Atda aýak bolsa...


Atda aýak bolsa...



Heniz 1935-nji ýylda dört müň üç ýüz kilometr aralyga guralan Aşgabat — Moskwa atly ýörişine gatnaşmak, 1960-njy ýylda Rimde, 1964-nji ýylda Tokioda, 1968-nji ýylda Meksikanyň paýtagtynda geçirilen Bütindünýä olimpiýa oýunlarynda birinji orna eýe bolup dünýä halklaryny haýrana goýan ýelden ýyndam bedewlerimiz hakynda aýdymlar ýazyldy, olaryň çawy äleme doldy. 1999-njy ýylda Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynda geçirilen dünýä çempionatynda ýeňiji bolan Ýanardag atly ahalteke bedewimiziň owadan şekili bolsa, Döwlet Tugumyzyň bezegine öwrüldi. Biz şu ýerde ХХ asyryň ortasynda iki metr on iki santimetr beýikligi bolan päsgelçilikden böküp geçmek arkaly dünýä rekordyny täzelän Arap, şonuň ýaly-da uzynlygyna sekiz metr ýetmiş sekiz santimetr aralygy böküp geçmek bilen dünýä rekordyny goýan Perepel atly türkmen bedewleriniň dünýä dolan şan-şöhratyny ýatlap geçmegi özümiziň raýatlyk borjumyz hasap etdik.

Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde eziz Diýarymyzda çawy dünýä dolan Türkmen bedewiniň baýramynyň giňden, dabaraly bellenýändigi, oňa gabatlanylyp «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly halkara maslahatynyň we ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşiginiň geçirilýändigi hakynda bellemelidiris. Halkara gözellik bäsleşigine gatnaşýan iň bir naýbaşy, saýlantgy bedewleriň arasynda hem ýeňiji bolan, şeýlelikde, jemleýji tapgyrda çykyş etmäge hukuk gazanan iň bir mynasyp on atyň arasynda geçirilýän bäsleşikleriň iki tapgyra bölünip, gözellik ýaryşynyň birinji tapgyrynda bedewleriň eýer-esbapsyz, tebigy kämilliginde orta çykarylýandygy, ikinji tapgyrynda bolsa owadan eýer-esbaply, ussat zergärler we seýisler tarapyndan taýýarlanan diýseň göze gelüwli, gymmat bahaly şaý-seplere beslenen atlarymyzyň orta çykarylýandygy bellärliklidir. Jemleýji bäsleşigiň dowamynda orta çykarylan ýelden ýüwrük, gyz gylykly, ynsan häsiýetli bedewlerimiz çalasyn hereketleri, özlerine berilýän buýruklary birkemsiz, ýokary derejede ýerine ýetirijilik ukyplary bilen artykmaç taraplaryny görkezýärler. Belli atşynaslardan, döredijilik äleminiň wekillerinden düzülen emin agzalaryndan ybarat toparyň beren bahalaryna görä, ýeňiji bolan bedewe hem-de onuň eýesine her ýylyň aprelinde hormatly Prezidentimiziň bellän Baş baýragynyň, şeýle-de baýrakly orunlara mynasyp bolanlara dünýäniň iň bir naýbaşy ýeňil awtoulaglarynyň açarlarynyň gowşurylýandygy guwandyryjydyr.

Edermen eždatlarymyz tarapyndan bedewlere bagyşlanan «At agynan ýerde toý bolar», «At münen alysa gözlär», «Atda aýak bolsa, özge syn bolmaz», «At bir basman diýen ýerini müň basarmyş», «Ak göwünliň aty armaz», «At iýmeýän ajy otlaryň biteninden bitmedigi ýeg», «Aty baryň, ganaty bar», «Bedew at menzil keser», «Bedewi mert münse, çohdur peýdasy», «At ürken ýerinden, är gorkan ýerinden», «At atyň yzyndan daljygyp ýeter, düýe düýäniň yzyndan ajygyp»... ýaly nakyllar hem atalar sözleri döräpdir. Munuň özi meşhur «Kowusnamada»: «At bilen ynsanyň tebigaty meňzeşdir» diýlip bellenilişi ýaly, at bilen adamzadyň hüý-häsiýetinde, ýaradylyşynda, ýasawynda, duýgurlygynda meňzeşligiň bardygyny görkezýär. Magtymguly Pyragy aýdyşyk goşgusynda «Bedew atdyr adam ýaly syzýar» diýýär.

Ata-babalarymyz at müneniň diňe bir alysa gözlemän, eýsem onuň süňňüniň hem sagat bolýandygy barada belläpdirler. Munuň şeýledigini serkerde şahyrymyz Seýitnazar Seýdi: Bedew münen hassa bolsa, sag olur,

Çeşmi hyra olur, keýpi çag olur...

diýip bellese, biziň eýýamymyzyň IV asyrynda ýaşan belli lukman, filosof Gippokrat: «Adamlar, at münüň, atdan örküňizi üzmäň, bedew kimin sagdyn bolarsyňyz» diýip belleýär. Bedewler bilen arasy saz, olara mähir-yhlas siňdirýän, aty ganaty hasaplaýanlaryň bolsa on iki synasynyň kadaly işleýändigi, kesellere garşy durujylygynyň güýçli ösen, hatda at bilen dostlaşan dogabitdi dertlileriň hem dertlerinden saplanyp, barha sagdynlaşýandygy hakynda bu ugurda işleýän hünärmenler aýdýarlar. Biz şu ýerde hatda edermen eždatlarymyz tarapyndan adamlaryň gaýratlylyk meselesine hem atyna görä baha berlendigini ýatlamalydyrys. Çünki Magtymguly Pyragy:

Ýigidiň bolmasa, ýaragy-aty,
Şony belli biliň, ýokdur gaýraty
diýip belleýär.

