýrylyp bilmeýän eken.

Bahar paslynyň gelmegini mydama-da ýaşaýşyň täzeden başlanýan başlangyjy bilen baglanyşdyrylypdyr, ol täzeden döreýşiň alamaty hökmünde özi bilen diriligi we şatlygy getirýär. Şonuň üçin bahar baýramy diňe türkmenleriň ata-babalarynda däl, eýsem beýleki Gündogar halklarynda hem esasy we söýgüli baýramlaryň biri bolupdyr.

Türkmen halkynyň Milli bahar – Nowruz baýramy bilen bagly taryhy-medeni däpler, umumadamzat medeniýetiniň dürdäne gymmatlyklary, Nowruz baýramynyň täsin dessurlary, onuň bilen bagly halk oýunlary, bereketli toý saçagy irki döwürlerden häzirki döwre gelip ýetipdir. Nowruz baýramynyň öz asyl nusgasy bilen häzirki döwrümize ýetmekde ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň ähmiýetli orny bardyr. Bu günde ähli adamlar biri-biri bilen mähirli görüşip, ýagşy dilegler edipdirler, öýke-kineler unudylypdyr.

Täze ýyl – bahar baýramy taryhyň dürli döwürlerinde dürliçe atlandyrylypdyr. Alyşir Nowaýy (XV asyr), mysal üçin, onuň birnäçe adyny getirýär: Nowruz Buzurg (Uly Nowruz), Nowruz Kuçek (Kiçi Nowruz), Nowruz Huseýin, Nowruz Soltan, Nowruz Rast (Ýagty Nowruz).

Türkmenlerde hem bahar baýramynyň birnäçe atlandyrylyşy saklanyp galypdyr: türkmen Nowruzy, çarwa Nowruzy, arkaç Nowruzy, ýüpek Nowruzy, çiltek Nowruzy, togsan doldy, oguz güni, ýaz başy, ýyl başy, erkin gün.

Nowruz baýramy gadymdan biziň döwrümize çenli birnäçe ynançlary, yrymdyr ýorgutlary ýetiripdir. «Nowruzy nähili garşylasaň, tutuş ýyl şeýle geçer» diýen yryma eýerip, adamlar öýke-kineleri unudýarlar, parahatçylykly we ylalaşykly ýaşamak üçin bir ýere ýygnanyp, bile naharlanýarlar, bile şatlanýarlar, birek-birege sowgatlar berýärler, mätäçlik çekýäne kömek edýärler. Il içinde Nowruz gijesi dünýä inen perzent üýtgeşik akylly-başly bolýar diýen ynam hem bar.

Bahar baýramynda ýaş oglan-gyzlar hiňňildik uçupdyrlar, agşamlaryna ýygnanyşyp henek aýdyşypdyrlar, biri-birlerine gyzykly wakalary gürrüň beripdirler. Gyzlar monjugatdy oýnanlarynda, läle kakanlarynda, üme oturanlarynda oglanlar olara goşulmandyrlar. Aýtmaklaryna görä, gadym döwürlerde oglanlar gyzlaryň üýşen öýüniň depesine çykyp, üçekden söýgülileri üçin sowgat sallapdyrlar, jogap hökmünde gyzlar hem öz taýýarlan sowgadyny – tahýa, ýaglyjaklary ýüpüň ujuna daňyp, olara ýollapdyrlar.

Halk arasynda «Ýylyň gelşi Nowruzdan bellidir» diýilýär. Nowruzda ýagyş ýagmyr kän ýagsa, ekinler gowy hasyl getirer, bolçulyk bolar. Nowruzda ýagyş geçiniň şahyny ezse, ýyl gowy bolar.

