Täze kitabyňyz üçin sag boluň, eziz Arkadagymyz!


Täze kitabyňyz üçin sag boluň, eziz Arkadagymyz!



Hormatly Prezidentimiz mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň şanly toýuna uly ruhubelentlik bilen barýan günlerimizde «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyny halkymyza peşgeş berdi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň taryhy wakalaryna beslenen «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň çap edilmegi watandaşlarymyzyň ýürek buýsançlaryny pürepürledi.
5-nji sentýabrda milli Liderimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünde tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Onda çykyş eden halypa ýazyjy-şahyrlarymyz, medeniýet we sungat ussatlarymyz halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinde kämilleşip gelen milli ýörelgelerine goýýan hormat-sarpasyny dabaralandyrmakda, baý medeni mirasymyzy, ruhy gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda bu eseriň ähmiýetiniň taýsyzdygyny buýsanç bilen bellediler. Gahryman Arkadagymyzyň göwher paýhasyndan kemal tapan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyň «Asmandan arkaly, Zeminden zynatly», «Zeminiň abatlygy–ýaşaýşyň ebediligi», «Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar», «Saglyk–abatlyk», «Zähmetsöýerlik–gaýratlylygyň gözbaşy», «Myhmansöýerlik», «Dostluk–asylly ýörelge», «Ynsaplylyk», «Agzybirlik», «Durmuşyň kadasy–paýhas pendi», «Ýoluňyza rowaçlyk nur saçsyn!», «Manysyny tirmegi okyja goýan rowaýatlarym...» atly bölümlerden ybaratdyr. Kitabyň milli nagyşlar bilen çeper bezelmegi, onuň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrýar.
Bu ajaýyp kitabyň milli ruhy däplerimize bagyşlanmagy biziň ýaşlarymyzy ata-baba geçip gelýän ýörelgelere laýyklykda terbiýelemekde aýratyn ähmiýetli boljagy ikuçsyzdyr. 12 bölümden ybarat kitapda halkymyzyň nesilme-nesil geçirilip, asyrlaryň jümmüşinde kämilleşip gelen milli ýörelgelerimiziň ynsan terbiýesindäki we ykbalyndaky orny barada örän çuňňur filosofiki pikirler beýan edilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eseri biziň döwletlilige, bagtyýarlyga, dowamata deňeýän milli ýörelgelerimize many-mazmun, pelsepe-paýhas, mahlasy, ruhy täzelenişini bagyş edýär. Täze kitap biziň milli ýörelgelerimiz, mirasy gymmatlyklarymyz baradaky ylym-düşünjelerimiziň ýaýrawyny has-da çuňlaşdyrýar, oňa täzelik hem terlik çaýýar.

Bu ajaýyp kitap bagtyýar watandaşlarymyzyň edep-ekramly, terbiýeli, öz saýlan hünär ugruna ussat bolmagynda, ýaramaz endiklerden daşda durmagynda, dost-dogan bolup, bir-birege daýanyp, goldap ýaşamagy öwrenmekde ýol görkeziji şamçyrag bolar. Şoňa görä-de, bu eser biziň her birimiziň ýan kitabymyza öwrüler. Ýaşlarymyzy döwletli ýörelgelerimize ygrarly edip terbiýelemekde ygtybarly çeşme bolar. Bu ajaýyp kitap günde ýüzlenip, täze-täze eserleri döretmäge, ýaşaýşyň eşretini duýup, has-da bagtyýar ýaşamaga, öňküden-de döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrar.

Milli Liderimiziň täze eseri teatr, folklor, aýdym-saz we beýleki toparlaryň döredijilik hazynasanyň barha baýlaşdyrylmagynyň, täze-täze eserleriň döredilmeginiň ylham akabasyna öwrüler.
Tanyşdyrylyş dabarasynda täze kitabyň esasynda teatr artistleriniň gatnaşmagynda sahnalaşdyrylan edebi-çeper kompozissiýa çykyşlary guraldy hem-de sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-saz eserleri ýerine ýetirildi. Ýazyjy-şahyrlaryň Watanymyzyň ösüşlerini we bagtyýarlyk döwrümizi wasp edýän şygyrlary dabara gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Dabarada ýaňlanan ajaýyp küştdepdiniň gazallary tomaşaçylaryň kalplaryna aýratyn ruhubelentlik çaýdy.
Bu şanly waka mynasybetli «Mekan» köşgüniň foýesinde amaly-haşam hem-de nakgaşçylyk sungatynyň sergisi guraldy. Onda halk senetkärleriniň sünnäli ellerinden dörän haly, kilim, keçe, küýze, agaç, zergärçilik önümleri hem-de gadymy medeni ýörelgelerimiz bilen ýakyndan tanyşdyrýan beýleki etnografiýa baýlyklarymyz, şeýle hem ýurdumyzyň suratkeşleriniň täze döreden nakgaş eserleri sergilendi.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň çäklerinde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ulgamynda zähmet çekýän tejribeli hünärmenleriň, döredijilik ussatlarynyň hem-de talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda Tegelek stol teleýazgysy guraldy. Oňa gatnaşanlar Arkadag Prezidentimiziň täze neşir edilen eseriniň ähmiýeti we täsiri barada söhbet edip, bagtyýar halkymyzy eşretli durmuşy bagyş eden milli Liderimize hoşallyklaryny bildirdiler.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda bu şanly waka gatnaşyjylaryň adyndan Gahryman Arkadagymyza Ýüzlenme kabul edildi hem-de bu ajaýyp kitaby peşgeş berendigi üçin alkyşlar aýdyldy.

Agamyrat BALTAÝEW