Bitaraplyk binýady
Ykbaly galkynyp, döwrany dönen,
Türkmeniň jahana ýaň saldy ady.
Pederleň yhlasy siňen toprakda,
Baky hem berk Bitaraplyk binýady.
Ýaşalýandyr munda bir maksat tutup,
Aýdylýar aýdymy parahatlygyň.
Nusga alyp dünýä dolan milletden,
Ganaty asmana galýar şatlygyň.
Gadymýetiňjümmüşinde—owalda,
Türkmen saýlan asudalyk ýoluny.
Akyl-paýhas höküm sürse dünýäde,
Gönenýändir düzüw tutan pälini.
Oguzlaň däbidir millet jem bolup,
Bir agyza bakýan döwleti gurmak.
Giňden açyp dost-dogana gapysyn,
Dünýä halklaryna gujagyn germek.
Eger şert goýsalar, türkmen ýaýdanman,
Parahatlyk ýolun saýlar görnetin.
Bu däp dowam edýär arkama-arka,
Çünki adyl Lideri bar döwletiň.
Gunça AMANSÄHEDOWA