Medeni mirasyň zynaty
Türkmen halkynyň kämil derejä ösüp ýeten halk senetçiliginiň biri-de zergärçilik sungatydyr. Zergärçilik birnäçe müňýyllyklaryň dowamynda ösüp, inçe sungat derejesine çenli kämilleşipdir. Halkymyzyň milli buýsanjy bolan zergärçilik sungaty çeperçilik taýdan hem-de nepisligi, dürli-dürli görnüşliligi bilen tapawutlanýar. Kalplara mähir çaýýan şaý-sepler gelin-gyzlaryň eý görýän zynatlarynyň biridir. Türkmen gelin-gyzlaryny şaý-sepsiz göz öňüne getirip bolmaýar.
Taryhy maglumatlara görä, günbatar Türkmenistanda iň gadymy zergärçilik ussahanasy döräpdir. Bu pikir Gubaseňňir gaýasynda gadymy adamlaryň ussahanasynyň hem-de deňiz balykgulaklaryndan ýasalan şaý-sepleriň tapylandygy bilen tassyklanýar. Ýurdumyzyň çäklerindäki Göksüýri, Änew, Namazgadepe, Altyndepe ýaly gadymy ýaşaýyş ýerlerinde hem şaý-sepleriň dürli görnüşleri tapylýar. Bu ýerde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan gymmatlyklaryň arasynda irki döwürlerde ýaşan ilkinji zergärler tarapyndan ýasalan gelin-gyzlaryň şaý-sepleriniň altyndyr kümüşden, misden nusgalary bar. Irki döwürlerde dürli şaý-sepler, bilezikdir monjuklar, gülýakadyr dürli halkalar ýasalypdyr.
Türkmeniň zergärçilik sungatynyň özboluşly milli aýratynlygy bar. Türkmen zergärleriniň ýasaýan şaý-sepleri çeperçilik taýdan tapawutlanýar. Olaryň ýasalyşynda, nagyşlarynda halkymyzyň geçmiş taryhy, paýhasy, milli aýratynlygy, ruhy dünýäsi we döredijilik ukyby öz beýanyny tapýar. Biziň halkymyzda «Senet näçe gadymy bolsa, şonça-da hakykydyr, näçe hakyky bolsa, şonçarak hem müdimidir» diýen pähime öwrülen çuň manyly jümleler bar.
Halkymyzyň paýhas eleginden elenen «Zer gadyryny zergäri biler», «Dür ýasalmaz ussatsyz» ýaly jümleler türkmeniň zergärçilik sungatyna aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Irki döwürlerde ata-babalarymyz şaý-sepi ýasamak üçin metallaryň we daşlaryň aýry-aýry görnüşlerini ulanandyklaryny hem bellemelidiris.
Zergärçilik sungatynda, esasanda, şaý-sepleri ýasamak bilen erkek kişiler meşgul bolupdyr. Olara halk arasynda zergär, çeper senetgär, kümüşçi ussa, kümüş ussasy hem diýlipdir. Kümüş ussalary türkmen milli şaý-sepleriniň dürli görnüşleriniň ýasalyşynda özboluşly milli aýratynlygyny, öz ýoluny görkezmegi başarypdyrlar.
Ata-babalarymyz sap kümüşden bolan şaý-seplere gyzyl çaýmak işini ir säherde, daňdanyň tämiz howasynda, janly-jandaryň süýji ukuda ýatan, yryma görä, ýagşyzadalaryň, perişdeleriň rysgal-döwlet paýlaýan wagtynda ýerine ýetiripdirler. Ussat zergärlerimiziň ýerine ýetiren işleri, asylly hünäri, biziň günlerimize gelip ýetipdir.
Milli şaý-seplerimiziň görnüşleri örän kändir. Olaryň ähliside gözelligi bilen haýrana goýýar. Türkmençilikde şaý-sepler ýaş aýratynlygyna görä dakynylýar. Gadym döwürde zenanlarymyz şaý- sepleri diňe bir bezeg üçin dakynman, eýsem, maňlaýa, boýna, döşe, ele dakylýan dürli bezegler olaryň gorag serişdesi hem bolup hyzmat edipdir. Çünki biz taryhdan merdana zenanlarymyzyň geçmişde Watan üçin zerur bolan halatynda ýigitlerimiz bilen deň durup söweşendiklerini bilýäris.
Türkmende uçar ganatymyz bolan ahalteke bedewlerinide şaý-sepler bilen bezemek ýörgünlidir. Ata-babalarymyz bedew atlara degişli şaý-sepleriň hem ençeme görnüşini ýasapdyrlar. Şeýle ajaýyp şaý-seplerimiz bedewlerimiziň gözelligini hem-de syratyny açyp görkezýär. Bedew atlarymyza niýetlenen gaş, doga bagy, maňlaýlyk, älem gaýyş ýaly ençeme şaý-seplerimiz bar.
Halkymyzyň gadymy we kämil milli mirasyna degişli bolan şaý-seplerine ata-babalarymyzyň ýagşy umyt-arzuwlary siňipdir. Şonuň üçin hem olar goralmaga, baky mukaddeslik saýylyp, asyrdan-asyra, nesilden-nesle geçirilmäge mynasypdyr.
Humaý JUMAÝEWA