Nowruz bilen baglanyşykly gadymdan gelýän «Ýaglyk atdy» dessury häzir hem ýörgünlidir. Günorta Türkmenistanyň käbir etraplarynda Nowruzyň üç günläp baýram edilýän döwründe oglan-gyzlar bileleşip, Nowruzyň gelendigini buşlap, goňşy-golamlaryň öýlerine aýlanýarlar. Baran ýerlerinde ýany bilen eltýän ýaglygynyň bir ujuny elinde saklap, beýleki ujuny öýüň gapysyndan uzadypdyrlar. Öý eýeleri bu gadymy dessur üçin öňünden pişme, kişmiş, ýumurtga, köke-süýji ýaly nygmatlar taýýarlap goýýarlar. Çagalar gapynyň agzyna gelende bolsa olara goşgudyr sanawaçlar, bahar aýdymlaryny aýtdyrýarlar. Ol çagajyklara «şadiwanaçylar» diýipdirler. Olaryň ýaglyklaryna sowgat-süýji düwüp ugradýarlar. Ol düwünçege bolsa «nowruzlyk» diýilipdir. Şu ýerden görnüşi ýaly, türkmen halkynda Nowruz baýramynyň öran täsin we iň irki döwre mahsus däpleri diýseň köp. Munuň özi türkmen halkynyň Nowruz baýramyny gadymy döwürlerden bäri örän gyzykly we täsirli belläp gelendigini subut edýär. Gyzlaryň hiňňildiklerde-sallançaklarda uçmak dessurlary bolsa birnäçe günläp dowam edýär.

Türkmenleriň nesilde-nesle geçiren ebedi däpleriniň ýene biri baýramçylyk dabarasynda «Şaman odunyň» üstünden bökmeklik bolupdyr. Gadymy oguzlar – çarwalar ýazlaga çykanlarynda sürini iki oduň – «Şaman odunyň» arasynda geçiripdirler. «Şaman ody» oguzlaryň dini ynançlarynyň biri hasaplanylyp, onuň üstünden bökenlerinde günäden-dertden saplanmak yrym-ynanjy bolupdyr. Ýigitler däp bolan her ýylky şaman oduny ýakýarlar. Keramatly oduň daşyndan aýlanyp tans edýärler.

Şaman ot, boldum şat,
Parlap üstüňden bökdüm.
Zarlap günämi dökdüm.
Haýyr kyl sen işimi,
Ýetir rysgal-aşymy.
Uzak eýle ýaşymy –
diýip, üstünden böküp, günälerini dökýärler, arzuw-dileg edýärler. Aslynda, Nowruzda ot ýakyp, üstünden bökmek otparazlardan galan adatdyr. «Ot astynda bela galmaz» pähim bilen häzirki günlerimizde-de öýde ýüzärlik tütetmek gadymy oguzlardan galan yrym hökmünde saklanylýar.

Milli bahar–Nowruz baýramyny dabaraly toýa meňzedýän onuň bilen bagly däp-dessurlar, milli naharlar, halk oýunlary we beýleki çeper tomaşalardyr. Halk oýunlary-tomaşalar Nowruz däpleri bilen berk sepleşendir we olary biri-birinden aýry göz öňüne getirmek kyndyr. Aslynda, toý-baýramlar bilen baglanyşykly tomaşalaryň berjaý edilmeginiň esasy maksady adamlaryň durmuşynda gabat gelýän gündelik aladalary wagtlaýyn ýatlaryndan çykaryp, dynç almaklaryna ýardam etmekdir we täze güýç bilen geljek ýylyň işlerine girişmekdir. Şoňa görä-de, adamlar Nowruz baýramyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar, öňünden taýýarlanýarlar. Ýörite taýýarlanylýan toý naharlary, täze toý geýimleri, garaşylýan tomaşalar, sport oýunlary, ýaryşlary, bäsleşikler adamlaryň keýpini çaglap, ruhuny ýokary göterýär. Nowruz baýramynyň şagalaňly-şowhunly, uly baýraklar goýulýan halk oýunlarynyň käbirleri örän irki döwürlerde döräpdir. Olaryň köpüsi öz döreýiş taryhyny biziň ata-babalarymyz – gadymy oguz-türkmen kowumlarynyň, türki kowumlaryň döreden kämil medeni däplerinden alyp gaýdypdyr.

