Ýurt ösüşleriniň ýalkymy


Ýurt ösüşleriniň ýalkymy



Watan ezizligi, Watan mukaddesligi hemme zatdan ýokarda durýar. Eziz Diýarymyzyň waspy dillerde dessan bolup ýaňlanýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň «2021-nji ýyly — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi çuňňur mana eýedir. Munuň özi, milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda parahatçylyk söýüji, hoşniýetli we ynsanperwer ýörelgelere eýerýän, özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegi ileri tutýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýädäki at-abraýynyň hasda ýokarydygyny aýan edýär.
Parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, sebitiň hem-de dünýäniň döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesidir. Milli Liderimiziň parasatly pähim-paýhasy netijesinde ýurdumyz ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň tarapdary bolmak bilen, dürli derejede, hususanda, halkara guramalarynyň çäklerinde häzirki we geljekki nesiller üçin uly ähmiýetli başlangyçlardyr teklipleri yzygiderli öňe sürýär hem-de şolary çözmäge çagyrýar.
Taryh üçin gysga döwrüň içinde dünýä döwletleri bilen dostluk we hyzmatdaşlyk üçin açyk bolan Türkmenistan ösüşiň demokratik ýoluna doly eýerýändigini tassyklady. Ýurdumyz kuwwatly we abadan döwlet hökmünde dünýädäki abraýyny has-da berkitdi. Ygtybarlylygy, howpsuzlygy kepillendirýän hyzmatdaşa, parahatçylygyň merkezine öwrüldi. Şonuň bilen birlikde häzirki wagtda Türkmenistan Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmak, senagat mümkinçiliklerini artdyrmak, durmuş düzümini döwrebaplaşdyrmak, sebitleri toplumlaýyn ösdürmek, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
Öz ojagynda bagt, şatlyk duýýan ynsan dünýäde iň bagtly adamdyr. Gahryman Arkadagymyz parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny yzygiderli ýöredip, il-günümize asuda, abadan durmuşy, baky bagty bagyş etdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri gülleýşiň, ösüşiň eýýamydyr. Munuň netijesinde ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegine, dünýäniň, ykdysady giňişligine üstünlikli goşulmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Gözel Diýarymyzyň obadyr şäherçelerini, etrap merkezlerini abadanlaşdyrmak, döwrebap ýaşaýyş jaý toplumlaryny gurmak, öňdebaryjy tehnologiýaly iri senagat toplumlaryny döretmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu özgertmeler döwletimiziň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün edip, halkymyzyň hal-ýagdaýyny düýpli ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Milli Liderimiz ata Watanymyzyň gazanýan üstünliklerinde, eýeleýän belent sepgitlerinde mähriban halkymyzyň, hususanda, ýaşlarymyzyň hyzmatynyň örän uludygyny aýratyn belleýär, Watanymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegi bolan ýaşlarymyzyň alyp barýan işlerine ýokary baha berýär.
Ýaşlar barada uly alada edip, ýurdumyzy ösüşlere sary alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Döwlet BABAÝEW