«Ak bugdaý» muzeýi


«Ak bugdaý» muzeýi



Hormatly Prezidentimiz: «Türkmen halky müňýyllyklaryň ýaňyny siňdiren ýüzlerçe taryhy - medeni ýadygärliklere, edebi gymmatlyklara, golýazma çeşmelerine baýdyr» diýip örän jaýdar belleýär. Çünki, Biziň ata Watanymyz Türkmenistan Merkezi Aziýada taryhy ýerlere arheologik we binagärlik ýadygärliklerine örän baý ülkedir. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň medeniýetiniň ösdürilmegine, taryhy-medeni ýadygärlikleri, gadymy maddy medeniýetimizi has çuňňur öwrenmek, gorap saklamak, dikeltmek we wagyz etmek boýunça çäreleriň yzygiderli durmuşa geçirilmegine, gadymy taryhy ýadygärlikleriň gaýtadan dikeldilmegine aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzdaky gadymy ýadygärlikleriň, muzeýleriň, kitaphanalaryň adamzat medeniýetinde tutýan orny örän uludyr. Muzeýlerimiz halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý milli mirasyny öwrenmekde uly ähmiýete eýedir. Milli “Ak bugdaý” muzeýi hem özüniň binagärlik gurluşy boýunça başga bir zada meňzedip bolmajak asmana uzaýan altyn sümmül bugdaý dessesini ýatladýar. Ol 2005-nji ýylda Aşgabatdan uzak bolmadyk ýerde tebigy belentlikde Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi Änewe barýan ýoluň ýakynynda guruldy. Muzeýiň umumy meýdany 32müň inedördül metr bolup, onuň 18müň inedördül metrden gowrak ýerini bagy-bossanly seýilgähi tutýar. 3 gat jaýyň umumy beýikligi 21 metrdir. Bu täsin binagärlik kompozisiýasy milletiň gadymdan gelýän gymmatlyklarynyň dikeldilmegini, ata-babalarymyzyň baý mirasynyň türkmen halkyna gaýtaryp berilmegini şöhlelendirýär. Muzeýiň 1-nji we 2-nji gatlarynda arheologiýa, oba-hojalyk we ekerançylyk, etnografiýa hem-de Garaşsyzlyk atly 4 sany sergi bölümleri ýerleşýär. Binanyň aşaky gatynda maslahat geçirilýän 200 orunlyk zal, iş otaglary, myhmanlary kabul etmek we muzeýiň işgärleriniň dynç almagy üçin niýetlenen otaglar, telekommunikasiýa we maglumatlar merkezleri, naharhana we beýleki ýörite otaglar ýerleşýär.

Muzeýiň sergi zalynda Köpetdagyň etegindäki düzlükde ekerançylyk bilen meşgullanan b.e.öňki gadymy Jeýhun VI-V we Änew IV – III müňýyllyklarda medeniýetlerine degişli obalardan, taryhyny b.e.öňki III asyrdan alyp gaýdan gadymy Parfiýa şalygyna hem-de orta asyrlarynyň dürli döwürlerini öz içine alýan taryhy galalardan we depelerden tapylan milli gymmatlyklarymyzyň täsin nusgalary görkezilýär.

