Oba dünýäli halypa


Oba dünýäli halypa

Suratda: Narmuhammet Kakabaýew maşgalasy Annagözel bilen (1975-nji ýyl).

Halypa ýazyjymyz Narmuhammet Kakabaýew baradaky sözi onuň «Ýürekde galan sargyt» kitabyna Seýitmämmet Hydyrowyň ýazan sözbaşysynda aýdan bir pikiri bilen başlamagy makul bildim: «Ýazyjy Narmuhammet Kakabaýewiň eserleriniň köpüsine muwapyk — mahsus bir ýagdaý, ol hem käwagt awtoryň öz gahrymanlarynyň ruhy ahwalatlary bilen goşulyşyp gidýänligidir».

Men bu jümledäki «käwagt» diýen sözi «hemişe» diýen söz bilen çalyşmak isleýärin. Şeýle pikire halypa ýazyjymyzyň kyssalar kitabyny uly gyzyklanma bilen okap çykanymdan soň geldim. Hakykatdan-da, «Ýürekde galan sargyt» atly kitaby okanyňda, olaryň sünnälenip, syntgylanyp, türkmen ruhuna kybap ýazylan eserlerdigine göz ýetirýärsiň. Onuň «Akgyz», «Ynanma didäm» atly hekaýalaryndaky wakalaryň içinden oba adamlarynyň sadalygy, ynanjaňlygy, beren sözüň yzynda mertlerçe durmak ýaly häsiýetleri eriş-argaç bolup geçýär. Bu ajaýyp kyssalaryň gahrymanlary durmuş ýolumda gabat geläýjek päsgelçiliklerden sowlup geçmegi, nädogry hereketleri etmezligi, ululara sala salmagy ündeýän terbiýe mekdebi bolup hyzmat etdiler.

Ýazyjynyň «Akgyz» hekaýasy barada onuň maşgalasy Annagözel gelneje: «Bu hekaýany Narmuhammet öz ejesine bagyşlap ýazypdy» diýip ýatlaýar.

Narmuhammet Kakabaýewiň terjimehalyna ser salanymyzda, onuň görnükli ýazyjy, halypa žurnalist, ussat mugallym bolmak bilen, dürli ugurlarda baý tejribe toplandygyna göz ýetirýärsiň.

Ol 1973 — 1976-njy ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň üçünji ýylyny tamamlap, 1976 — 1979-njy ýyllarda Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherindäki döwlet uniwersitetiniň žurnalistika bölüminde okaýar. Bu bolsa oňa dünýä edebiýatynyň ägirtleriniň eserleri bilen tanşyp, gözýetiminiň has-da giňemegine täsirini ýetirýär.

N.Kakabaýew tejribeli mugallym bolansoň, eserlerinde ynsan psihologiýasyna çuňňur aralaşmagy başarýar. Esasan-da, çagalaryň we ýetginjekleriň içki dünýäsini beýan etmegiň ezberlik bilen hötdesinden gelýär. Ýazyjynyň «Ýürekde galan sargyt» hekaýasyndaky Myradyň, «Syrly ýük» kyssasyndaky Gullugyň keşplerini we beýleki eserlerindäki oba çagalarynyň keşplerini muňa mysal görkezse bolar.

Ýazyjynyň ýiti galamyndan çykan eserlerinde türkmen zenanlarynyň ajaýyp keşbi-de mynasyp ornuny tapýar. «Gelniň göwün ýüwürtmesi» kyssasyndaky Haltäç gelnejäniň, «Uz ýaşmakly gelin» hekaýasyndaky Ogulmaralyň keşpleri sada, asylly, şol bir wagtda-da işjanly, eli çeper, ula-kiçä mähriban türkmen gelin-gyzlarynyň hakyky keşbini açyp görkezýär. Onuň «Eneler düşüner perzent derdine» diýen kyssalar toplumynda täsirli wakalaryň üsti bilen türkmen öý-ojagynyň ýaraşygy, maşgalanyň abraýy, agzybirliginiň sarsmaz söýesi bolan ene-mamalarymyzyň keşpleri ussatlyk bilen beýan edilýär.

Belli rus ýazyjysy Wasiliý Şukşin rus obasyny we sada oba adamlaryny nähili ýokary derejede suratlandyran bolsa, biziň Narmuhammet agamyz hem eserlerinde obada ýaşaýan zähmetsöýer adamlaryň içki dünýäsini — türkmen häsiýetini ussatlarça açyp görkezýär.

Umuman, halypa ýazyjynyň nusgalyk ömür ýoly we sadadan oba dünýäli eserleri döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar üçin görelde mekdebidir.

Çeşme: «Edebiýat we sungat» gazetiniň 2023-nji ýylyň 24-nji noýabryndaky sany.

Allaberdi PAŞŞYKOW,

Tejen etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy.