Saçbagyň ujunyň simdir işmesi...


Saçbagyň ujunyň simdir işmesi...



Millilik — ruhuň aýnasy. Türkmeniň milli ruhy — asyllylygyň, adamkärçiligiň, halallygyň, mylaýymlygyň, myhmansöýerligiň, şeýle hem gahrymançylygyň, ynsanyň belent ahlakly häsiýetleri bilen şöhlelenýär. Medeni mirasymyz bolsa, milliligimiziň gorydyr. Şonuň ýaly-da, gyz-gelinlerimiziň millilige eýlenen keşbi gadymy ene-mamalarymyzyň hem, häzirki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň hem göz guwanjyna öwrüldi.

Zenanlarymyzyň topugyndan başlap, tä saçlarynyň ujuna çenli dakynýan, geýinýän milli lybaslarynyň hem özboluşly, hersiniň öz aýratyn taýýarlanyş usullary bolýar. Şeýle gözel, göze gelüwli bolşy ýaly, olar irginsiz zähmeti, yhlasy talap edýär.

Iki örüm saçly gyzlarymyzyň saçynyň örümine goşulýan saçbagy ýüpi hem medeni mirasymyzyň bir görnüşidir. Ony gyz-gelinlerimiz taryhy geçmişimizde dakynan bolsa, häzirki döwrümizde-de saç örümlerine bezeg berýär.

Islendik lybasyň özboluşly taýýarlanyş usulynyň bolşy ýaly, saçbagynyň hem aýratyn örüliş usullary bardyr. Ony örmek üçin gyz-gelinlerimiziň şamar saçlarynyň uzynlygyna görä ölçegde ýüplerini almaly. Adatça, saçbagy beýleki örülýän ýüpleriň görnüşinden tapawutlylykda, sekiz örümli bolýar. Onuň dört sanysynyň düýe ýüňünden işilmegi, dünýe malyna deňelen düýäniň ýüňüniň ynsan saglygyna peýdalydygy, örümleriň has göze ýakymly görünmegi üçindir. Beýleki dört reňk bolsa, ak, sary, gara hem-de gyzyl reňklerdir. Haly çitimlerinde ýörgünli bolan bu reňkler sazlaşanda, saçbagy şeýle owadan görünýär.

Ilki bilen, ölçegi hem, göwrümi hem bir deň ýogynlykda işilen sekiz reňkli ýüpleri almaly. Soňra olaryň başyny berk daňyp, taýajyk bolsun, (eger taýajyk bolsa, onda ony aýagyň başam barmagynyň arasynda goýup, ujuna ýaňky saçbagy örüljek ýüpleriň çogdamynyň başyny daňaýmaly) ýa şoňa meňzeş ygtybarly, ýagny örýärkäň päsgel bermejek zada berkitmeli. Soňra bolsa, dört düýe ýüňüniň ýüpüni sag eliňde, beýleki dört reňki çep eliňde saklamaly. Şondan soňra bolsa, usullyk bilen örüp başlamaly. Ýagny düýe ýüňüň iň ýokarkysyny çep eldäki ýüpleriň ikisiniň arasyndan geçirip, ýene sag eliňe almaly. Ýaňky geçirilen düýe ýüň sag eldäki ýüpleriň iň soňunda durýandyr. Soň çep eldäki dört reňkiň iň ýokarkysyny sag eldäki düýe ýüňleriň ikisiniň arasyndan geçirip, ýene çep ele almaly. Edil ýaňky bolşy ýaly, bu ýüp hem çep eldäki ýüpleriň iň aşagynda durmaly. Şu ýerde ýene bir bellemeli zat, her bir ýüp örüme salnanda, ýüplerden üstaşyr däl-de, arkasyndan aýlap almaly. Ýogsa örümiň başga görnüşe geçmegi mümkin. Ýüpleri şeýle yzygiderlilikde örübermeli. Bir gezek düýe ýüň taýyny iki reňkiň arkasyndan geçirip, soň bir reňkli ýüpi iki düýe ýüňüň arkasyndan geçirip, gezekleşdirip, örübermeli. Saçbagy örülýärkä ýüpleri üstaşyry däl-de, diňe arka tarapyndan aýlap, ýene yzyna geçirmelidigine ünslüräk boluň!

Gadymy ene-mamalarymyz saçbagy örümlerini örüp bolansoňlar, onuň başlangyjy bilen ahyryna gotaz edipdirler. Ol saçbaga goşulan reňkli sapaklardan, ýa bolmasa diňe düýe ýüňüniň özünden hem bolup bilýär. Gotazyň has göze gelüwli görünmegi üçin uçlaryna hünji, reňkli monjuklar we düwmeler dakylypdyr. Saç örümlerine goşulyp, owsun atanda gotazyň düwmeleri birenaýy şyňňyrdap, owaz edipdir.

Gyz-gelinlerimiziň görküne görk goşýan lybaslarynyň içinde syrdam saçlaryna dakýan saçbagylary türkmen edebiýatynyň altyn hazynasynyň baýamagynda hem ylham beriji güýçleriň biri diýsek, hakykatdan daş düşdügimiz bolmasa gerek. Çünki ähli döwürdäki ýazyjy-şahyrlarymyzyň edebi eserlerinde, şygyrlarynda saçbagylar hem mynasyp orun alýar. Türkmen şygryýetimiziň öňbaşçysy Magtymguly atamyzyň şygyrlaryny okanyňda-da munuň şeýledigine doly göz ýetirmek bolýar:

— Saçbagyň ujunyň simdir işmesi,
Üstünden ýol düşse, kyndyr aşmasy,
Agzyň aby-haýýat, Zemzem çeşmesi,
Aýnalbaky suwnuň laýy gözel sen!


Şeýle-de taryhy geçmişimiziň edebiýat dünýäsinde uly yz galdyran şahyrymyz Garajaoglanyň döredijiliginde hem gyz-gelinleriň şaý-sepleriniň, lybaslarynyň waspy belentden ýetirilýär:

— Garajaoglan öwer, ýene-de öwer,
Altyn saçbaglary topugna deger.
Aý bilen bäs eýlär, Gün bilen dogar,
Jenneti aglanyň nury bir gelin.

Ýa-da:
— Gyzlar gözel, emma nagyş iş bile,
Boýnun tanydarlar tel, kumaş bile.
Püskülli, monjukly ýüje baş bile,
Al-ýaşyl gerdene giresi gyzlar...

...Bir çiçek açyldy Bilal özünde,
Lälemidir, sünbülmidir, gülmüdir.
Elif, elif eder ýaryň ýüzünde,
Zülüfmidir, perçemmidir, telmidir?!

Milliligimizi Tug edinip, kemala gelýän ýaş nesillerimiziň millilik ruhunda terbiýelenmegi ugrunda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! Diňe bir öz halky üçin däl, eýsem, umumadamzat ähmiýetli beýik syýasaty durmuşa geçirýän milli Liderimiziň alyp barýan döwletli işleri üstünliklere beslensin!

Aýgül AŞYRMÄDOWA