Türkmeniň ak öýi
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň çäksiz sahawaty bilen uzak asyrlaryň ruhuny özüne siňdiren milli däplerimiz täze röwüşde gaýtadan dikeldilip, onuň many-mazmuny has-da baýlaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Ahal ýaýlasynda hem-de Mary welaýatynda milli arhitektura sungatyny özünde jemleýän «Türkmeniň ak öýi» binasyny gurduryp berdi. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Balkanabat, Türkmenabat şäherleri bilen bir hatarda ýurdumyzyň demirgazyk künjegi bolan Daşoguz şäherinde hem medeni köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenen 3000 orunlyk «Türkmeniň ak öýi» binasynyň gurlup başlanmagyna badalga berildi.
Ak öý türkmeniň gadymdan gelýän myhmansöýerliginiň özboluşly nyşany bolup, halkymyzyň däp-dessurlaryny, milli bezegler bilen bezelen gadymy özboluşlylygyny özünde jemleýär. Ol türkmen halkynyň çarwa durmuşyna laýyk gelýän ýeňil, islendik wagtda söküp-düzmäge oňaýly mukaddes öý. Halkymyz topragynda bitýän ähli zatlardan, ot-çöplerden, agaçlardan ýerlikli peýdalanyp, oňaýly durmuş-ýaşaýyş şertleri döredipdir. Bu öýleriň içi durmuş zerurlyklarynyň ählisi üçin amatly bolupdyr. Öýleri ata-babalarymyz ýasan bolsalar, ene-mamalarymyz onuň içini we daşyny türkmeniň göz guwanjy bolan haly we haly önümleri, dürli nagyş salnan keçeler bilen bezäpdirler. Türkmen sähralarynda bu öýler ähli pasyllarda bahar güllerine meňzäp, gözel görke beslenip oturandyr. Ak öýler diňe bir ýaşaýyş zerurlygy bolman, eýsem, halkymyzyň tebigat bilen baglanyşygynyň hem üzülmez zynjyry bolup hyzmat edipdir.
Türkmeniň ak öýi baradaky ilkinji taryhy çeşmeler has irki döwürlere degişlidir. Taryhy çeşmelerde ak öýleriň emele gelmeginiň türkmenleriň ata-babalary bolan saklaryň we massagetleriň ýaşan döwürleri bilen gabat gelýändigi aýdylýar. Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden milli gymmatlyklarynyň ählisi taryhyň gatlaryna siňip, nesilden-nesle geçirilip, biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Türkmen mukaddes öýüni ýagşy niýetden ugur alyp, alty ganat, sekiz ganat, on iki ganat ak öý görnüşinde gurupdyr. Ak öýüň süňňi agaçdandyr. Türkmen ak öýlerini ýasamak üçin pisse, söwüt we derek agaçlary ulanylypdyr. Geçmişde pederlerimiziň aýtmagyna görä, ak söwütleriň hadasy her üç ýyldan çapylyp alynýar. Çapylan hadalaryň gabygy arçalýar we uzynlygy 3-4 metr bolan hada alynýar. Hadany ilki bilen Günüň aşagynda goýup guratmaly. Soňra suwa ýatyryp goýmaly. Suwa gowy ezilip çyg çeken hadalary berk, döwülmezek bolmagy üçin hummuzda gowy bişirmeli. Taýýar bolan hadalar peçden çykarylyp, uk, aşyrym, tüýnük üçin niýetlenen agaçlar tizaw agajyna salnyp epilýär. Agaç epilenden soň ülňä deňläp uk edilýär. Öýüň ilki bilen daýanç merkezi bolan tärimi ýasalýar. Tärim üçin 2 metr 20 sm. agaç kesilip alynýar. Tärim üçin gerekli agaç göni halda bolmaly.
Agaçlar başaşa görnüşde ýerleşdirilip köklenýär. Kök düýäniň derisinden alynýar. Düýäniň derisi guradylyp, ýüňi aýrylýar. Ýüňi aýrylan deri suwa salyp ýumşadylanda, böleklere bölünip tasma kesilip alynýar. Suwdan çykandan soňra guran düýe tasmasy berk bolup, hatda ony üzüp hem bolmaýar. Ak öýüň esasy sütüni gabsa, uk, tüýnük, tärim ýaly böleklerden ybaratdyr. Tärim 4,6,8 bölekden durýar. Halk arasynda «alty ganat, sekiz ganat, on iki ganat ak öý» diýen düşünje tärim bilen baglydyr. Öýüň tärimi näçe köp bolsa öýüň giňligi hem şoňa görä bolýar. Öýüň gapysy iki sany bölekden ybarat bolup, aşaky bosaga we ýokarky bölekden durýar. Gapynyň zülpleri bolupdyr. Ol gapydan girip-çykylanda gapyny tutup durýar. Ak öýüň gapysyndan giren ýeriňdäki iki tärim beýleki tärimlerden beýigräk bolupdyr. Ony «Şa tärim» diýip atlandyrypdyrlar. Sebäbi gapydan giren adam şa tärimi eli bilen tutup, aşak eglip içeri giripdir. Şonuň üçin oňa «şa tärim» diýipdirler. Öýüň işigi üçin iki sany söýe, bir sany ýokarky işik, bir bosaga, iki sany gapy