Belent ykrarnama


Belent ykrarnama



1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda 185 döwletiň goldamagynda BMG- niň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisiniň degişli Kararnamasy bilen Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet hökmünde ykrar edildi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda 193 döwletiň goldamagy bilen, ýurdumyzyň ikinji gezek hemişelik Bitarap döwlet hökmünde ykrar edilmegi bütin il-ulusumyzyň başyny ýene birgez beýgelden taryhy waka boldy.
Geçen çärýek asyryň dowamynda ýurdumyzyň Bitarap döwlet hökmünde halkara abraýy barha belende galdy, ol «Bitarap Türkmenistan», «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy», «Bitaraplyk we parahatçylyk», «Halkara Bitaraplyk güni», «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýaly düşünjeler bilen halkara syýasatda özüni tanatdy. Bu düşünjeler, Bitaraplyk ýörelgesine laýyklykda, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty, ynsanperwerlige, özara bähbitli hyzmatdaşlyga goýýan sarpasy, halkara giňişlikde okgunly hem durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmäge goşýan goşandy bilen berk baglydyr.
Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň parahat, asuda durmuşyny, abadançylygyny nazarlaýan möhüm başlangyçlardyr teklipleri öňe sürýär. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň durnukly ösüş boýunça «Rio+20» sammitinde, Birleşen Milletler Guramasynyň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça III Bütindünýä maslahatynda, VII Bütindünýä suw forumynda daşky gurşawy goramak hem-de suw diplomatiýasy boýunça öňe süren başlangyçlary adamzadyň ählumumy meseleleriniň çözülmegine uly ýardam berýär. Milli Liderimiziň taryhy başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi munuň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, birek-birege hormat goýmak, dost-doganlyk gatnaşyklaryny gadyrlamak ýaly häsiýetler türkmen halkynyň zandynda bardyr. Geçmişde ata-babalarymyz ýurtlaryň arasynda döreýän meseleleri hem özara düşünişmek, birek-birege hormat goýmak, hyzmatdaşlyk etmek ýaly diplomatik ýollar arkaly çözmegiň nusgalyk ýoluny döredipdirler.

Bu ýol bu günki gün döwrebap derejede dowam etdirilýär, ýagny muňa goňşy Owganystanda abadan durmuşy üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işler aýdyň mysaldyr. Hormatly Prezidentimiz owgan tarapynyň gatnaşmagynda energetika, ulag we kommunikasiýa ýaly strategik ulgamlarda iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň Owganystandaky syýasy durnuklylygyň, onuň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmeginiň, sebit hem-de dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşmagynyň esasy şerti bolup durýandygyny belleýär. Şunda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan trans-milli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, ony geljekki nesillere miras goýmak meselesi «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» öz beýanyny tapýar. Ata-babalarymyzyň durmuş kadasyna öwrülen tebigat bilen sazlaşykda ýaşamak ýörelgesi ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ýaş nesli tebigata hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, jemgyýetimiziň ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmak, ekologiýa kanunçylygyny kämilleşdirmek babatda alnyp barylýan toplumlaýyn işlerde aýdyň görünýär. Muňa şu ýylyň 7-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Nowruz ýaýlasynda geçirilen bag ekmek dabarasy hem aýdyň mysaldyr. Şu ýylyň dowamynda 25 million düýp bag nahallarynyň ekilmegi hem Türkmenistanyň ekologiýa abadançylygyna uly üns berýändiginiň subutnamasydyr.
Şeýle-de, ýurdumyzyň başlangyjy bilen sebitde Araly halas etmek ugrunda köp işler alnyp barylýar. Türkmenistan 2017 — 2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk eden döwründe bu ugurda anyk çäreleriň birnäçesini özünde jemleýän Konsepsiýa işlenip düzüldi. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2018-nji hem-de 2019-njy ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamalary biragyzdan kabul edildi. Goý, parahatçylygyň mekany hökmünde ykrar edilýän baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde hemişe asudalyk, abadançylyk höküm sürsün! «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesini öňe sürüp, dünýä halklaryny özara hormat goýmaga, ynanyşmaga, ählumumy meseleleri tagallalary birleşdirmek arkaly çözmäge çagyrýan milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Annagül ATAÝEWA