Täsin tapyndylar
Müňlerçe ýyllaryň dowamynda dünýä siwilizasiýasynyň, dünýä halklarynyň medeni durmuşynyň ösüşlerine önjeýli goşant goşan ata-babalarymyz, olaryň ýaşan türkmen topragy ilkinji ekerançylygyň, maldarçylygyň, ylmyň, medeniýetiň we sungatyň sallançagy bolmak bilen, taryhy-medeni ösüşleriň berk binýadyny goýandyr. Ilkinji ekerançylyk ýerleri bolan Paryzdepe, Göksüýri, Garadepe, Ýylgynly ýaly oturymly ýerleri bile taryhyň sahypalaryna zerli harplar bilen ýazylan pederlerimiziň ýaşaýyş-durmuşy hakynda muzeýlerimizde giňden düşünjeler berýän subutnamalaryň bardygy bizi diýseň buýsandyrýar.
2019-njy ýylyň 2-nji dekabrynda Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde geçirilen çärede çykyş eden alym-mugallymlar, hünärmenler, muzeý işgärleri we beýlekiler hem bular barada giňişleýin durup geçdiler. Hususan-da, bu çäräniň dowamynda Mäne baba kümmetinden ýüze çykarylan orta asyr kümüş teňňeler toplumynyň, Abiwerd galasynda gazuw-agtaryş işleri geçirilende ýüze çykarylan muzeý gymmatlyklary bolan, türkmen halkynyň orta asyr ösen maddy medeniýeti barada habar berýän keramika, bürünç önümleriniň Milli «Ak bugdaý» muzeýine gowşurylyş dabarasy boldy.
Bulardan başga-da ata-babalarymyzyň täsin konstruksiýa önümi bolan ajaýyp käriziň akabalaryny berkitmek üçin ulanylan keramikadan ýasalan uly göwrümli halkalar Änewdäki Milli «Ak bugdaý» muzeýine gowşuryldy. Şeýle hem Şähriyslam galasyndan tapylan keramiki gap-gaçlaryň bu muzeýe gowşurylandygy hakynda durlup geçildi.
Bu işler Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji dekabrynda çykaran Karary bilen tassyklanan «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary we hünärmenleri tarapyndan amala aşyrylyp gelinýär.
Abdylhalyk JUMADOW