Nowruz baýramynda oýnalýar türkmen milli oýunlary: Ýüzük tapdy (keçe-keçe, çeke-çeke) oýny, Deňňene, Geşdek (keşdek, heşdek), Ýaglyga towusmak, At çapyşygy, Altyn gabak oýny, Çowgan, Göreş, Aşyk oýny, Aýterek – günterek, Öweleme-düweleme, Guşak goýdy, Çilik-hekgal, Çiş oýny, Ak süňk, Çap atym, Monjugatdy.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Nowruz tämizligiň, sahawatyň, agzybirligiň, ynsanperwerligiň, bagtyýarlygyň baýramy hökmünde her ýylyň 21-22 nji martynda – gije-gündiziň astronomik taýdan ýazky deňleşýän gününde giňden bellenilip geçilýär.

Türkmenistanda Nowruz baýramynyň döreýiş kökleri öz gözbaşyny örän irki döwürlerden alyp gaýdypdyr. Munuň özi her ýylyň mart aýynyň 21-ne gije-gündiziň deňleşýän günüdigini atalarymyzyň iň gadymy döwürlerde anyklap bilendigi bilen baglydyr. Orta asyrlarda bu astronomik hadysa Gündogaryň belli akyldarlary Abu Reýhan Biruni, Ferdöwsi, Omar Haýýam we beýlekiler tarapyndan tassyklanypdyr.

Türkmenistanyň käbir etraplarynda öňler ýaşulular ähli obadaşlarynyňka ýekän-ýekän myhmançylyga baryp, olaryň hojalyklary bilen ýakyndan tanyşypdyrlar. Ýaş maşgalalara zerur maslahatlary, kömekleri beripdirler. Nowruz günlerinde oba ýaşulularyny myhman almak öý eýesi üçin uly hormat hasaplanypdyr. Şol sebäpli olar Nowruz baýramçylygyny garşy almaga örän jogapkärli çemeleşipdirler. Nowruz günlerinde öňden bäri meşhurlyk bilen ýöredilip gelinýän şeýle ynsanperwerlik däpleri halkyň agzybirliginiň barha berkleşmegine täsir edip gelýär.

Nowruz baýramynyň şüweleňli geçmeginde çagalaryň aýratyn orny bardyr. Çagalar baýramçylyk günleri halk oýunlaryny ýerine ýetirmekde bäsleşip baýraklara mynasyp bolýarlar, däpleriň berjaý edilişine, milli tagamlary taýýarlanyşyna diýseň höwesli gatnaşýarlar. Mahlasy, çagalaryň şatlygy–gülküsi Nowruz baýramynyň aýrylmaz bezegine öwrülýär.

Nowruz baýramynda ýurdumyza dünýäniň çar künjünden gelýän myhmanlara myhmansöýüjilik däplerine ygrarly halkymyzyň iň naýbaşy gymmatlyklary bilen has içgin tanyşmaga giň mümkinçilik döredýär.

Nowruz baýramy ruhy-çeper gymmatlyklaryň umman ýaly hazyna-genji özünde jemleýär. Nowruza bagyşlanyp döredilen aýdymdyr saz eserleri toý-baýramlaryň şatlygyny has-da belende göterýär. Magtymguly Pyragynyň, Andalybyň, Mollanepesiň, Seýdiniň, Mätajiniň hem-de beýleki nusgawy şahyrlarymyzyň şygyrlary bagşy, sazandalaryň döredijilik hazynasynyň belent heňdäki aýdymlary bolup ýaňlanýar.

Halkymyz tarapyndan şirin dilli dutaryň şabram kakuwlaryna bäsleşip aýak urýan behişdi türkmen bedewleriniň at çapyşyklary Nowruz baýramynyň iň şatlykly pursatlarynyň biridir. Soňky ýyllarda baýramçylyk dabaralarynda has-da meşhurlyga eýe bolan türkmen ýigitleriniň at üstündäki ýerine ýetirýän milli oýunlary hem tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrýar.

Dürli naz-nygmatlara, tagamly naharlara, süýji ir-iýmişlere beslenen toý saçagy Nowruz baýramçylygynyň esasy gözelligidir. Türkmen tamdyrynyň mele-myssyk nany, çopan işleklisi, ýagly petirdir toý çelpegi bereketli Nowruz saçagynyň ýaraşygydyr. Gazanlarda lasyrdap gaýnap duran etli ýarmadyr nowruz köjesi, tagamly türkmen palawy baýramçylygyň täsirliligini has-da artdyrýar. Çaýyň ýanynda saçaga getirilýän pişmäniň, çak-çaky, kak, kişmiş ýaly şirin nygmatlaryň tagamy bu baýramçylykda aýratyn lezzetlidir.

