Türkmen keçesi


Türkmen keçesi



Türkmenlerde «Azapsyz ýeriň ady ýok» diýlip, jaýdar aýdylan söz bar. Türkmen gelin-gyzlarynyň azabyndan, yhlasyndan, gujur-gaýratyndan dörän ajap halylardyr keçeler, inçe nagyşlar, nepis keşdeler uly bir sungat derejesine ýetip, dünýä meşhur bolupdyr. Türkmen öýüni duz-çöreksiz göz öňüne getirip bolmaýşy ýaly, zenanlaryň ýürek ýylysy siňen keçesiz hem göz öňüne getirmek asla mümkin däl diýen ýalydyr.
Keçeler diňe bir düşek görnüşinde ulanylman, eýsem, olary gara öýleriň üstüne atmak üçin dürli möçberdäki üzükdir durluklar, tazylar üçin jul, düýe- ler üçin halyk, atlara niýetlenen içirgiler, atkeçeler, çopan lar üçin ýa pynja ýa ly zatlar görnüşinde hem ulanypdyrlar.
Keçäniň taýýarlanylyş usuly diýseň täsindir. Keçe yzygiderli, köp zähmeti ta lap edýän inçe senet bolup, her halkyň özüniň ony bejeriş we nagyş bilen bezeýiş usuly bardyr, emma onuň çig maly ähli ýerde deň bolup, ol bolsa ýüňdendir.

Ene-mamalarymyz gadymyýetden bäri keçe taýýarlamakda esasy çig mal hökmünde saryja goýnuň ýüňüni ulanypdyrlar. Gyrkylyp alynýan ýüňlerden keçe salmak, ýagny onuň şekilini kemala getirmek işi başlanýança çig maly, ýagny ýüňi taýýarlamak işi bir- näçe ownuk, hysyrdyly tapgyrlardan ybarat bolýar. Olar ýüňi ýuwmakdan, guratmakdan, saýmakdan, daramakdan, boýamakdan, ýene-de guradyp daramakdan, pişgelemekden, ýumaklamakdan we beýlekilerden ybaratdyr.
Keçäniň taýýarlanylyş usuly birmeňzeş bolsa-da, onuň nagyşlarynda tapawut bardyr. Mysal üçin Hazarýaka sebitiniň gelin-gyzlarynyň taýýarlan keçeleri iki tarapynyň hem nagyşlylygy bilen tapawutlanýar. Magtymguly, Serdar etraplarynyň zenanlary bolsa bir tarapy nagyşly keçeleri taýýarlaýarlar.
Keçe salmak üçin, ilki bilen, gamyş ýazylýar, onuň ýüzünde nagşyň ýeri alynýar. Keçäniň ilki başlanyp taýýar edilen tarapyna onuň dogry, ýagny düzüw ýüzi diýilýär. Keçäniň ikinji gaty, ýagny ýüzlemi taýýarlanylan saýym ýüňden goýulýar. Ýüzleminden soň keçäniň üçünji gatynyň — çöwre ýüzüniň nagşy bejerilýär.
Keçäniň nagyşlama işi tamamlanandan soň togalap, düýrlemek işi başlanýar.
Düýrlemek işini öz kärine ussat gelin-gyzlar üýşüp ýerine ýetirýärler. Arasyna keçe salnyp düýrlenen gamyş daşaryk çykarylyp, dikligine goýulýar we onuň depesinden başlap ähli ýerine deň barar ýaly edip, gyzgyn suw guýulýar. Soňra ol keseligine ýatyrylyp hem suwlanylmalydyr. Şeýle-de ýüpe salnyp, iki tarapa togalanmalydyr. Muňa bolsa keçäniň çekimi diýilýär. Keçe çekimi iki-üç sagat dowam etdirilmelidir. Bu iş agyr gol zähmetini talap edýändigi üçin ony erkek adamlara çekdirýärler. Çekilýän keçäni 3-4 gezek ýyly suw bilen suwlamak hem hökmandyr. Keçäni çekmek tamamlanandan soň ony açyp, basmak işine girişilýär. Keçe basmak hem güýç, erjellik, kanagatlylyk talap edýän zähmetdir.
Türkmen keçeleri — halkyň baý milli mirasy. Owadan halylar bilen birlikde, owadan keçeler-de gözüňe has ýakymly görünýär. Çünki şol ajaýyp keçelerde biziň mähriban enelerimiziň we mamalarymyzyň elleriniň yzy, olara siňdiren mähir-muhabbeti bar. Özüniň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan öý esbaplarymyz hem uly bir miras. Şol baý, uly miras ata-babalarymyzdan, ene-mamalarymyzdan nesillerimize geçip, biziň şu ajaýyp döwrümize gelip ýetipdir. Türkmen halkymyzda kesp-käri atanyň ogluna, enäniň gyzyna geçirmek däbi bar. Öýlerimiziň we ojaklarymyzyň bezegi bolan owadan keçelerimiz, goý, geljekde hem mydama törlerimizi bezesin. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda milli senetçiligi ösdürmeklige uly üns berilýär. Keçe bolsa şol senediň aýrylmaz bir bölegi bolup durýar. Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde hem milli mirasymyzy wagyz etmekde uly işler alnyp barylýar. Ýaş nesillerde Watana söýgi, geçmişe buýsanç, şu güne we geljege uly ynam duýgusyny terbiýelemekde muzeý gymmatlyklarynyň möhüm orny bardyr. Gahryman Arkadagymyza milli mirasymyzy wagyz etmekde, olary gorap saklamakda döredip berýän şert mümkinçilikleri üçin hoşallygymyz egsilmezdir.

Täzegül SARYÝEWA