gerek. Onuň daýanç merkezi tärimdir. Şonuň üçin hem öý gurlanda, ilki bilen, işik söýäni goýup, tärimi gerip dikýärler. Şol bölek-bölek tärimlere ýazylyp hem ýygnalyp bolýanlygy üçin «ganat» hem diýilýär. Öý tutuljak bolanda ilki bilen, onuň «Ganatlary näçe?» diýlip soralmagynyň öz sebäbi bar. Çünki şol ganatlaryň öýüň ululygyna we berk gurulmagyna-da täsiri bolupdyr. Ganatlar dört, alty, kähalatlarda bolsa sekiz bolýanlygy bilen hem bir-birinden tapawutlanypdyr. Işik söýesi dikilip, tärimlere berkidilenden soňra, tärimleriň başlaryny birleşdirip daňmaly. Işik söýesi, tärimi taýýar edilenden soňra, tüýnügini galdyrmaly we uklaryny dakmaly. Öý gurlup bolandan soň, ilki bilen tärimiň daşy durluk bilen örtülýär. Durluk dört bölekden ybarat bolup, ol reňk berilmän basylan gülsüz keçeden edilýär. Soňra uklaryň üstünden üzük ýapylýar. Edil uklaryň we tärimleriň daşyna aýlanylyşy ýaly, öýüň içine hem keçe düşelýär. Ýöne öýüň içine düşelýän keçe gülli keçedir. Keçe gyşyna sowuk geçirmän, öýüň içini ýyly saklaýan bolsa, ýazyna Günüň howruny özünde saklap, içerini salkyn hala getirýär. Şeýle hem öýüň içinde oturanlary hiç bir mör-möjek çakmaýar. Sebäbi mör-möjek şol keçeleriň ýüňleriniň arasynda galýar. Ähli örtgüler ýapylandan soň, öýüň daşyndan gamyş aýlanýar. Gamşyň «bilguşagy» bolan öý ýüpi bilinden alyp, daşyndan aýlanylýar. Bilýüpi kakylyp ýa dokalyp taýýarlanýar we onuň beýikligi 30-40 sm. uzynlygy bolsa öýüň ganatlaryna görä bolýar. Durluk diňe goýy gyzyl reňkde ýa-da nagyşly bolup bilýär. «Könesi bolmadygyň täzesi bolmaz» diýlişi ýaly, gadymy senedimize täze öwüşgin çaýýan çeper elli gelin-gyzlarymyz ak öýüň içinden, daşyndan aýlanýan «bilguşagyny» — öý ýüpüni, ýagny gülli ýüpi özleriniň döredijilikli zähmeti bilen dürli görnüşlerde dokapdyrlar.
Ak öýler esasy bezegleriniň biri bolan gülli ýüpsüz göz öňüne-de getirilmändir. Şonuň üçin halkymyzda «Gyzym sepsiz bolsa bolsun, öýüm ýüňsüz bolmasyn» diýen aýtgy ýörgünli bolupdyr. Türkmen ak öýi gurlup bolansoň, goňşy-golamlar çagyrylypdyr. Goňşular ak öýe gelip, «ýurt garşy alsyn», «gelin düşsün», «toýly bolsun» diýip ýagşy dilegler edipdirler. Türkmen ak öýlerinde gelin, galpak, akgoýun toýlaryny beripdirler.
Öýüň gap böwründe ýörite taýýarlanan ýüp geçirilip, oňa sallançak kilim düşäpdirler. Türkmen zenanlary guzynyň ýüňünden ikde egrip, sallançak kilim dokapdyrlar. Kakma görnüşinde dokalan kilimden edilen sallançak amatly bolup, çaga onda rahat ýatypdyr. Ak arzuwlar bilen çagany sallançaga salypdyrlar.
Türkmeniň ak öýüniň sag tarapyndaky azyk, gap-çanak, el degirmeni, suw salynýan mis tüň ýaly hojalykda ulanylýan zatlaryň goýulýan ýerine «gap böwri», «aş böwri» ýagny, aýal maşgalanyň ýeri» diýlipdir. Öýüň bu böwri maşgalanyň zenanlary we çagalary üçin niýetlenendir. Erkek adamlar tagta sekijigiň üstünde däneli argyş çuwaly, düýäniň howudy, atyň eýeri, ýüp, don, aýakgap ýaly hojalykda ulanylýan zatlary goýupdyrlar. Türkmeniň ak öýüniň daş ýüzünden eňsi, iç ýüzünden gapylyk gerilýär. Tüýnükden her hili owadan işme, örme ýüpler bilen bir hatarda haly önümi bolan «ümürduman» asylýar. Tärimiň ýüzünden haly garçyn, gyzyl kakma çuwallar, dürli haly torba, duz torba, çemçe torba, ikselik, aşyk torba, gap torba we ş. m. torbalar asylýar. Haly garçynlara arzylanyp geýilýän egin-eşikler salnyp goýlupdyr. Emma erkek adamlaryň geýýän dony, agar çäkmeni, içmek, telpek öýüň töründen asylyp goýlupdyr.
Öýüň merkezindäki ojaga üç aýakly tagan goýup, tagana gazan oturdypdyrlar. Onda dürli türkmen tagamlary bişirilipdir. Gadymy döwürlerde öýde bişirilen tagamlar agaç okaralarda, çemçelerde iýlipdir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen welaýatymyzda gurluşygyna badalga berlen «Türkmeniň ak öýi» binasynda döwletli maslahatlar edilip, halkymyzyň ýagty ertirlerini, nurana geljegini ýene-de ösüşiň täze belentliklerine sary ýetirjek kararlardyr adyl çözgütler kabul edilsin!
Haýytgül ATAÝEWA