Diýarymyzyň ähli künjeklerinde giňden ýaýran semeni tagamy Nowruz baýramynyň nyşany tagamlarynyň biri hasaplanylýar. Onuň Eýranda «samany», Gyrgyzystanda «sumolok», Özbegistanda we Täjigistanda «sumalak» diýlip atlandyrylmagy hem-de taýýarlanyş usullarynyň meňzeşligi türkmen halkynyň goňşy halklar bilen gadymdan bäri dostana gatnaşyk saklap gelýändiginiň subutnamasydyr.

Nowruz yrymlary

Semeni taýýarlanylýan wagty gögeren bugdaýyň gökje maýsasynyň ýüzüni gyrkyp alyp, ony saçbaga dakar ekenler. Sebäbi ol bagt getirýärmiş.

* * *

Nowruzda taýýarlanylan semenini datmak sogap hasaplanylýar. Ol adamlara rysgal getirýär. Semenini rysgal-döwletli, abraýly ýaşuly aýallara bişirdýärler. Agşam bişirip, gazanyň agzyny ýapyp goýýarlar. Irden gazany açanlarynda Äşe-Patmanyň barmaklarynyň yzyny görjek bolup çalyşýarlar. Çünki halk arasynda «Semeniniň ýüzünde şolaryň barmaklarynyň yzy bolarmyş» diýlen ynanç bar.

* * *

Musulman halklarynyň käbirinde semeni diňe Nowruzda bişirilýär.

* * *

Nowruzda semeni bişiren adam ony ýedi öýe dadyrmalymyş. Şonda rysgalyň ýetmiş esse bolup gaýdyp gelermiş.

* * *

Nowruz gijesi asman bulutly ýa-da dumanly bolsa, ýyl ygally gelermiş.

* * *

Nowruz güni irden ýere gyraw düşse, toprak hasylly bolarmyş.

* * *

Nowruzda baglaryň çygly çybyklaryndan damjalar görnüp dursa, agaçlar hasylly bolar.

* * *

Nowruzda suwuň ýüzi gyrpaklap dursa, tomus salkyn bolar.

* * *

Nowruzda Aý demirgazykdan dogsa, ýaz sowuk, tomus salkyn bolar, günortadan dogsa, ýaz gurak, tomus jöwzaly bolar.

* * *

Nowruzda gar, ýagyş ýagsa, ýyl örän ygally bolar.

* * *

Nowruzda örän yssy bolsa, ýylyň gurak geläýmegi ahmal.

* * *

Nowruzda gargalar gagyldaşyp ýörse, yzyndaky aýyň salkyn boljakdygynyň alamaty.

* * *

Nowruzda täze zat geýseň, şol geýim bagt getirermiş.

* * *

Nowruzda howa dymyk bolsa, ýaz gurak, tomus örän yssy bolar.

* * *

Nowruzda şemal demirgazykdan öwüsse, ýaz ýagyşly, tomus yssy bolar.

* * *

Nowruzda şemal günortadan öwüsse, tomus yssy, epgek bolar.

* * *

Nowruzda howa bulutly bolsa, iýun aýyna çenli bulutly bolar.

* * *

Nowruzda howa sowuk bolsa, däneli ekinler hasylly bolar.

* * *

Nowruzda ak ýürekden edilen arzuw hasyl bolarmyş.

* * *

Nowruzda doglan çaga bagtly bolarmyş.

Nowruz nakyllary

* * *

Nowruzda Aý agyllasa – agyş (gar), gulaklasa – ýagyş

* * *

Nowruz gelse buz durmaz, halady geçse – gyz

* * *


Nowruzdan soň gyş bolmaz, mizandan soň ýaz

* * *

Mizanda sür, nowruzda ek

* * *

Nowruzdaky hereket – mizandaky bereket

* * *

Gyşyň gazaby, nowruzyň ýalkawy

* * *

Nowruzda döken deriň, gyşda zer bolar

Myrat Ataýew