Türki dünýäniň medeni - paýtagty bu ýyl Änewim


Türki dünýäniň medeni - paýtagty bu ýyl Änewim



Ak bugdaýyň mekanydyr, taryh şaýat bu topraga,
Medenýetiň bekänidir, buýsanç dolýar bu kükrege.
Dogan-gardaş toý tutýandyr, bat berip nagra-deprege,
Türki dünýäniň medeni - paýtagty bu ýyl Änewim.

Niçe asyr ýaşan Änew, niçe kerwen geçirendir,
Döredendir niçe şalyk, niçe soltan eçilendir.
Bu gün bolsa bu Watanda, dostluga ýol açylandyr,
Türki dünýäniň medeni - paýtagty bu ýyl Änewim.

Bu toprak mukaddes toprak, gadym sungat, mirasa baý,
Aždarhaly metjidinden galypdyr gymmatly bir paý.
Täsin rowaýata dönen nagyşlarna tapylmaz taý,
Türki dünýäniň medeni - paýtagty bu ýyl Änewim.

Ykrar bolup bir agyzdan, TÜRKSOÝ guramaň öňünde,
Medenýeti hem gymmaty aýan boldy ýer ýüzünde,
Toýlar tutar il jem bolup, bu gadym türkmen düzünde,
Türki dünýäniň medeni - paýtagty bu ýyl Änewim.

Däp-dessura goldaw beren, Milli Lidermiz Arkadag,
Gahryman Serdary bilen ajap döwrüm sowulmaz çag.
Gaýrasynda Garagumum, ilersinde ol Köpetdag,
Türki dünýäniň medeni – paýtagty bu ýyl Änewim.



Allaberdi Begmyradow