Toý çelpegi


Toý çelpegi



Çelpek toý saçagynyň milli tagamlarynyň biri. Käbir etraplarymyzda, obalarymyzda dowam edip gelýän däbe görä toýda köpçülik bolup çelpek ýaýylýar. Atgulak asylýar, toý süýjüligi taýýarlanylýar. Onda haltajyklar tikilýär we içine süýji-köke salynýar. Toý süýjüligi diýlip atlandyrylýan haltajyklar goşalandyrylyp çatylýar. Ol gün goňşy-golam, garyndaşlar jübütlenip çatylan süýjülikleri hem-de atgulak getirýärler we toý eýesine “Toýuňyz gutly bolsun!”, „Agzybiri bolsun!”, “Goňşyňyz gutly bolsun!”, “Ýaşlar bagtly bolsun! ýaly arzuw-dileg edýärler. Atgulak görnükli edilip, duldan asylyp goýulýar. Toýa saçakly gelinýär. Saçagyň üstünde düwünçek, jübüt çatylan toý süýjüligi bilen atgulak bolýar. Atgulagy ýakyn hossarlar sekiz-on jübüt edip asýarlar. Saçaklar yzyna boş goýberilmeýär. Oňa toý düwünçegi salynýar. Toý düwünçegi hem türkmeniň gowy dessurlarynyň biri bolup, ol toýuň süýji tagamyny beýlekilere dadyrýar. Toý düwünçeginiň içine diňe toý süýjüsidir kökesi däl-de, oňa adamlar öz ýagşy arzuw-niýetini hem düwýär. Ol düwünçekler toý paýlary bilen yzyna dolanyp gelýär. Her kim toý düwünçegini toýuň iň gowy alamaty hökmünde kabul edip, “Toýdan ýetirsin” diýip müň arzuw bilen ýüzüne sylyp, kabul edýär.

Ak gyňaçly eneler toýuň gelşigi, esasy maslahatçysy hökmünde sylanýar we olara törden orun berilýär. Öý eýesi ilki bilen şolaryň başyna toý ýaglygyny daňýar. Şol gün ir bilen çelpeklik hamyr edilýär. Hamyr ýugurmaga ökde zenanlar tarapyndan ýugrumy ýetende çelpeklik hamyr ýag çalnan ýaly ýalpyldap durýar. Hamyr ýarym sagat çemesi demini alandan soň, ol çaklaňja böleklere bölünýär. Hamyryň deň bölünmegi hökmany hasaplanýar. Ýaşuly aýallar çelpeklik hamyry böleklere bölýärler we azajyk ýaglap, togalap goýýarlar. Çelpegiň hamyry üzülýärkä gelin-gyzlar:

Üzüm-üzüm üzülsin,
Toý çelpegi ýaýylsyn.
Toýlar tutýan agamyň,
Ogul-gyzy düzülsin! –

diýip, degşip-gülşüp, ýagşy dilegler edýärler.
Çelpegiň hamyryny köplenç ýaşuly eneler üzýär. Hamyr üzmek işi tamamlanandan soň, şu öýde ýene-de toý bolsun, saçak mydama çörekli bolsun diýen yryma görä kendirikde esli urba bilen iki bölek hamyr galdyrylýar. Çelpek taýýarlamak üçin hamyry ýaýmak işi başlaýar. Bu işe köpräk el kömegi gerek bolýar. Gelin-gyzlar üýşüp çelpek ýaýmaga başlaýar. Çelpegi ýukajyk edip tegelek ýaýmagy başarmaly. Kim tegelek we ýukajyk edip ýaýsa, “Şol owadan oglana durmuşa çykar” diýlip yrym edilýär. Kendirikleriň üstünde jamy düňderip goýýarlar. Ýaýylan çelpekler şolaryň üstünde goýulýar. Ol ýygnanyp arka emele gelýär. Gelin-gyzlar çelpek ýaýyp otyrkalar hem degşip-gülşüp toýa aýratyn şowhun berýärler:
Gije uzak, Aý aýdyň,
Mäşli ýarmadan doýdum.
Toý köýnegni geýeliň,
Üýşüp çelpek ýaýalyň.

Tabagyň içi ýalpak,
Içi doly ak çelpek,
Elim ýaga bulansyn,
Çelpek ýaga dolansyn.

Çelpek taýýarlamak uly yhlasy talap edýär. Her obada belli-belli ökde çelpek taýýarlaýjylar bolýar. Çelpek bişirmek üçin daşarda ojakda ot ýakylyp, gazan atarylýar. Çelpek bişiriljek gazan özüňe egilen ýagdaýda sähel gyşyk goýulmaly, gazan gowy gurandan soň azajyk ýag çalmaly, ýaýylan hamyry gyzyp duran gazanda eýläk-beýläk aýlamaly, soň hamyry beýlesine öwrüp hem şu ýagdaýy gaýtalamaly. Iki tarapy hem bişensoň indiki hamyry hem onuň üstüne goýmaly, ýüzüne-de biraz ýag sepelemeli, ýene eýläk-beýläk aýlap, soň beýleki tarapyna öwrüp, ýaňky hereketimizi gaýtalamaly. Esli galyňlyga gelýänçä çelpekleri biri-biriniň üstünden aýyrman bişirmeli. Çelpek bişirilip bolnansoň olary epläp, bir gapda tertipläp goýýarlar. Çelpek bişirilýärkä hem:
Bir guýmakdan çelpek bişdi,
Eý-waý, meniň elim bişdi –
diýmek bilen dilewar gelin-gyzlar howurly ojagyň başynda çelpek ýapmagyň ýeňil däldigini beýan edýärler. Muny töweregindäkiler hem alyp göterýär.

Oýmak beriň eline,
Çelpek gitsin geline,
Galkan beriň döşüne,
Ýaglyk atyň başyna.
Toýda çelpek syrmak gyzykly dessurlaryň biridir. Çelpek ýapylanda oglanyň agalary, daýylary, deň-duşlary gazana pul taşlap, çelpek syryp gaçýarlar. Muňa “Çelpek syrdy” däbi diýilýär we bu däp toýa aýratyn şagalaň berýär. Öýlenmedik oglanlar hem gazana pul taşlap, çelpek syrýarlar. Muny “Indiki gezek meniňki” diýen ýaly yrym bilen baglanyşdyrýarlar.

Toý saçagyna toý çelpekleri we iki jübüt çörek salynýar. Ol saçaklar gyz tarapa äkidilýär. Gyz tarap oglan tarapdan gelen çelpekleri alyp galyp ýerine gatlama salýar. Gatlama 24 sany bolmaly. Toý tutýan iki juwanyň 12 süňňüne 12 gatlama diýlip yrym edilýär. Toýuň özboluşly bezegi bolan çelpek bişirmek däbi gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýär.

Ogultäç HOJANAZAROWA