Garagum Sährasynyň Gözellikleri


Garagum Sährasynyň Gözellikleri
Ýaýlanyň ýalkymy



Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda syýahatçylygy ösdürmäge uly üns berilýär. Häzirki döwürde Garaguma seýrana gelýän syýahatçylaryň sany hasda artýar. Gökdepe etrabynyň Derweze obasy Aşgabat şäherinden 270 kilometr çemesi uzaklykda ýerleşýär. Derweze obasyndan onçakly uzak bolmadyk ýerde «Garagum ýalkymy» atly täsin alaw ençeme ýyl bäri türkmen sährasyna şugla saçyp dur.

Hytaý Halk Respublikasynyň internet torundaky iri habar beriş brendi «Sohu.сom» tarapyndan düzülen sanawda «Garagum ýalkymy» alawynyň täsinlikleriň sanawyna goşulmagy bizi örän buýsandyrdy. Bu sanawa Ýer şarynda başga hiç ýerde gabat gelmeýän tebigy täsinlikler goşulýar. Soňky 5 ýylyň dowamynda bu täsinligi synlamaga dünýä ýurtlaryndan 50 müňden gowrak syýahatçynyň gelendigi nygtalýar. Peruwyň täsin daglary, Filippinleriň baýyrlyklary, Boliwiýanyň şorluk ýeri, Awstraliýanyň gülgün reňkli derýasy bilen birlikde, ýurdumyzyň «Garagum ýalkymy» alawynyň bu sanawa goşulmagy buýsançly wakadyr. Gün ýaşyp, garaňky gatlyşyberende, bu ýerde täsin gözellik emele gelýär, alawyň al öwüsýän öwüşgini Garaguma ýalkym saçyp başlaýar we syýahatçylary haýran galdyrýar.

Derweze obasyndan günbatarlygyna tarap gitseň, Ataguýy, Yslam, Gyzyljaburun, Baleýşem obalaryna baryp bolýar. Aşgabat—Daşoguz asfalt ýolundan köle çenli aralyk 150 kilometre barabardyr. Bu ýol täsinliklerden, gözelliklerden doly. Ürgün-ürgün gum depelerini görjekmi, Üňüz gyrlaryny synlajakmy, takyrlykdan geçjekmi, parhy ýok, bu ýolda sähra mahsus aýratynlyklaryň hemmesi bar. Gum içindäki çarwa obalarynyň ýerleşişi-de, çopan goşlarydyr ýazlag ýerleriň gözelligi-de hiç kimi biparh goýmaýar. Aýdaly, Ataguýy obasynyň gündogarsyndaky Öýlegyzyl çulbasy, günbatarsyndaky belent gum depeleri, süýji suwly guýulary, Yslam obasynyň belentli–pesli gum depeleri bilen gurşalmasy, Gyzyljaburun obasyna bezeg berip duran gyryň gözelligi... köle barýan syýahatçylary, jahankeşdeleri haýran galdyrýan tebigy gözelliklerdir.

2018-nji ýylyň sentýabr aýynda «Amul—Hazar 2018» halkara awtorallisine gatnaşyjylar Derwezeden günbatarlygyna gidýän ýoly yzlap, Baleýşemiň degresinden geçip, bu kölüň golaýynda düşlediler. Olar Garagumy menzil-menzil söküp, türkmen sährasynyň täsinliklerine ýolboýy haýran galdylar.

Garagumuň gyrlary


Tüwergyr, Duzgyr, Gaplaňgyr, Kuýzeligyr, Nalajyň gyry, Maňgyr, Aýböwür gyrlary ýaly ýer-ýurt atlary köplere mälimdir. Eýsem, gadymy Üňüz gyrlary barada biz nämeleri bilýäris? Şu sowala takyk we kesgitli jogap bermek üçin, ilki bilen, bu gyrlaryň geografik ýerleşişini göz öňüne getirmek maksadalaýyk bolar. Bilşimiz ýaly, Garagum sährasy Merkezi Garagum, Üňüzaňyrsy Garagum, Günorta–Gündogar Garagum ýaly geografik ýerlere bölünýär. Gökdepe etrabynyň Derweze, Ataguýy, Ak bugdaý etrabynyň Büküri, Diňli obalarynyň käbirinden 2–3, käbirinden 4–5 kilometr demirgazykda Üňüz gyrlary howalanyp dur. Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Damla obasynyň degre-daşy Üňüz gyrlary bilen gurşalan. Bu obanyň haýsy tarapyndan gelseň-de, belent gyrdan aşaklygyna inýärsiň.

Üňüz gyrlarynyň belentligi käýerde 100–150 metre, käýerde bolsa 200–300 metre ýetip, uzaklardan howalanyp görünýär. Gyrlaryň üsti ownujak gyzylymtyl daşlar bilen bilen örtülip, alyslardan seretseň, gülgüne öwüşginli belentligiň deşti–Garagumuň göwher gaşy ýaly bolup oturandygyny aňlaýarsyň. Sähradaky ot-çöplerden tapawutlylykda, gyrlar özboluşly ösümlik dünýäsine juda baý. Hatda çölde bitmeýän ösümlikleriň ençeme görnüşine gyrda duş gelmek kyn däl. Mysal üçin, sazak tokaýlygy sährada köp gabat gelse, gyra çyksaň, bada-bat ojara nazaryň kaklyşýar. Çydamlylygy, berkligi taýyndan ojaryň sazakdan tapawudy örän kän. Gyş aýazly gelende, çöl ýerlerine syrgyn gar adatça galyň düşýär. Şonda mallaryň otlamasy hem kyn bolýar. Ýöne gyr üsti, eňňitleri, etegi eliň aýasy ýaly tekiz bolansoň, onda gar näçe ýagsa-da o, diýen galyň bolmaýar. Gyş günleri mal bakmak üçin gyr ýerleri örän amatlydyr. Üstesine-de, yzgary uzak saklamaga ukyply bolansoň, Üňüz gyrlarynda gurakçylyk kän gabat gelmeýär. Gyr meýdan otlarynyň dürli görnüşlerine baýdyr.

