Aýdym-sazyň saglyga täsiri
Ata-babalarymyz ir döwürlerden bäri aýdym-saza aýratyn hormat-sarpa goýup gelipdir. Mälim bolşy ýaly, onuň keramatly güýjüne ynanan pederlerimiz aýdym-saz bilen diňe toýuny toýlaman, eýsem, birnäçe uruşlaryňdyr jeňleriň hem öňüni alypdyrlar. Çagakam okan şeýleräk rowaýatym ýadyma düşýär. Gadym zamanlarda Günüň öňi ýygy-ýygydan tutulyp, howa üýtgäp ugrapdyr. Şonda uly hanlyklaryň birinde han müneçjimleri ýygnap, maslahat edýär. Han bolup geçýän ýagdaýyň sebäbini soranda, olar soňky wagtlarda ýurtda şahyr-bagşylaryň juda köpelýändigini, tebigatdaky üýtgeşmeleriňem şondan bolup biljekdigini aýdýar. Maslahatdan soňra hanyň buýrugy bilen ýurduň ähli bagşy-sazandalarydyr şahyrlaryny bir ýere jemläp, jeza bermekçi bolýarlar. Ana, şonda Mahmyt Gaýyby diýen şahyr hanyň öňünde meşhur «Gelende bardyr» atly goşgusyny okaýar:
Saz bilen söhbede ýaman diýmäňler,
Adam, Howa dünýä gelende bardyr.
Abyl bile Kabyl ene garnynda,
Olar hem dünýäge gelende bardyr.
Muny diňlän han öz ýalňyşyna düşünip, olary jezalandyrmaga derek ählisini halat-serpaý bilen öýlerine ýollapdyr.
Hawa, aýdym-saz has ir döwürlerden bar bolup, dini ynançlara görä, hatda Allatagala bedene jany hem saz bilen salypdyr.
Nähilidir bir iş bilen meşgullanan pursatlarymyzda, ýolda wagtlarymyz bize ýaraýan, göwnümizi göterýän aýdymlary ýa-da sazlary diňlemek ruhy saglygymyza, onuň netijesinde hem fiziki saglygymyza oňaýly täsir edýär. Köpleriň bilşi ýaly, aýdym diňlemek adamyň gündeki ýadawlygyny unutmagyna, işe başlamazdan öň aýdym diňlemek endigi bolsa, onuň işine has höwesli başlamagyna peýdalydyr. Mundan başga-da, aýdym-sazy köp diňleýän adamlaryň ýatkeşligi beýleki ynsanlaryňkydan görnetin parhlanýar.
Käte nämedir bir zat ýat tutmakçy bolnanda, ýuwaşjadan aýdymyň sesini goýberip synanyşylsa has netijeli bolýar. Belki-de, diňleýän aýdymlarymyzy juda çalt ýat tutmagymyz hem şonuň üçindir. Käbir ynsanlar bolsa ýatda saklamasy zerur bolan zatlary aýdym ýaly hiňlenip ýatda saklaýarlar. Aýdym-sazyň özboluşly ses tolkuny ynsan kalbynyň urgulary bilen birleşip, köplenç dartgynlylyk ýagdaýyndan hem halas edýär. Şonuň üçin-de ony käbir psihologlar öz bejergilerinde ulanýandyr.
Aýdym diňlemek, edil şonuň ýaly-da, dürli görnüşli, köplenç ýagdaýda akgynly sazlary diňlemek adamyň pikirlenişini ýokarlandyryp, döredijilik ukybyny ýüze çykarmakda örän peýdalydyr. Aýdylan şunça peýdaly taraplaryndan başga-da, käte gijelerine uklap bilmedik wagtlaryňyzda hem aýdym-saz diňlemek size kömek edip biler. Güýçli depginli däl-de, pessaý akymly aýdymlar çalt rahatlandyryp, gündizki iş-aladalary unutdyrýar. Hatda onuň bedeniň dürli kesellere garşylyk güýjüni, ýagny immunitetini hem ýokarlandyrýandygy alymlar tarapyndan subut edilendir. Elbetde, edil aýdym diňlemegiň saglygymyzda, ylaýta-da, ruhy saglygymyzda peýdaly bolşy ýaly, aýdym aýtmagyň, hiňlenmegiň hem örän köp peýdaly taraplary bardyr. Aýdyma hiňlenmek ýaşaýşa bolan höwesiňi artdyryp, has hyjuwly ýaşamagyňy sazlaýar. Bu hem öz gezeginde birnäçe hassalyklaryň öňüni almakda peýdaly. Bulardan başgada, aýdyma hiňlenmek gan basyşymyzy sazlap, ýüregimizi berkidýär. Onuň ganymyzdaky kislorodyň mukdaryny artdyrýandygy, stres garmonyny azaldýandygy, ünslüligimizi güýçlendirip, sesimiziň hem üýtgemegine, ýagny sazlaşykly owaza eýe bolmagyna täsir edýändigi alymlar tarapyndan subut edilendir.
Halkymyz häzirki döwürde özboluşly aýdym-saz sungaty bilen dünýä halklarynyň uly gyzyklanmasyna eýe bolýar. Ähli işiň sakasynda saglygy goýan ata-babalarymyzyň her bir edim-gylymy, däp-dessury uly manydan doludyr. Muňa aýdyňlygy bilen düşünýän hormatly Prezidentimiz hem milliligimizi ösdürip, dünýä ýaýmakda taýsyz tagallalary edýär. Gahryman Arkadagymyzyň aýdym-saza bagyşlap ýiti zehininden, paýhasyndan döreden kitaplarynyň dünýä dillerine terjime edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Öňdengörüjilikli syýasaty bilen Watanymyzy sagdynlygyň mesgenine öwren milli Liderimiziň saýasynda bagtyýar döwrümizi, berkarar döwletimizi wasp edýän aýdym-sazlaryň sesi belentden ýaňlanýar. Elbetde, şeýle hyjuwdan, söýgüden, bagtdan doly aýdymdyr sazlar bolsa, ynsan saglygyna özboluşly täsirini ýetirýär.
Goý, ýurdumyzy bagtyýarlygyň, sagdynlygyň mesgenine öwren, aýdym-saza, medeniýete, sungata uly sarpa goýýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Tagangül SEÝITMÄMMEDOWA