Milli «Ak bugdaý» muzeýindäki «Dänäniň taryhy» barada aýdylanda Petrburg uniwersitetiniň professory meşhur gündogary öwrenijisi Bartoldyň gözegçiliginde işlän belli Amerikan arheology Rafael Pampelli Ekspedisiýasy ilkinji sapar ýüze çykardy. 1904-nji ýylyň mart aýynyň arasynda syýahatçylar Rafael Weles Pampelliniň Merkezi Aziýa bolan syýahatlaryna hemişe ýoldaş bolan Eliz Pampelli, professor M.Deýwis we assisent E. Hangtington, arheolog G.Şmit, taryhdan ozalky keramika boýunça hünärmen syýahatçylar öz wagonlaryny ätiýaçlyk demir ýolunda goýup, Änewiň uly baýyrlarynyň ýakynynda ýerleşdiler. Ekspedisiýanyň agzalary uly höwes bilen el degirilmedik gatlaklarda, klassiki swilizasiýanyň öňden ýatan böleklerini, hatda taryhy artefaktlaryň ujypsyzja böleklerini tapmak maksady bilen, günde tonnalarça topragy elden geçirdiler. Şeýlelik bilen alymlara keramiki önümleri monjukly, terrakt heýkeljikleri, kremniý ýaraglary we bürünçden ýasalan önümeri, misden lazuritden ýasalan bezegleri tapmak başartdy. Onuň «Beýik Ýüpek ýolunyň» çatrygynda ýerleşen gadymy Änewiň taryhy depelerinde geçiren gazuwlarynda V müň ýyl mundan ozal ösdürilip ýetişdirilen ak bugdaý däneleri tapylýar. Bu ajaýyp açyşlar barada R. Pampelli «Türkmenistandaky derňew işleri» atly 1908-nji ýylda A.B.Ş-nyň Waşington şäherinde neşir edilen 2 tomluk kitabynda giňişleýin maglumat berýär. Şeýlelik bilen, Änew medeniýetini döredijiler türkmen halkynyň taryhynda ilkinji bolup bugdaý ösdürip ýetişdiripdirler we ak bugdaýdan çörek bişiripdirler. Muzeýiň sergilerinde türkmenleriň ata-babalarynyň ekerançylyk medeniýetine degili ilkinji gurallary, galla orýan oraklar däne üwemek üçin niýetenen (saky we degiren daşlary, dänäni we beýleki önümleri saklamak üçin niýetlenen uly humlar) syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. Topragy işäp begermekde gadymy däp –dessurlary iň täze tehnikalaryň mümkinçilikleri, ylmyň gazananlaryny utgaşykly ulanmak bilen, türkmen halky häzirki zaman ekerançylygy ösdürýär. Onuň netijesinde Türkmenistan dänäni eksport edýän ýurtlaryň arasynda ynamly orun eýeledi. Muzeýde Türkmenistanyň çäklerinde ýaşan ilkidurmuş adamalrynyň örän seýrek duş gelýän çakmak daşdan ýasalan gurallary saklanýar. Türkmen gelin-gyzlarynyň, çagalarynyň milli egin-eşikleri, şaý-sepleri, aýakgaplary, türkmen ýaraglarynyň nusgalary türkmenleriň öý-hojalygynda ulanylýan dürli möçberdäki gap-gaçlary ululy-kiçili torbalary şeýle hem olaryň usstlygyny görkezýän tara hem haly dokalýan gurallary bezeýär. Bu muzeýde bir reňkli ýa-da köp reňkli suratly keramikadan ýasalan gap-gaçlaryň saklanyp galan bölekleriň ýasalanyna müňlerçe ýyl geçipdir.

Şeýle hem muzeýde merkezi Aziýa mahsus bolan humlar, suw, ýag üçin küýzeler, çal üçin syrçalanan küýzeler, hojalyk ähmiýetli ownuk gap-gaçlar görkezilýär. Suratsyz we geometriki ýa-da ösümlik nagyşlary çekilen, syrçalanan we bölekleýin syrçalanan, ülňülenen keramika ýaly el işleriniň predmetleri we küýzegärleriň ýerine ýetiren işleri hem bar. Mundan başga-da zähmet gurallarynyň we öý-goşlarynyň asyrlardan asyrlara nähili üýtgeýändigini görmek bolýar. XIX-XX asyrlara degişli bolan gaçdan ýasalan uly demirlin azallar, misden ýasalan çäýnekler, gyrkylyk, demir ussasynyň, zergäriň gurallary hat-da dokma stanogynyň bölekler hem bar. Elbetde, bu ýerde köp asyrlardan şu güne çenli ajaýyp tagamly türkmen çöregi bişirilýän tamdyr hem görkezilýär. Häzirki zaman seleksionerleriň gazananlary hasap edilýän bugdaýyň naýbaşy tohumlaryndan desselenen bugdaý desseleri muzeýiň eksponatlarynyň üstüni ýetirýär. «Ak bugdaý» – bu diňe bir sergi merkezi bolman, eýsem doly bahaly ylmy edaradyr he, muzeýde bugdaý tohumlarynyň 270 görnüşi gadymy görnüşleriniň 42 –i goşmak bilen toplanypdyr. Bu ýerde ylmy-amaly maslahatlar, halkara maslahatlary hem geçirilip durulýar.

Bägül GURTGELDIÝEWA