Her bir göli Oguz hanyň tagmasy
Türkmen milli amaly-haşam sungaty baý hem-de köpdürlidir. Olar haly we haly önümleriniň dürli görnüşlerinden başga-da, keçe nagyşlaryny, bejergili donlary, tahýalary we zergärçilik önümlerini, aýal-gyzlaryň bezeg şaýlaryny, at esbaplaryny, teletinden tikilen dürli önümleri we şuňa meňzeşleri öz içine alýar. Olarda halkyň ýaşaýyş we durmuş gurluşy öz beýanyny tapypdyr. Amaly-haşam sungatynyň dürli görnüşleriniň içinde has baýlaşany we öseni halyçylyk sungatydyr. Ol irki döwürlerden bäri dünýä meşhur bolmak bilen, öz şöhratyny häzire çenli hem saklap gelýär.
At-owazasy äleme dolan türkmen halysy özüniň ajaýyp nagyşlary, bedew atlaryň toýnuk kakyşy deý jadyly sesi bilen synlany haýrana goýýar. Ýewropada Galkynyş eýýamynyň suratkeşleriniň eserlerinde türkmen halylarynyň gözel keşplerini görmek bolýar. Ussat suratkeş Lippo Memminiň «Çagaly modonna», Anri Matissiň «Ata we ogul» atly eseri muňa aýdyň mysaldyr.
Gadymy Rimde türkmen halylary baýlygyň hem-de kaşaňlygyň alamaty hasaplanypdyr. Ýewropalylar öz taryhyny, medeniýetini suratkeşlikde, aňladan bolsalar, musulman dünýäsinde bu zatlar başgaçarak görnüşde bolup, türkmen halylarynda türkmen taryhy beýan edilýär.
Halyçylyk sungaty gözbaşyny gadymyýetiň syrly gatlaryndan alyp gaýdýar. Taryhy çeşmelerde türkmen halysynyň diňe şalaryň köşklerine bezeg berendigi barada maglumatlar bellenilip geçilýär. Arheolog W. I. Sarianidi häzirki türkmen halylaryň nagyşlarynyň üç müň ýyl ozalky gap-gaçlarda gabat gelýändigini tassyklap şeýle ýazýar: «Garagumuň jöwzaly şertlerinde matalar oňat saklanyp galmandyr, ýöne biz şol döwrüň gap-gaçlarynda edil halylardaky ýaly nagyşlara gabat geldik, olar bir-birleriniň gaýtalanmasy bolup durýar. Hut türkmen halylarynda ýerli keramikanyň suratlarynyň meňzeşligini görýäris. Pars we kawkaz halylaryndan tapawutlylykda türkmen halysy açyk gyrmyzy reňke eýe. Şeýle ýagdaý günorta Türkmenistandan tapylan gyzyl öwüşgindäki gap-gaçlarda gaýtalanýar».
Orta Aziýa halylaryny ürç edip öwrenen S. M. Dudin halylaryň hut çarwa-çokaý durmuşyň önümidigini çaklaýar. G. R. Pugaçenkowa bolsa: «Türkmen halysynyň döreýşi ekerançylyk bilen däl-de, çarwa we ýarym oturymly maldarçylyk daşky gurşaw bilen baglydyr: Munuň şeýledigini onuň oňat işläp bejerilen ýüňi hem aýdyp dur» — diýip, ýazýar.
1937-nji ýylda Parižde geçirilen Bütindünýä sergisinde gözel türkmen halylary, özleriniň ajaýyp owadan keşpleri bilen altyn medala mynasyp bolýar. Halylaryň täsin gölleri sergi gurnaýjylary haýran galdyrypdyr. Nýu-Ýork şäherinde geçirilen Bütindünýä sergisinde hem türkmen halylaryna iň ýokary baha berlip, türkmen haly sungatynyň abraýy jahana ýaýylýar.
Türkmen halylaryny dokamak üçin iň gowy çig mal, belli saryja tohumyndan bolan goýunlaryň ýüňüdir. Halynyň erşi we çitimi üçin ýaz gyrkymynyň ýüňi peýdalanylýar. Käbir halatlarda ýüň ýüp bilen nah ýüplügem ulanylýar. Ýüp ösümliklerden we goýun, geçi ýaly haýwanlaryň ýüňünden alnyp, boýaglar bilen dürli reňklere boýalýar. Çitimli halynyň esasy erişden we argaçdan durýar. Erşiň ugruna bir-birine berk gysylýan kiçijik çitimler edilýär.
