Ýüreklerde Arkadaga alkyş bar


Ýüreklerde Arkadaga alkyş bar



Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli üstümizdäki ýylda ýurdumyzda ençeme işler durmuşa geçirildi. Binalaryň, desgalaryň onlarçasy ulanylmaga berildi. Olaryň açylyş dabaralarynda ýaşyl ýazlagly sähralarymyzyň reňkinden reňk alan, görki bilen parahatçylygy, agzybirligi şöhlelendirýän mukaddes Tugumyzy belentden parladýan toý lybasly bagtyýar raýatlarymyz dabaralara beslenen meýdançalarda «Arkadaga şöhrat!», «Alkyş Size, Arkadag!», «Arkadaga alkyş aýdýar ýürekler!», «Ýüreklerde Arkadaga alkyş bar!» diýen buýsançly sözleri dilleriniň senasyna öwürdiler. Bu alkyşlar paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasynda hem ýene bir ýola, özi-de has belentden ýaňlandy. Bu şeýlede bolmaly, çünki ol kanunalaýyk ýagdaý. Sebäbi hemişelik Bitarap Watanymyzyň ösüşleriniň, özgerişleriniň, äleme ýaň salýan şöhratynyň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly hem-de parasatly başlangyçlary, taýsyz tagallalary, irginsiz zähmeti we çuň zehini dur. Onuň üçin Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň esaslandyryjysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa alkyşly sözlerimiz bimöçberdir.
Aşgabat şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde Magtymguly şaýolunyň ugrunda Taslama we Tähran köçeleriniň aralygynda gurlan häzirki zaman ýaşaýyş jaýlary Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň şanyna ýapan ýenede bir toý serpaýydyr. Daşy ak mermer bilen gaplanan binalar milli Liderimiziň sahawatyny şöhlelendirýän ýaly, Gün nuruna öwşün atýar. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan bina edilen bu taslamalar 35 gektar meýdanda guruldy.
Taslama laýyklykda, bu ýerde 1008 hojalyga niýetlenen 10 sany 12 gatly 72 öýli we 6 sany 12 gatly 48 öýli ýaşaýyş jaýlary bina edildi. Olarda üç otagly öýleriň 442-si, dört otagly öýleriň 382-si hemde bäş otagly öýleriň 184-si ýerleşipdir. Mundan başgada, ýerasty pyýada geçelgeleriň 6 -sy, umumy uzynlygy 5 564 metr bolan ýol gurlupdyr. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň taýsyz sahawatynyň, öz halkyna bolan söýgüsiniň miweleridir.
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ähli ugurlar boýunça uly ösüşler gazanylýar. «Meniň ähli aladam halkym bolar» diýýän hormatly Prezidentimiz il sylagly ýaşulular, mährem eneler, bagtyýar çagalar, medeniýet we sungat işgärleri, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň wekilleri, nebitçiler, gurluşykçylar, türgenler, okuwçy hem-de talyp ýaşlar... üçin ählitaraplaýyn nusgalyk görelde, kämil mugallym, tejribeli halypadyr. Olaryň hemmesi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyzy ähli ugurlarda okgunly ösýän, özüniň röwşen geljegine tarap ynamly öňe barýan döwlete öwren hormatly Prezidentimiziň her bir sözüni, işini, sargydyny kämil mekdep hasaplaýarlar. Çünki Arkadag Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy hemmetaraplaýyn gülledip ösdürmekde deňi-taýy bolmadyk giň gerimli özgertmeler, ägirt uly taslamalar üstünlikli amala aşyryldy we aşyrylýar. Ylmy esaslandyrmalara, anyk mümkinçiliklere hem-de kämil durmuş ýörelgelerine, baý medeni hem taryhy gymmatlyklarymyza berk daýanýan şeýle özgertmeleriň, döwletli tutumlaryň netijesinde, eziz Watanymyzyň ähli sebitlerinde, obadyr şäherçelerinde, etrap merkezleridir şäherlerinde döwrebap durmuş düzümleri döredilýär. Munuň özi milli Liderimiziň yglan eden «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň rowana ak ýollarda üstünliklere beslenýändiginiň göwün göteriji subutnamalarydyr. Bu bolsa, öz nobatynda, mähriban Watanymyzyň ykdysady, durmuş-medeni ösüş babatynda dünýäniň ösen döwletleri bilen aýakdaş gitmegini, zähmetsöýer halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşamagyny, jemgyýetimiziň kämil demokratik, gymmatly ynsanperwer ýörelgeleriniň rowaçlyklara beslenmegini, ýurdumyzyň halkara abraýynyň täze belentliklere göterilmegini, sazlaşykly ösýän ýurt hökmündäki mynasyp ornuny has-da pugtalandyrmagyny üpjün edýär. Bu zatlaryň ählisi Watanymyzy şunuň ýaly köptaraply ösüşlere ýaran eden, öz halkyna, eziz Diýarymyza hyzmat etmegiň beýik nusgasyny görkezýän Arkadag Prezidentimiziň halkymyz bilen bir jan, bir tendigini ýene bir ýola aýdyň görkezdi.
Alkyş Size, şöhrat Size, Arkadag! Hawa, bu diňe bir meniň ýüregimden çykýan alkyş däl, ol bütin halkymyzyň alkyşydyr.

Aşyrguly ÝAZMYRADOW