Türkmenistanyň halk bagşysy Mylly Täçmyradow (1885-1960)


Türkmenistanyň halk bagşysy
Mylly Täçmyradow
(1885-1960)



Hormatly Prezidentimiziň «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda: «Mylly Täçmyradowyň özi bara-da gyzykly ýatlama saklanyp galypdyr. Uruşdan soňky ýyllarda bagşylar radio boýunça göni ýaýlymda çykyş edipdirler. Mylly Täçmyradow «Näler göründi» diýen sazy çalyp bolan badyna, konserti alyp baryjy düzgüne görä, dessine mikrofony öçüripdir. Şonda Mylly aga maňlaýynyň derini sylyp: «Oglum, sazyň ahyrynda kirişlere iň soňky gezek kakanyňdan soňam, olaryň owazy ýaňlanyp durýar, şony eşitmedik diňleýji kanagatlanman galar. Sazyň özi bolsa guýruksyz guşa meňzär» diýipdir. Bu sözler sazandanyň halk mirasyny örän inçelik bilen duýanlygyna şaýatlyk edýär» diýip belleýär.

Mylly Täçmyrat ogly 1885-nji ýylda Gökdepäniň Ýaňgala obasynda dünýä inýär. Ese-boýa galan ýaşajyk Myllyda dutar öwrenip saz çalmak höwesi döräp başlaýar. Oglunyň saza bolan höwesini duýup kakasy oglyna dutar alyp berýär. Myllynyň dutara-saza bolan höwesi barha artýar.

«Size ýalan, maňa çyn. Şol günler ýadyma düşende, depe saçym üýşýär. Dutar düzmesini agamdan we Berkeli bagşydan öwrenen hem bolsam, entek çalyp bilýän zadym ýokdy. Şatlygymdan dutary düzüp, ony ýene ýaňadan bozardym, ýene düzerdim. Şeýlelik bilen obanyň oglan-gyzjagazlaryny daşyma üýşürip, özimi eýýäm sazanda saýardym. Meniň ilkinji öwrenen sazym «Derdiňden» diýen heňdi. Muny maňa Welmyrat öwretdi. Soňraky öwrenen heňim «Gaýraky ýabyň boýynda» diýen heňdi. Ol günler ýatdan çykarar ýaly günler bolmady. Şatlygyň, ylhamyň nämedigini men ilki gezek şol günler duýupdym» diýip, Mylly halypanyň ýatlamalarynda gürrüň berilýär.

Ogly 12 ýaşyna ýetende Täçmyrat mirap goş-golaňyny düýä ýükläp, Aşgabada gelmeklik bilen ýaş Myllynyň dutara höwesi has hem artýar. Şu ýerde ol Mämmet Myrat ussadan «Aýalyň salmadan towsuşy», «Sabyr jan», «Nar agajy» diýen heňleri öwrenýär. «Arap hatyna çakgan, haýty köwüşi ilki tikip çykaran» ussany Mylly öziniň başlangyç halypasy diýip tanaýar. On bäş ýaşyna ýetende Mylly, ady belli Sary bagşy bilen duşuşýar. Sary bagşy – türkmen halk aýdym-sazy ugrunda asyrlaryň iň gowy däpleriniň siňen adamsydy. Bu duşuşyga Mylly az-kem synaglardan geçip gelipdi. Bagşyny, sazandany kowmakda Myllynyň özine ynamy bardy, emma ol bu ynamy öziniň iň gizlin syrlarynyň bir diýip bilýärdi. Hakykatdan hem Sary bagşyda sazandarlyk we bagşylyk bilelikde bir tende bir jan hem bolsa, Sary ilki bilen bagşy, soň bolsa sazandady, emma Kel bolsa sazda... ony diňe özi bilen deňeşdirmek bolýardy. Ol halypalaryň halypasydy. Mylly Kel agany sazda kowmaklygy iň jogapkär iş diýip bilerdi, çünki onuň dutarda edýän zatlaryny etmek asla akyla sygmaýardy. Kimde-kim onuň ussatlygyna golaýlaşaýsa, oňa ökde sazanda adyny ikirjiňlenmän gowşuraýmalydy. Mylly bu böwetden hem geçdi, ussat ony gowy kabul etdi. Kel aga bilen ilki duşuşyk ýaş sazanda uly täsir edýär, ol köp wagt şol täsir bilen ýaşaýar. Kel agany bir görüp bolaýsa diýip gije-gündiz arzuw edip ýören adam birden ikä... uly märekede, Kel bagşyny sazda kowmaly bolýar. Keli bagşyny sazda kowmak!.. Kel bagşy: «Sen, Mylly jan, Sary bagşydan köpräk öwreneweri, ýogsa ikimiziň aratapawudymyz ýeriň ol ujy ýalydyr» diýipdir. Şeýlelik bilen uly ussatlardan taglym alyp, köp märeke-meýlisde Mylly özüni tanadýar. Myllynyň kakasy oglunyň ustünliklerini görüp, oňa öz ömrüni diňe sazandalyga bagyş etmegi wesýet edýär. Türkmen sazynyň gözleginde bolup, ýurdumyzyň dürli ýerlerine aýlanan alym W. Uspenskiý Mylly Täçmyrat bilen Gowşut obasynda duşuşýar. Ýerine ýetirijilik kämilligine hem-de biçak gor baýlygyna bada-bat göz ýetiren W.Uspenskiý Myllynyň çalýan sazlarynyň dördüsini ýazyp alýar.