Üňüz gyrlaryna çykyp, daş–töwerege seretseň, 20–30 kilometr uzaklykdaky ýaýlalar alyslardan seleňläp görünýär. Gyrlaryň üstündäki hem-de töweregindäki tekizliklerde agyp-dönüp ýören dowar sürülerini çopan-çoluklar höwes bilen bakýarlar. Goýun-geçiler uzaga gidäýende-de, beýik gyra çyksaň derrew tapdyrýar. Gyrlar Merkezi Garagumdaky çulbalardan beýikligi, uzynlygy, köplügi babatda-da tapawutlydyr. Kiçiräk dag gaýalaryna çalymdaş çulbalar Garagum sährasy bilen Üňüz gyrlarynyň sepgidinde örän köp. Ýöne tutýan meýdanynyň ululygy boýunça gyr bilen çulbany deňär ýaly däl. Şeýle–de bolsa, hersiniň öz gözelligi, aýratynlygy bar. Ösümlik dünýäsiniň üýtgeşik bolşy ýaly, gyrlaryň haýwanat dünýäsi-de juda täsindir. Üňüz gyrlarynyň belent gerişlerine çyksaň, hol uzakdan tozan turzup barýan keýik sürüleri-de, ýowşanlygyň arasyndan ýol ýasan togdarylar-da, sözen pürjagazlarynyň daşynda perwaz urýan towşanjyklar-da, degmedige degmeýän, tötänden degäýeniňem almytyny berýän sakartorsuk-da... gyr tebigatynyň üýtgeşikliginden nyşandyr, köpdürlüliginden alamatdyr.

Çöldäki çulbalar

Aşgabat—Garagum—Daşoguz şaýoly bilen gideniňde, paýtagtdan 250 kilometr çemesi uzaklykda ýerleşýän Garaçulba atly kiçiräk çarwa oýunyň üstünden barýarsyň. Kiçiräk daga çalymdaş daşly depelere çarwalar «çulba» diýýärler. Çulbalar dürli reňkdäki daşlardan, dürli tebigy gatlaklardan ybarat bolup, olaryň beýikligi 30–40 metrden 100 metre çenli ýetýär. Tebigy gurluşyna, reňkine baglylykda, çulbalar dürli–dürli atlandyrylýar: Gyzylçulba, Saryçulba, Gumçulba, Topçulba, Goşaçulba, Kyrkçulba... Diňli, Büküri obalarynyň degre–daşy çulbalar bilen gurşalan. Çulbalarda tebigy baýlyklar, magdanlar bar.

Çulbalar ösümliklerede baýdyr. Çulbalaryň bilinde, hatda ýokarsynda-da sözen, gandym ýaly agaçlar ösüp, ýaz pasly degre-daşy sähra otlaryna, güllerine beslenýär. Çarwa illerine myhman bolanlar hökman obanyň ýanyndaky çulbalara çykyp, daş-töweregi gyzyklanma bilen synlaýarlar. Çünki çulba çyksaň, aňyrsy asman bilen sepleşýän aňňat-aňňat gum depeleri-de, 20–30 kilometr uzaklykdaky Üňüz gyrlary-da eliň aýasynda ýaly aýdyň görünýär.

Kaklaryň kenarynda


Garagum sährasyndaky tebigy täsinlikleriň biri-de kaklardyr. Kaklar, köplenç, adam ady bilen baglanyşykly atlandyrylýar: «Hakberdiniň kaky», «Paşşygyň kaky», «Anna aganyň kaky»... Diýmek, kaklar haçandyr bir wagt adam eli bilen döredilip, ile ýagşylyk etmegi ömrüniň manysyna öwren adamyň adyny nesilleriň hakydasynda goýupdyr.

Kaklar arassa takyrlaryň oýtagrak ýerinde, suw ýygnanaýjak ýerde gazylýar. Çarwa adamlary gum içindäki kaklary gorap, aýawly saklaýarlar. Sebäbi çarwa obalarynda her hojalygyň suw saklaýan howuzlary bolup, ol kak suwundan doldurylýar. Kaka ýygnanan suw ilkibaşda mele, bulanygrak bolsa-da, wagtyň geçmegi bilen, kem-kem durlanýar. Üňüz gyrlaryndaky ýylçyr daş bölejiklerinden kak suwuna atsaň, suwy bada-bat durlaýandygyny ir döwürlerde çarwalar gürrüň ederdiler. Kaklaryň kenarynda suwuň tolkunyna garap otursaň, beýniň rahatlanyp, göwnüň aram tapýar.

Ýaz aýlary kaklaryň süýji suwundan demlenen, ojar otda gaýnan gök çaýy içmegiň lezzeti has üýtgeşik. Gum obalaryna myhmançylyga barsaň, «Kakyň suwundan demlenendir» diýip, ilki bilen hödür eden çaýlaryny taryplarlar. Kak suwundan demlenen çaýdan nepesini durlan kişiler uzakly gün argynlygy, ýadawlygy duýmaýar. Süýjüligi, ýokumlylygy boýunça kak suwunyň tagamy agzyňdan gitmez. Kaklaryň arassa, aýawly saklanylmagy ýöne ýerden däl. Ol çarwa durmuşynyň özboluşly pelsepesi, dürler hazynasy.

Akmyrat REJEBOW