KESEARKAJYŇ taryhy söhbetleri


KESEARKAJYŇ taryhy söhbetleri

Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynda: «Kesearkaç sebitindäki Nusaýyň, Sarahsyň, Abiwerdiň, Gökdepe galasynyň ýadygärlikleri döwlet tarapyndan goralýar» diýşi ýaly, biziň topragymyzyň her daban ýeri taryh hakda söhbet açýar.

GADYMY NUSAÝ. Aşgabat şäherinden 18 kilometr uzaklykda ýerleşýän bu gala b.e. öňki III — b.e. III asyrlary aralygynda gülläp ösen meşhur Parfiýa patyşalygynyň paýtagty Nusaý şäheriniň galyndylarydyr. «Nusaý» sözi iň gadymy taryhy ýazgylarda, şonuň ýaly-da Awestada duş gelýär. Taryhy toplumda Köne we Täze Nusaý arheologik ýadygärlikleri bar. Bu ýadygärliklerden ritonlar, mermer heýkeller ýaly gymmatlyklar ýüze çykaryldy.

GADYMY SARAHS. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda, Nişapur bilen Merwiň aralygynda we Tejen derýasynyň ýokary akymynda ýerleşen Sarahs topragyna ilat eneolit (mis-daş asyry) döwründe göçüp gelip başlapdyr. Beýik Ýüpek ýolunyň halkara söwdasynyň aýlawyna goşulmagy ykdysadyýetiniň ýokary göterilmegine täsir eden Sarahs umumy meýdany 120 gektardan, töwereginden 12 metr ýokaryk galdyrylan, 340x560 metr uzynlykda berkidilen şähristanly gür ilatly uly şähere öwrülýär. Sarahs topragyndaky taryhy ýadygärlikleriň iň meşhurlarynyň biri-de «Sarahs babanyň kümmeti» diýlip atlandyrylýan, Gündogaryň meşhur akyldary Abul Fazlyň aramgähidir.

GADYMY ABIWERD GALASY. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda bu şäher barada şeýle maglumat getirilýär: «Mäneden günbatarda Horasanyň iň bir belli şäherleriniň biri Abiwerd ýerleşýär. Has irki döwürlerde Abiwerd sebitleriniň esasy merkezi Apawarktika şäheri bolupdyr. Ylmy barlagçylaryň bellemegine görä, häzirki Kaka şäheriniň demirgazyk künjündäki Köne Kaka diýilýän şäherçe ilkibaşda şonuň ýaly atlandyrylypdyr».

GADYMY ÄNEW. Kesearkajyň medeni-taryhy ýadygärlikleriniň biri hem paýtagtymyzyň 12 kilometr gündogarynda ýerleşýän gadymy Änew galasy we onuň içinde bina edilen Seýit Jemaleddin metjididir. Änew XVI asyrda taryhy çeşmelerde gabat gelýän Bagabat şäheridir. Bagabat XV — XVIII asyrlarda Apbas şanyň we Nedir şanyň dolandyran döwründe ençeme gezek ýatlanylýar. Ýadygärligiň köp gatlaklydygyna toplanylan arheologik maglumatlar şaýatlyk edýär. Arheologik barlaglaryň netijesinde anyklanylyşy ýaly, ol ýerde joşgunly durmuşyň bolandygyny häsiýetlendirýän gurluşyklar az däl.

GÖKDEPE GALASY. Beýik geçmişimiziň şaýady bolan Gökdepe galasynyň gurluşy göni bolmadyk dörtburçlukdan ybarat bolup, pagsadan galdyrylan daşky diwarynyň umumy uzynlygy 4377 metre, tutýan meýdany 103 gektara barabardyr. Häzirki wagtda galanyň taryhyndan habar berýän gadymy ýadygärlikler, şaý-seplerdir milli lybaslar, ekerançylyk gurallarydyr ýaraglar Gökdepe milli muzeýinde saklanylýar.

«Edebiýat we sungat» gazeti



Jeren ALTYÝEWA