Mylly Täçmyradow 1930-njy ýylda Halk saz gurallary ansamblyna dutarçy bolup işe girýär we tä ömrüniň ahyryna çenli, biregne şol ýerde işleýär. Halk saz gurallary ansablyny döredýär.

Sazlaryň baýlaşmagy saz senetleriniň baýlaşmagyny talap edýär. Elbetde, saz gurallarynyň durkyny täzelemekde ezber Bäşim Nuraly öňe çykýar. «Dutarlar maşgalasynda» dutar şekilli wiolonçel, prima (kiçi göwrümli), sekunda (ulurak), alt (oňa görä ulurak), bas dutar, kontrabas dutar peýda bolýar. «Gyjaklar maşgalasynda» hem 1-nji gyjak, 2-nji gyjak, alt gyjak, wiolonçel gyjak döredi. Ol türkmen halk saz mukamlarynyň içinden aralap, köpçülikleýin ýerine ýetirip bolaýjaklaryny saýlap, bu täze işiň daşyna ymykly geçip ugrapdyr. Emma şagirtleriniň ýekelikde özboluşly ýerine ýetirijilik ukyplaryna welin hemişe aýratyn üns beripdir, ol bu talaby hergiz elden bermändir.

Täçmämmet Suhanguly, Sary bagşy, Hally bagşy, Hanmämmet gyjakçy ýaly ussatlar bilen geçen asyryň 20-30-njy ýyllarynda tirkeşip, ençeme toýlary sowan Mylly Täçmyradyň ussatlygyna onuň döwürdeş kärdeşleri Nobat bagşy, Hydyr bagşy, Garly bagşy, Oraz Salyr, Sahy Jepbar kimin birgiden görnükli bagşy-sazandalar ýokary baha beripdirler.

«Türkmen sazynyň goja bagbany» hasaplanan Mylly aganyň atalyk-halypalyk mährinden ganyp kemala gelen Şamyrat Gurbannepesow, Hojamämmet we Çary Täçmämmedowlar, Jepbar Hansähedow, Ata Ablyýew, Ýagmyr Nurgeldiýew ýaly zehinli sazandalar «Türkmenistanyň halk bagşylary» bolup ýetişdiler. Mylly aganyň aýratyn yhlas bilen çalan joşgunly mukamlaryny ine-gana diňläp, olardan ylham alan Nury Halmämmedow, Aşyr Kulyýew, Weli Muhadow dagy ýokary çeperçilikdäki birgiden täze saz eserlerini ýazdylar. Mylly aganyň 1941-1945-nji ýyllaryň urşy ýyllarynda we ondan soňky döwürlerde döreden «Ugradyş», «Hüjüm», «Ýeňiş», «Bahar» ýaly birnäçe sazlary mukamçy kompozitorlarymyz üçin tapylgysyz nusga öwrüldi.

Gadymdan gelýän näzikden şirin heňlerimiziň, örän çylşyrymly hem-de ýerine ýetirijiden ýokary ussatlygy talap edýän ajaýyp mukamlarymyzyň biziň günlerimize gelip ýetmeginde bahasyna ýetip bolmajak hyzmatlary bitiren Mylly aga örän köpsanly sazlary ýazga beripdi. «Jereni kyblam», «Hajygolak», «Ýandym», «Heserli» kimin meşhur halk mukamlarymyzyň täze nusgalaryny döredip, dutarçylyk sunedimizi belende göteren Mylly Täçmyrat ogly 1960-njy ýylda aradan çykýar. Bu beýik sazandanyň ýadygärligine bagyşlanyp birgiden edebi, saz hem-de çeperçilik eserleri döredildi. Ýurt Garaşsyzlygyny alan ilkinji ýyllarymyzda bolsa, oňa «Türkmenistanyň halk bagşysy» diýen hormatly at dakyldy.

Çyrar Gurbanow