Ata-babalarymyzyň uçar ganatyna hem edil perzendine sereden ýaly, sarpaly çemeleşendigi barada biziň eýýamymyzdan ozalky 490-430-njy ýyllarda ýaşan grek taryhçysy Geradot «Taryh» kitabynda «Olar atlaryna hem göwüsbent ýaly mis sowutlary geýdirýärler. Uýanlaryny, agyzdyryklaryny we bilçeki uçlaryny bolsa altyn bilen haşamlaýarlar» diýip ýazan bolsa, ondan biraz soňrak bu tema çemeleşen, grek taryhçysy hem geografy Strabon «Geografiýa» kitabynda «Olaryň atlarynyň uýanlary hem egin gaýyşlary altyn çaýylan bezegli» diýip ýazýar. Edermen eždatlarymyzyň atyny söýşi, käbir ýagdaýda janyndan eý görşi, bedewine yhlas edişi hakynda mundan iki ýüz ýyldan gowrak öň ýurdumyza gelen, türkmenler bilen duz-emek bolan wenger syýahatçysy Armeni Wamberiniň bu ugurdan ýazyp galdyran edebi mirasy has-da gyzyklydyr. Ol özüniň sene ýazgylarynda pederlerimiziň atlaryna çemeleşişi barada şeýle belleýär: «Türkmenleriň baş ýaragy gürrüňsiz suratda atlardyr, şonuň üçin hem ol gerçekler atlaryny öz ýakynlaryndan, hatda özünden-de zyýat söýerdiler. Olaryň atlara şeýle yhlasly ideg edişlerini, aýazdyr tüp yssydan goramak üçin olaryň endamyny ýyly zatlar bilen ýapyşlaryny, atlaryny we at eýerlerini sünnäläp bezeýişlerini synlamak täsindir we geňdir. Hakykatdan hem ajaýyp türkmen bedewleri şeýle hormata, alada doly mynasypdyr, olaryň ýüwrükligi, çydamlylygy barada aýdylan ähli zatlarda jinnek ýaly hem ulaltma ýokdur».

Taryha ser salsak, eždatlarymyzyň «Altyn gabak atmak», «At çapmak», «Telpek gapmak», «Çowgan», «Çapyp barýan atyň gapdalynda bukulyp, hiç kime görünmän, üýşüp duran adamlaryň ýanyndan geçmek» ýaly ýaryşlary, oýunlary guramak arkaly atçylyk sportyny ösdürendiklerine şaýat bolýarys. Şeýle ýaryşlar we oýunlar, esasan, toýlarda guralypdyr. Ýeňijiler we ikinji, üçünji orunlary eýelänler üçin baýraklar bellenipdir.

Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan medeniýet we sungat ussatlarynyň, ýazyjy-şahyrlaryň, suratkeşleriň hem-de beýleki döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda Köpetdag şaýolunyň ugry boýunça «Atly aýlawa» we «Polatly aýlawa» gezelençleriň guralýandygy, gezelençleriň dowamynda ýazyjy-şahyrlaryň türkmen bedewlerine bagyşlanan eserlerini okaýandygy, suratkeşleriň behişdi bedewleriň suratyny çekýändigi, bagşy-sazandalaryň bu ugurdan aýdym-saz edip bermek bilen, tomaşaçylaryň, diňleýjileriň göwünlerini awlaýandygy bellärliklidir. Şeýle-de paýtagtymyzda we welaýat merkezlerinde türkmen bedewine bagyşlanan sergilerem guralýar. 2016-njy ýylyň 5-nji maýynda «Aşgabat-2017-niň» başlanmagyna 500 gün galanda «Nusaý» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň deňinden 17 sany saýlama atly çapyksuwaryň milli Liderimizden ak pata alyp, eziz Diýarymyzyň welaýatlary boýunça ýörişe ugrandygy, paýtagtymyzyň Olimpiýa stadionynyň baş bezegine öwrülen ahalteke bedewiniň şekiliniň dünýä ýüzünde bedew atyň iň uly çeper şekili hökmünde Ginnesiň rekordlary kitabyna girizilendigi, Akhan atly bedewde «Aşgabat-2017» oýunlarynyň alawynyň ýakylandygy, ildeşimiz Nikolaý Beglarýanyň Toýçy atly ahalteke bedewi bilen atly sport (konkur) boýunça Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çempiony bolup, halkara ýaryşynyň altyn medalyny gazanandygy, soňky bäş-on ýyllykda halkara derejesinde atly sporty ösdürmek maksady bilen gurlan binalar we sport toplumlary eziz Watanymyzda türkmen bedewine nä derejede uly hormat goýulýandygyny görkezýär.

Abdylhalyk JUMADOW