Änew – gadymy medeniýetiň ojagy


Änew – gadymy medeniýetiň ojagy

Geçmişde ata-babalarymyz maddy we medeni gymmatlyklaryň nusgalaryny döretmekde, bu topragyň şan-şöhratynyň dünýä tanalmagynda beýik işleri alyp barypdyrlar. Dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özünde jemleýän biziň taryhy we medeni gymmatlyklarymyz, ajaýyp zamanamyzda, asuda asmanyň astynda has ýiti şöhlesini saçdy. Türkmen topragynda dürli döwürlerde dünýä arheologlary tarapyndan gazuw-agtaryş işleriniň köp sanlysy geçirildi. Bu toprakda asyrlara şaýat bolan taryhy desgalar barada dünýä medeni mirasyny öwrenijiler tarapyndan uly gyzyklanma bildirilipdir. Gadymy Merw, Köneürgenç, Maşady-Misserýan, Nusaý ýaly ýadygärlikler toplumy, olaryň binagärlik sungaty içgin öwrenilipdir. Şol öwrenilen gymmatly medeni ýadygärlikleriň biri hem paýtagtymyzyň 12 kilometr gündogarynda ýerleşýän gadymy Änew galasy we galanyň içinde bina edilen Seýitjemaletdiniň kümmetidir. Onda aýlaw binanyň üstünde şekillendirilen, bir-birine tarap süýnüşip gelýän görnüşindäki iki sany aždarhanyň şekili has haýran galdyryjydyr. Dürli reňkleri, täsin nagyşlary bilen ünsüňi özüne çekýän bu bezegler türkmen halkynyň gadymy ata-babalaryndan miras galan çeperçilik äheňleri diýip hasap etmek bolar. Gadymdan galan bu medeni ýadygärlik, şeýle hem iki sany depe görnüşindäki medeni gatlak, biziň şu günlerimizde hem bu mukaddes topragyň beýik taryhynyň nusgasy bolup dur. Gadymy ekerançylyk taýpalarynyň taryhyny we medeniýetini öwrenmekde iki depäniň gazylyp agtarylmagynyň uly ähmiýete eýedigini bellemek gerek. Olary 1904-nji ýylda amerikan alymy R.Rampelliniň ýolbaşçylygynda öwrenilip başlanylýar. Änew medeniýetine degişli bolan ýadygärliklerinde arheolog gazuw-agtaryş işleri geçirilmegi netijesinde, çig kerpijiň galyndylarynda dänäniň gabyklarydyr gylçyklary, şeýle hem daýhançylyk gurallaryndan habar berýän metaldan ýasalan bölekleri tapylýar. Bugdaýyň tapylan bu görnüşi häzirki wagtda gadymy Änew tapyndylary we bina ýadygärlikleri “ak bugdaý ” ady bilen belli boldy. Şeýlelikde, gadymy ata-babalarymyzyň bu ýerde däne ekinlerini ösdürip ýetişdirendiklerine şaýat bolýarys. Änew medeniýetine degişli ýaşaýyşyň galyndylaryna Ahal topragynda, ýagny Çäçe obasyndan başlap, Aşgabat- Bäherden ýolunyň birnäçe kilometr aralygynda gabat gelmek bolýar. Olardan eneolit döwründen habar berýän ýadygärliklerden Garadepäni, Namazgadepäni we Göksüýrini mysal getirmek bolar. Arheologlar tarapyndan birnäçe ýyllaryň dowamynda eneolit ýadygärlikleriniň 30-dan gowragy tapyldy. Umuman, eneolit adalgasy mis-daş asyryny aňladyp, bürünç eýýamyndan galan ýadygärlikler, taryhy tapyndylar, hut Änewiň golaýyndaky iki depeden tapyldy.

Eneolit döwrüniň ýaşaýjylary bolan biziň ata-babalarymyzyň durmuşynda ekerançylyk, maldarçylyk, awçylyk bilen bir hatarda amaly sungat hem giň gerimli bolupdyr. Muňa tapylan geometrik nagyşlar bilen bezelen we toýundan ýasalan gap-gaçlar, tebigy daşlar bolan pöwrize hem-de hakyk daşlaryndan ýasalan monjuklar güwä geçýär. Gap-gaçlardaky bezeg nagyşlary, bu eýýamyň ýaşaýjylarynyň Demirgazyk-Gündogar, Demirgazyk-Günbatar hem-de Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen arabaglanyşygynyň bolandygyny subut edýär.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Änew şäherinde, ençeme taryhy tapyndylary özünde jemleýän “Ak bugdaý” Milli muzeýi döredildi. Ak bugdaýyň kemala gelen watany bolan Türkmenistan ýurdumyzyň abraý-mertebesi ajaýyp döwrümizde Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde dabaralanýar. TÜRKSOÝ-yň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň Türkiýäniň Bursa şäherinde geçiren 39-njy mejlisinde, Türkmenistanyň Änew şäheri 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edildi. Bu buýsandyryjy habar, türkmen halkynyň geçmişde döreden baý medeni gymmatlyklarynyň bu günki günde dünýä ýüzünde ykrar edilýändiginiň, dünýäniň abraýly guramalary bilen dost-doganlyk, medeni gatnaşyklaryň has-da pugtalanýandygynyň subutnamasydyr.

Şeýle dost-doganlyk ýörelgelerine giň mümkinçilik döreden, milliligimizi, däp-dessurymyzy dünýä ýaýan, türkmen medeniýetiniň, sungatynyň hak howandary Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan döwlet ähmiýetli, umumadamzat ähmiýetli işlerinde rowaçlyklar ýar bolsun!



Allaberdi Begmyradow

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň baş hünärmeni