Halynyň ýüňüni halyçylar gaty gowy gözden geçirip, iň degerlisini saýlap alypdyrlar. Olar geljekki haly üçin gyrkymy haçan, goýnuň niresinden (boýnundan ýa-da böwründen) başlamalydygyny anyk kesgitläpdirler. Gyrkym başlamazyndan ozal goýunlaryň ýüňi ýuwlup, arassa, ýumşak we mymyk bolar ýaly kiçeňräk ýaplardan, suwly güzerden sürüp geçiripdirler. Saryja goýnuň ýüňünden taýýarlanyp dokalan halynyň adam saglygy üçin täsiri örän uly bolupdyr.
Halyçylar tebigy reňkleri ýerli ösümliklerden alyp, haly üçin ýüňden taýýarlanan sapaklary boýapdyrlar. Esasan, goýy gyzyl reňki çöpboýadan alyp, ýörite berkidiji dermanlar bilen ýüplüklere melemtil-gyzyl ýa-da garamtyl-ülje öwüşginlerini beripdirler. Sary reňki sary çöp diýen otdan, meläni nar gabygyndan alypdyrlar. Ýaşyly çekize we üzüm sirkesi bilen garylan mis garyndysyndan ýasapdyrlar. Ýüň ýüplükleri reňklemekde düýp soganyň gabygy, üzüm şahasynyň baldagy, ýowşan, zirk, guradylan nar gabygy, ýaňy bişip barýan hozuň gabygy hem peýdalanylypdyr.
Ýokarda sanalan tebigy boýaglar türkmen halylaryny reňkleriň köpöwüşginliligi bilen nepis dokap, kämillige ýetirmek üçin, şeýdibem nagyş hökmünde wagtyň synagyndan geçirmek üçin ýeterlik bolupdyr. Öý şertlerinde çylşyrymly amallar bilen alnan reňklerden dokalan miras halylar ähli ýagtylygy, terligi bilen geçmişiň beýik ussatlarynyň ölmez-ýitmez sungat eserleri ýaly edilip, biziň üçin saklanypdyr.
Boýaglary taýýarlamagyň öz aýratyn syrlary bar. Meselem, birnäçe garyndylaryň düzüm bölegini aýratyn gaplarda, ýagny, mis gazanlarda gaýnatmaly. Her zadyň öz manysy bar, okislenmek bilen bagly himiki prosesler mis gazanda haýal gyzyp, haýal hem sowaýar. Köp asyrlaryň dowamynda az-azdan toplanan tejribeleriň bu kanunalaýyklygy ýüň ýüplükleriň boýaglarynyň ýokary hilli bolmagyny üpjün edipdir we halyçylygy oňat hilli önüm bilen baýlaşdyrypdyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz milli halyçylyk sungatynyň kämil we döwrebap görnüşde ösdürilmegi üçin ähli şertleri, mümkinçilikleri döredip berýär. Bu sungaty geljekki nesillere ýetirmekde, olarda haly sungatyna söýgi döretmekde uly işler alnyp barylýar.
Garaşsyzlyk ýyllaryndan bäri ýurdumyzyň şekillendiriş sungatynyň birnäçe görnüşlerinden ýaşlara çeperçilik taýdan ýokary derejeli bilim berýän Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam kafedrasynyň haly bölüminde ussat haly suratkeşleri ýetişdirilýär.
Serdar şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň amaly-haşam bölüminde okaýan okuwçy gyzlara hem haly sungatynyň ilkinji tilsimleri, nagyşlary nusga geçirmeklik, nepislik bilen dokalyş usullary ýokary bilimli mugallymlar tarapyndan öwredilýär. Bu müdimi sungatymyzyň gadymy nagyşlaryny nusga geçirmekde we şol nusgalary haly çitimlerinde dokamakda, okuwçylaryň aňyna ýetirmekde mugallymlar öz tejribelerini hem goldawlaryny aýaman zähmet çekýärler.
Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda haly sungatynyň ýokary derejede öwrenilmegi esasynda ýurdumyzda ençeme haly suratkeşleriniň döredijilikli haly eserleri emele geldi. Geçmiş taryhymyzda halylar alty, ýedi reňk bilen işlenip dokalan bolsa, haly suratkeşleri öz eserlerinde ýurdumyzyň bagtyýarlygyny, gülleýän güneşli Watanymyzy ýüzlerçe reňkleriň üsti bilen döwrebap halylarymyzda wasp edýärler. Bu döredilen haly-žiwopis eserlerde türkmen halyçylyk sungatynyň gadymdan gelýän usullarydyr tilsimleriniň çeperçilik ýörelgeleriniň ählisi beýan edilýär.
Maksat ÝOLAMANOW