KEŞDELERDE JEMLENEN TÄSINLIK


KEŞDELERDE JEMLENEN TÄSINLIK



Tebigatyň ýiti synçysy bolan türkmen zenanlary owadan gülleri — çopantelpekleri, çigildemleri, çynar bagynyň ýaprajyklaryny synlap, olaryň gözelliklerini çyrpylarynyň nagyşlaryna siňdiripdirler. Çyrpy kellä atylýan, ýeňil başatgyç. Çyrpylaryň gyralary gyrasarysyz, elde dokalan ýaşyl, ak keteniden, käbirleri ak nah matadan hem tikilipdir.
Ýaz paslynda ýaşyl ýaýlalarymyzyň bezegi bolan owadan meýdan güllerimiziň birem çopantelpekdir. Çyrpylara salynýan «çopantelpek» nagşynyň depesinde bolsa «tamdyragulak» nagşy keşdelenýär. «Tamdyragulak» nagşy türkmen milli saz guraly bolan dutaryň (tamdyranyň) gulagynyň şekilidir. Bu nagyş tamdyranyň gulagyny ýatladyp dur.
Şeýle-de, zenanlarymyz çyrpylaryna asman jisimleriniň şekillerini hem nagyşlapdyrlar. Sary we ak çyrpylaryň esasy nagyşlarynda şöhle saçyp duran Günüň we Aýyň şekilleri keşdelenipdir. Nagyşlar gyzyl, ak, sary, ýaşyl, açyk gök, goýy gök, çal ýüpekler bilen keşdelenip, onuň ýeňlerine «şelpeliçigildem» nagşy salnypdyr.
Irki döwürlerde adat boýunça gelin gaýdyp gelende gaýynenesine sowgat hökmünde ak çyrpy getiripdir. Keşdeçilerimiz türkmen topragynda ösýän owadan çynar bagyny, onuň ýaýrap duran ýapragyny synlap, çyrpylaryna keşdeläpdirler. Çyrpylaryň «çynarýaprak» nagşy bilen «çigildemgül» nagşy gezekleşdirilip keşdelenenleri hem bar. Ýakasyna bolsa göz-dilden gorasyn diýip «dogajyk», «gyzylalaw» nagyşlary keşdelenipdir.

Adamlaryň durmuşy hemişe tebigat bilen baglanyşykly bolupdyr. Gülleriň owadanlygy, näzikligi, otlaryň, baglaryň täsin alamatlary, tebigatyň gözel görnüşleri kalbyňy heýjana getirýär. Olar döredijilige itergi berýär. Şeýle-de, çyrpylarda «kebelek», «siňirme», «atanak», «gazaýak» ýaly nagyşlar hem duş gelýär. Tolkun şekilli «egrem» nagşy özüniň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. «Egrem» nagyşlary bilen gadymy küýzegärler özleriniň küýzeleriniň ýüzüni bezäpdirler.
Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen gözel paýtagtymyzda muzeýler gurlup, ulanylmaga berildi. Ol muzeýlerdäki gymmatly eksponatlar ildeşlerimiz bilen bir hatarda, daşary ýurtly myhmanlarda hem uly gyzyklanma döredýär. Türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, etnografiýasyny, tebigatyny dünýä ýaýmakda muzeýlere möhüm orun degişlidir. Şeýle ajaýyp zamanada ýaşamaga, zähmet çekmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize hoşallygymyz bimöçberdir.

Nurgözel Orazowa