Şekillere siňen sungatym


Şekillere siňen sungatym



Türkmenistanyň Prezidenti, hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow ýurt başyna geçen ilkinji günlerinden başlap türkmen halkynyň milli medeni mirasyna, sungatyna aýratyn üns berip başlady. Gahryman Arkadygymyz: “Türkmen halkynyň suratkeşlik, zergärçilik, heýkeltaraşlyk sungatlarynyň akabasynyň gözbaşlary örän gadymy döwürlerden gaýdýar” diýmek bilen biziň sungatymyzyň gadymydygyny belläp geçýär.
Goja zeminde 5 müň ýyldan gowrak taryhy ömri bolan, 70-den gowrak döwletleri guran türkmenleriň taryhy ýollaryny hakyky görnüşinde yzarlamakda medeniýetiň, sungatyň, meşhur akyldarlarymyzyň paýhasly eserleriniň bahasyna ýetip bolmajak ähmiýeti bardyr. Muny milli Liderimiziň: “Döredilýän eserler durmuşdan üzňe däl-de, çuň mazmunly, ýokary çeperçilikli, halkymyzyň milli aýratynlyklaryny we durmuş hakykatyny beýan edýän eserler bolmalydyr” diýen parasatly sözleri hem doly subut edýär. Çünki, islendik milletiň ýa-da halkyň milli medeni mirasy, sungaty öz akabasynyň asyl gözbaşyny arassa saklap kämilleşdirilýändigi mälimdir. Başgaça aýdanyňda, Berkarar Watanymyz dürli medeniýetleri birleşdirýän, halklary dostluk-doganlyga çagyrýan medeni we ruhy galkynyşlaryň gadymy mekany bolandygyny tassyklaýan mukaddesliklerini inçelik bilen baýlaşdyrýandygyny buýsanmak bilen nygtap bolar.
Hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalary bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary bilen birlikde, türkmen medeniýetine, sungatyna, edebiýatyna berilýän üns dünýäniň ösen döwletleriniň iň ýokary talaplaryna kybap gelýän derejede barha artýar. Ösen tehnologiýalary özünde jemleýän, amatly şertleri we mümkinçilikleri bar bolan kaşaň medeni ojaklaryň yzygiderli gurulmagy,
medeniýet, sungat işgärleriniň hünär derejeleriniň ösdürilmegine aýratyn ünsüň berilmegi türkmen medeniýetiniň galkynmagyna itergi berdi. Döwrebap eserler bilen baýlaşdyrylýan medeniýetimiz, sungatymyz we edebiýatymyz bagtyýar watandaşlarymyzyň watançylyk ruhuny belende götermäge, belent maksatly işlere galkyndyrmaga, ýaşlarymyzyň medeni aň-bilim derejesini ýokarlandyrmaga uly ýardam berýär.
Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň tagallasy bilen her ýylyň 27-nji iýunynda ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bilelikde bellenilmeginiň hem çuňňur manysy bardyr. Bu şanly sene milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň, edebiýatymyzyň özara baglanyşygyny, bitewiligini emele getirýär, sungat bilen şygryýetiň durmuşdaky ähmiýetini artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeligi «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda Lebap welaýatynda geçirildi. Bu çäre bilen baglanyşykly Gahryman Arkadagymyzyň: “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik ösüşlerine beslenen Lebap topragy türkmen taryhynyň şöhratly sahypalaryny, milli gymmatlyklarymyzyň, medeni mirasymyzyň nusgalyk görnüşlerini özünde jemleýän gadymy mekanlaryň biridir. Bu mirasy toplamak, öwrenmek, geljekki nesillerimize ýetirmek we dünýä ýaýmak medeniýet ulgamynyň işgärleriniň öňünde durýan möhüm wezipedir ” diýip aýdan parasatly jümleleri medeniýet ulgamynyň wekilleriniň her biri üçin kalplara siňýän şygara öwrüldi.
Bu şygaryň muzeý ulgamynyň işgärleri üçin özboluşly manysy bardyr. Çünki, mirasymyza – maddy-ruhy gymmatlyklarymyza sarpa goýmak işi muzeýler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Millilige, ynsanperwerlige, ýagşylyga ýugrulan maddy-ruhy gymmatlyklarymyzy öwrenmek, dünýä ýaýmak, olara halkara ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek muzeý ulgamynyň wekilleri üçin jogapkärli wezipedir.

Ýurdumyzyň beýleki muzeýleri bilen bir hatarda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýi hem türkmeniň maddy-ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän medeni ojaklaryň biri hasaplanýar.
Şekillendiriş sungaty muzeýi mähriban Diýarymyzyň döwlet we halkara derejesinde geçirýän syýasy we beýleki medeni köpçülikleýin çärelerine işjeň gatnaşýar. Türkmeniň milli, medeni, taryhy, ruhy gymmatlyklaryny dünýä ýaýmak, olara halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek maksady bilen Şekillendiriş sungaty muzeýimiz yzygiderli wagtlaýyn we göçme sergileri guraýar. Muzeý türkmen mukaddesliklerini diňe bir sergilemek işine däl-de eýsem, olary ylmy taýdan düýpli öwrenmäge hem aýratyn jogapkärçilik bilen çemeleşýär.
Şu ýyl ýurdumyz boýunça giňden bellenilip geçilen Medeniýet hepdeligine Şekillendiriş sungaty muzeýimiz ýokary guramaçylyk derejesindäki taýýarlyk bilen gatnaşdy. Hususan-da, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasyndan Türkmenistanyň halk suratkeşleri A.Hajyýewiň, D.Baýramowyň, Ş.Akmuhammedowyň, heýkeltaraşlar, O.Gurbanow , A.Ataýewiň döreden eserleri sergide görnükli orunlary eýeledi. Halypa suratkeşler Magtymguly Pyragynyň, Alty Garlyýewiň, Nury Halmämmedow ýaly ussatlaryň keşbine ýüzlenip öz eserlerini döretdiler.
Bu günki gün Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi muzeýde gurnalýan wagtlaýyn sergiler bilen çäklenmän göçme sergileri hem yzygiderli geçirýär.

Läle Annamyradowa