Magtymgulynyň döredijiliginde dessanlar
Milli medeniýetimiziň howandary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galan beýik akyldar şahyrdyr. Magtymgulynyň şygryýet älemi — türkmen edebiýatynyň buldurap akýan, çuňňur mana we çeper söze teşne kalplary gandyrýan çeşmesi. Bu çeşme gözbaşyny Oguz han Türkmenden, Gorkut ata Türkmenden, Görogly beg Türkmenden alyp gaýdyp, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelge edinen ynsanperwerliginden, ahlak we edep ýörelgelerinden, yşkdan we gözellikden ylham alýar» diýip, akyldara bolan buýsanjyny beýan edýär.
Gündogaryň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragy dünýä edebiýatynyň beýik söz ussadydyr. Akyldaryň döredijiligine göz aýlanymyzda, onuň türkmen dessanlaryny gowy bilendigi, olardan döredijiliginde giňden peýdalanandygy mälim bolýar. Goşgularynda «Leýli-Mejnun», «Şasenem-Garyp», «Zöhre-Tahyr», «Ýusup-Züleýha», «Şirin-Perhat», «Warka-Gülşa», «Wamyk-Uzra», «Seýpelmelek-Methaljemal» ýaly dessanlaryň atlarynyň tutulmagy olaryň halk arasynda giň ýaýrandygyny, söýlüp okalýandygyny görkezýär. Şahyr ol dessanlaryň gahrymanlarynyň hereketlerini öz diýmek isleýän çuňňur pelsepewi pikirini açmakda deňeşdirme, meňzetme hökmünde ulanypdyr. Magtymguly dessanlara ýüzlenende, olaryň gahrymanlarynyň hereketleriniň üsti bilen umumadamzat durmuşynyň içki hadysalaryny örän täsinlik bilen açýar:
Leýli üçin ne jebir etdiň Mejnuna,
Zalym, ynsap eýle bu nahak huna,
Günde kyrk at bezäp berdiň Karuna,
Isa mydar berdiň ýeke har bile.
Akyldar şahyr türkmen gelin-gyzlarynyň görk-görmegini, görüm-göreldesini çeper suratlandyrmak üçin, halk dessanlarynyň gahrymanlarynyň keşplerine deňeşdirme hökmünde ýüzlenipdir. Şahyryň aýdym edilip aýdylyp gelinýän «Gözel sen» diýen goşgusynda türkmen gyzyna:
Yşk bilen açylgan bir täze gül sen,
Ýusup-Züleýhanyň taýy gözel sen
diýmegi hem bu pikiri subut edýär.
Magtymguly käbir goşgularynda dessanlaryň her haýsyna mahsus bolan mazmuny çeper sözler arkaly gysga beýan edýär:
Perhat Şirin bilen döwran sürmedi,
Seýpelmelek gaýra göwün bermedi,
Aşyk Tahyr Zöhre diýip durmady,
Mahyma bagş etmeý güli, dünýä heý.
Magtymguly dessanlara salgylanmak bilen, ynsan söýgüsiniň gadyryny bilmek ýaly pikirleri orta atýar:
Kämil bolmaz ol şerbetden datmagan,
Pähim eýlemez söz magnyga ýetmegen,
Däli Mejnun yşk eseri etmegen,
Perizat Leýliniň gadryn hiç bilmez.
Akyldar şahyryň halk dessanlaryna köp ýüzlenmegi onuň dünýägaraýşynyň giňemegine we döredijiliginiň köptaraply bolmagyna sebäp bolupdyr.
Dursunjemal Babalyýewa