Dostlugyň, hyzmatdaşlygyň dabaralanmasy


Dostlugyň, hyzmatdaşlygyň dabaralanmasy



Milli senetçilik däplerimiz öz gözbaşyny iňňän gadymyýetden alyp gaýtmak bilen, asyrlaryň dowamynda dana pederlerimiz, ene-mamalarymyz tarapyndan kämilleşdirilipdir. Halyçylyk, agaç we demir ussaçylygy ýaly senetlerimiz bu günki gün dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynda mynasyp orun eýeleýär. Şu aýyň 12 — 14-i aralygynda Türkmenabat şäherinde geçirilen «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwal hem türkmen senetçilik däplerini dünýä ýaýmakda, medeniýetleriň özara baýlaşmagynda uly ähmiýete eýe boldy.

Turuwbaşdan bir zady aýratyn bellemek gerek. Festiwalyň geçirilýän ýeri hökmünde Lebap topragynyň saýlanylyp alynmagy ýönelige däl. Çünki Jeýhun boýlaryndaky oba-şäherler geçmişde Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşmek bilen, ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösmeginde, medeniýetleriň baýlaşmagynda wajyp orny eýeläpdir. Hususan-da, häzirki gadymy Amul şäheri geçmişde senetçiligiň ösen merkezi hasaplanylypdyr. Bu ýerdäki agaç we demir ussalarynyň ýasan önümleri dünýä bazarlarynda geçginli harytlar bolupdyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda bular dogrusynda giňişleýin beýan edilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy esasynda guralan döredijilik forumyna gatnaşyjylar mukaddes türkmen topragynda geçirilen medeniýet, sungat baýramçylygyndan özlerinde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdylar. Ýurdumyzyň gündogar sebiti üç günläp ähli welaýatlarymyzyň we paýtagtymyzyň, dünýäniň birnäçe döwletiniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda senetçiligiň, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň baýramçylygynyň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Halkara festiwal bütin dünýäde meşhurlyk gazanan türkmen amaly-haşam sungatynyň janköýerlerini bir supranyň başyna jemledi.

Islendik halk millilige ýugrulan öz sazy, sungaty, senedi bilen beýik. Bu babatda türkmen medeniýeti we sungaty kämil derejelere ýetdi. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň, şeýle-de dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu abraýly sanawa türkmen keşdeçilik, keçe sungatyny we türkmen demirçilik senedini girizmek göz öňünde tutulýar.

Hakykatdan-da, medeniýet, sungat ynsanlary bir-birine ysnyşdyrýar, dostlaşdyrýar. Medeniýetleriň özara baýlaşmagy, senetçilik, amaly-haşam sungaty bilen meşgullanýan hünärmenleriň tejribe alyşmaklary üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň döwlet ähmiýetli, umumadamzat bähbitli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!



Ogulmaral PATYKOWA.