Türkmeniň goşa ganaty
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly! Ýylyň adyny hormatly Arkadagymyz çuňňur pelsepä besleýär. Parahatçylyk bar ýerinde gatnaşyklar, medeniýet, edebiýat, sungat hem-de halk hojalygynyň ähli pudaklary gülläp ösýär. Ynanyşmak bar ýerinde halklaryň dost-doganlygy berkeýär, dürli ugurlarda gatnaşyklar jebisleşýär. Bu bolsa diňe bir ýa iki ýurduň bähbidine däl, dünýäniň parahat ýol bilen ösmegine täsir edýär. Üns berip görsek, şu ýylyň nyşany hem many-mazmuny taýdan uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyz türkmen döwletini ganat ýaýýan laçyna meňzedip, onuň bir ganatynyň Garaşsyzlykdygyny, beýleki ganatynyň Bitaraplykdygyny aýdanda, jüpüne düşen bu meňzetmäniň düýbünde uly many bardygyny duýduk. Şunda ýylyň nyşanynyň türkmeniň tebigatyndan we milli häsiýetinden gelip çykandygyna göz ýetirdik. Biz bu nyşandaky şekilleri özümizçe beýan etmegi makul bildik. Uçup barýan laçyn guşy, göýä, Ýer togalagyny öz ganatlarynda göterip, Älem giňişliginde aýlanyp ýören ýaly duýgy döredýär. Onuň bir ganaty gök. Gök reňk arşy keramatlara ýol, halatlylyk, tükeniksizlik, älemiň reňki we bakylyk. Gök ganat — ýurdumyzyň baky Bitaraplygy. Ýaşyl reňk — ýaşaýyş, dowamat, düýnden şu güne, şu günden ertire barýan badalgaly ýol. Ýaşyl reňk ösüşi we miwe bermegi aňladýar. Ol Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň we Tugrasynyň beslenen reňki. Ýaşyl reňk — ata-babalarymyzyň ruhy siňip, nesilden-nesle geçirilen reňk. Ak reňk — ýagtylygyň, ýagşylygyň, päk niýetiň, ynsanperwerligiň, rehimdarlygyň reňki. Esasy şekilleriň ýene biri — derek daragty. Ol göni, syrdam ösýändigi üçin dogruçyllygyň, hakykatyň, ösüşiň nyşany hasaplanýar. Ol durmuş daragtyna meňzeýär.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şygarynyň her sözüniň diňe bir ýurdumyz boýunça däl, eýsem, halkara derejede hem taryhy ähmiýetiniň bardygyny görmek bolýar. Sebäbi durmuş hakykatynda parahatçylyk, birek-birege ynanyşmak esasynda ýurtlar arasyndaky gatnaşyklar dünýäniň, umumadamzat binýadynyň berkemegine, ösmegine getirýär.
Pederlerimizden ýörelge bolup galan däp-dessurlarymyz häzirki döwürde ösdürilip, kämilleşdirilip, halkara derejede ýaýbaňlandyrylýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyz şeýle diýýär: «Hyzmatdaşlyk, ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri Türkmenistanyň alyp barýan halkara işiniň esasyny düzýär». Bu jümlelerde türkmeniň däp-dessurlary, gatnaşyklardaky milli medeniýeti eriş-argaç bolup geçýär.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly! Ol ýöne bir şygar däl-de, milli Liderimiziň halkara gatnaşyklarda binýat tutan ýörelgesidir. Bu gün şu taglymat esasynda ýurtlar arasyndaky gatnaşyklar gülleýär, umumadamzat ähmiýetli beýik işlere amal edilýär.
Türkmen halkynyň parahatçylyk we ynanyşmak babatdaky garaýyşlary milli ýörelgelerimizden, däp-dessurlarymyzdan gözbaş alýar. Bu iki düşünje türkmen milliligine ornan asylly ýörelgelerdir. Olary nesilden-nesle geçirmek we ýaşlaryň arasynda wagyz etmek hem türkmen medeniýetiniň dünýä ýaýylmagynda uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň geçen ýylyň 23-nji dekabrynda ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda we şu ýylyň 7-nji fewralynda medeniýet ulgamyny we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ösdürmek boýunça 2020-nji ýylda edilen işleriň jemlerine bagyşlanan sanly ulgam arkaly iş maslahatynda hem şu meselelere ünsi çekip, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda halkymyzyň şöhratly taryhyny, ruhy gymmatlyklaryny we däp-dessurlaryny mundan beýläk-de giňden wagyz etmegiň zerurdygyny nygtamagy medeniýet we sungat işgärleriniň kalbynda egsilmez buýsanç duýgusyny döretdi.
Oguljemal ÇARYÝEWA