Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
— Türkmenler gaýtalanmajak medeni, ruhy we edebi gymmatlyklary döreden, adamzadyň medeni we ylmy genji-hazynasyna taýsyz goşant goşan dünýäniň iň gadymy halklarynyň biridir.
Hemişelik Bitaraplyk we medeniýet: sazlaşykly ösüşiň hukuk esaslary
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşygynda eden taryhy çykyşynda olara şeýle sargyt etdi: «Siz sagdyn ýaşaýşy döretmek we goldamak, kadaly iýmitlenmek, sport bilen meşgullanmak, milli medeniýetimize, dilimize we edebiýatymyza, taryhymyza söýgi ruhunda terbiýelemek bilen bagly düşündiriş hem-de aň-bilim işleriniň derejesini ýokarlandyrmaly. Şular bolmazdan, ýaş nesillerimiz sagdyn ösüp we öňüni alyş çäreleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak işine has işjeň gatnaşyp bilmez». Bu pähimiň başlangyç esaslary milli Liderimiz 2019- njy ýylyň 14-nji fewralynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň we medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşygynda eden taryhy çykyşynda goýlupdy.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019—2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» medeni gymmatlyklaryň ilat üçin elýeterliligini mundan beýläk-de giňeltmek, türkmen jemgyýetinde bolup geçýän oňyn özgertmeleri beýan etmek, gazanylan üstünlikleri wagyz etmek, halkyň medeni däplerini, adatlaryny, dessurlaryny saklamak we ösdürmek ýaly wezipeleriň medeniýet ulgamy üçin ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenmegi bu ugra döwlet derejesinde ähmiýet berilýändiginiň aýdyň mysalydyr.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016- njy ýylyň 15-nji iýulyndaky Karary bilen «Türkmenistanda milli medeni mirasy ylmy taýdan öwrenmegiň we wagyz etmegiň 2016—2021-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» tassyklanyp, medeni mirasa döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Bu maksatnamada kesgitlenen wezipelerde: ýurdumyzyň umumadamzat gymmatlyklarynyň taryh, arheologiýa we etnografiýa, dil-edebiýat, medeni miras ugurlarynyň ösüşini, ylmy-barlag institutlarynda hem-de ýokary okuw mekdeplerinde alnyp barylýan ylmy gözlegler bilen utgaşdyrylmagyna, ýokary aň-düşünjeli ylmy hünärmenleriň taýýarlanylmagyna gönükdirilen işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynda medeniýet ulgamy bilen baglanyşykly ýörelgeleýin kadalar döwrebap derejede beýan edilendir. Döwlet taryhy, medeni we tebigy mirasyň, daşky gurşawyň abat saklanylmagy üçin jogapkär bolmak bilen birlikde, medeniýet, bilim, sport we syýahatçylyk babatda halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşine ýardam berýär. Munuň özi medeniýet ulgamynyň kanunçylygynda we tejribesinde, halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşinde aýratyn üns berilmegine ýörelgeleýin esas bolýar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň many- mazmuny, onuň tutuş ynsanyýet üçin ähmiýeti dogrusynda gürrüň edilende, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda 2020- nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Aşgabatdaky «Oguzkent» myhmanhanasynda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatyň, onda hormatly Prezidentimiziň taryhy çykyşynyň uly ähmiýete eýedigini aýtmak gerek.
Milli Liderimiz maslahata gatnaşyjylary 2020-nji — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly bilen gutlap, bu ýylda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň 25 ýyllygynyň giňden belleniljekdigini, munuň bolsa, hakykatdan-da, wajyp senedigini, Türkmenistan döwletiniň Garaşsyzlygynyň taryhynda ähmiýetli wakadygyny, onuň daşary syýasatyndaky tapgyrlaýyn sepgitdigini nygtady.
BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini ýerine ýetirmek bilen baglylykda, ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň halkara syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ÝUNESKO-nyň düzümleri, onuň bilermenleri bilen bilelikdäki köpýyllyk işiniň guwandyryjy netijeleri gazanyldy. Häzirki wagtda «Gadymy Merw», «Köneürgenç», «Nusaýyň Parfiýa galalary», türkmen halkynyň «Görogly» dessançylyk sungaty, türkmen halyçylyk sungaty ýaly medeni gymmatlyklar we ýadygärlikler ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Medeni Mirasynyň Sanawyna girizildi.
2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda 24 döwletiň goldamagynda Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmenistanyň, Türkiýänyň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Täjigistanyň teklip etmegi netijesinde 2010-njy ýylyň fewral aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde her ýylyň 21-nji martyny «Halkara Nowruz güni» diýip yglan etmek barada ýörite Rezolýusiýa kabul edildi. Şeýlelikde, «Halkara Nowruz güni» — Täze ýyl baýramy milli däp-dessurlara esaslanýan gadymy baýramçylykdyr. 2016 - njy ýylyň dekabrynda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) Nowruz baýramynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşulandygy baradaky şahadatnamany Türkmenistana ugratdy. 2017-nji ýylyň dekabrynda türkmen halkynyň toý-tomaşalarynyň bezegi bolan aýdym aýtmagyň we tans etmegiň «Küştdepdi» milli tans sungatynyň hem ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu sungatyň halkara derejesindäki ykrar edilmegi boldy.
Ýurdumyzda medeni-ynsanperwer ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça birnäçe resminamalaryň we ylalaşyklaryň kabul edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň medeni gymmatlyklarymyza uly ähmiýet berýändiginiň miwesidir. 2018-nji ýylyň iýunynda «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky medeni mirasyň goralmagyny höweslendirmek hakyndaky» Bilelikdäki Beýannamany Türkmenistan bilen 23 döwlet kabul etdi.
2020-nji ýylyň mart aýynda ÝUNESKO-nyň baş direktory Odri Azule hormatly Prezidentimize türkmen milli halyçylyk sungatynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi hakynda şahadatnamasynyň asyl nusgasy bilen bilelikde resmi hatyny ugratdy. Ozal habar berlişi ýaly, bu çözgüt ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasyny gorap saklamak baradaky Hökümetara komitetiniň 14-nji mejlisinde kabul edildi. Ol 2019-njy ýylyň 9 — 14-nji dekabrynda Kolumbiýanyň paýtagty Bogota şäherinde geçirildi. Şonda bu waka Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk gününe özboluşly sowgat boldy. «Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi türkmen zenanlarynyň çeper elleriniň, uz barmaklarynyň gudraty bilen döredilen nepis halylarymyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan ajaýyp sungat ýadygärligi hökmünde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr» diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.
Türkmenistanda taryhy-medeni mirasy kanun esasynda gorap saklamak, bu möhüm işiň kanunçylyk-hukuk binýadyny berkitmek boýunça-da möhüm işler amala aşyrylýar. Şu maksatlar esasynda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen 2010-njy ýylyň 12-nji martynda «Medeniýet hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Milli taryhy-medeni mirasymyzy goramak babatda hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen 2012-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. 2012-nji ýylyň 21-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.
2015 -nji ýylyň 28-nji fewralynda hem «Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Şu ýerde, 2015-nji ýylyň iýulynda «Türkmenistanda milli maddy däl medeni mirasy toplamagyň, hasaba almagyň, öwrenmegiň we gorap saklamagyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynyň» hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanandygyny hem bellemek gerek.
2016-njy ýylyň 26-njy martynda milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň ýüze çykarylmagy, aýawly saklanylmagy, peýdalanylmagy, ýaýradylmagy, döwlet tarapyndan goralmagy, äkidilmegi we getirilmegi babatdaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän «Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan 2016-njy ýylyň 23-nji noýabrynda kabul edilen «Türkmenistanyň halk çeper döredijiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzda halk çeper döredijiliginiň dikeldilmeginiň, aýalyp saklanylmagynyň, ösdürilmeginiň we goldanylmagynyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.
Türkmen halkynyň medeni mirasynyň hak howandary mähriban Arkadagymyzyň jany sag, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Aşyrgeldi JUMAÝEW