Arkadagly Watanymyzyň sungat baýramy
Daşoguz welaýatynda Medeniýet hepdeligi dowam edýär
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen medeniýetini, sungatyny ösdürmek, kämilleşdirmek, täze, döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, bagşy-sazandalarynyň, artistleriniň, ýazyjy-şahyrlarynyň, suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň, kitaphana, muzeý işgärleriniň döredijilikli zähmet çekmekleri, öz eserleri bilen watandaşlarymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrmaklary üçin ähli şertler döredilýär.
«Türkmenistan–Bitaraplygyň mekany» ýylynda Daşoguz welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligi hem, halkymyzyň milli öwüşgünlere baý medeni mirasyny, şirin owazlara eýlenen aýdym-sazyny, gözellik dünýäsine ýugrulan şekillendiriş sungatyny täze ösüşlere beslejek medeni çäreleriň biridir.
2020-nji ýylyň 22-nji iýunynda Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabaralary Daşoguz şäherindäki «Görogly» meýdançasynda baýramçylyk ýörişi bilen başlandy. Baýramçylyk ýörişine ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri, ýazyjy-şahyrlar, aýdymçylar, artistler, teatrlaryň, kitaphanalaryň, muzeýleriň işgärleri gatnaşdylar. Dabaraly ýörişe gatnaşyjylar medeniýeti we sungaty ösdürmek ugrundaky taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyşlar aýtdylar.
Soňra bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara iberen Gutlagynyň dabaraly ýagdaýda okalmagy baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylaryň kalbyny egsilmez şatlykdan doldurdy. Medeni çärä gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimiziň Gutlagyny tüýs ýürekden çykýan alkyşlar, şowhunly el çarpyşmalar bilen kabul etdiler. Soňra sungat baýramy ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň täsirli baýramçylyk konserti bilen dowam etdi. Olaryň her bir joşgunly çykyşlary dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen alkyşlandy.
Soňra dabara gatnaşyjylar Daşoguz şäheriniň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň biri bolan «Dostluk» seýilgähinde şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşyp, ýurdumyzyň suratkeşleriniň, amaly-haşam sungaty ussatlarynyň täsin sungat eserleri bilen ýakyndan tanyşdylar.
Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde 22-nji iýunda agşamara Daşoguz şäheriniň «Görogly» meýdançasynda ýurdumyzyň estrada aýdymçylarynyň gatnaşmagynda «Bitarap Watanym-ýürek joşgunym» ady bilen geçirilen şowhunly aýdym-sazly dabara hem diýseň köp adamly boldy. Oňa ýurdumyzyň çar künjünden gelen myhmanlar bilen birlikde, Daşoguz şäheriniň ýaşaýjylary hem köpçülikleýin gatnaşyp, egsilmez ruhy lezzet aldylar. Şeýlelikde Medeniýet hepdeliginiň birinji güni oňa gatnaşýan ildeşlerimiziň şatlygyna şatlyk goşup, göwün guşuny galkyndyran ýakymly pursatlara baý boldy.
Medeniýet hepdeliginiň ikinji gününde hepdelige gatnaşyjylaryň Daşoguz welaýatynyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärlikler toplumyna baryp görmekleri guraldy. Ir säher bilen medeniýet we sungat işgärleri welaýatyň Görogly etrabynyň çägindäki Yzmykşir galasyna tarap ýola düşdiler.
Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda özboluşly orny eýeleýän Yzmykşir galasynyň binagärlik gurluşy, aýratynlyklary bu ýere gelen medeniýet işgärlerinde uly gyzyklanma döretdi. Olar galanyň täsinliklerini synladylar, bu taryhy binanyň içine aýlanyp gördüler.
Gahryman Arkadagymyz häzirki wagtda türkmen döwletiniň bütin dünýäde eýeleýän ornunyň we abraýynyň diňe bir onuň ykdysady serişdeleri bilen däl, eýsem, türkmen halkynyň baý taryhy-medeni gymmatlyklary, onuň ruhy-medeni mümkinçilikleri bilen kesgitlenilýändigini, Türkmenistanyň asyrlaryň dowamynda toplanan baý taryhy-medeni kuwwatynyň onuň dünýäniň medeni giňişliginde eýeleýän täsin ornuny kesgitleýändigini öz çykyşlarynda parasatlylyk bilen belleýär. Şu babatda, Yzmykşir galasyna guralan gezelenjiň örän täsirli bolandygyny aýratyn bellemek gerek.
Şeýle hem, 23-nji iýunda Medeniýet hepdeliginiň çäginde medeni çäreleriň birnäçesi guraldy. Daşoguz şäherindäki «Ýaşlar» kölüniň dabaralar meýdançasynda «Bitaraplygyň mekanynda–bagtyýar çagalyk!» atly çagalar döredijilik toparlarynyň çykyşy bagtyýar nesilleriň sungat dünýäsine söýgüsiniň ulludygynyň, çäksizdiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde berkarar diýarymyz bagtyýar çagalaryň şadyýan gülki sesleriniň ýaňlanýan ajaýyp mekanyna öwrülýär. Garaşsyz Türkmenistanda ýaş nesilleriň zehin-ukybynyň has-da kämilleşmegine, şadyýan, sagdyn ösmegine we döwrebap bilim-terbiýe almaklaryna uly üns berilýär. «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» ýylynda Daşoguz welaýatynda guralýan Medeniýet hepdeliginiň çäginde geçirilen çagalar döredijilik toparlarynyň çykyşlary hem, çagalaryň kalbynda sungat älemine söýgi döretmekde, zehin-başarnyklaryny, yhlas-ukyplaryny açyp görkezmekde we kämilleşdirmekde özboluşly ähmiýete eýe boldy.
Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň oba medeniýet öýünde kino sungatyna bagyşlanan döredijilik duşuşygy we «Beýik Ýüpek ýoly» atly filmiň görkezilişi hem täsirli boldy. Bu ýerde guralan dabarada meşhur sungat ussatlary, artistler, kino işgärleri çykyş etdiler.
Agşamara Daşoguz şäherindäki Magtymguly meýdançasynda ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlarynyň «Belent waspyň dilde dessan, Arkadagly Türkmenistan!» atly edebi agşamy guraldy.
Bu çärede Hormatly Prezidentimiziň Magtymguly Pyragynyň we nusgawy şahyrlarymyzyň edebi mirasyna goýýan belent hormat-sarpasy, milli edebiýatymyzy ösdürmek ugrundaky taýsyz tagallalary hakynda aýratyn nygtaldy. Şahyrlar öz çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda halkymyza serpaý beren «Durnalar» atly çuňňur paýhasly goşgusynyň Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylary has-da begendirendigini uly joşgun bilen beýan etdiler. Dabaranyň şahyrlar B.Seýitberdiýew, D.Annamyradow, D.Agalyýew, A.Garlyýew, A.Rejebow, D.Nartyýew Magtymgulynyň «Türkmeniň» goşgusyna häzirki ajaýyp döwrümiz bilen baglanyşdyryp, hersi bir bentlik nezire okadylar. Soňra Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Nowruz Mätnyýazow Magtymguly Pyragynyň sözlerine halk aýdymyny ýerine ýetirdi.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň aspiranty, şahyr Rahmanberdi Gökleňow nusgawy edebiýatyň müselles, murapbag, muhammes, müseddes, kasyda, tahmys, mesnewi, gazal, rubagy, aýdyşyk ýaly gadymy görnüşleri barada çykyş etdi.
Soňra şahyrlar D.Annamyradow, B.Seýitberdiýew, D.Agalyýew, A.Garlyýew, A.Rejebow, D.Nartyýew, A.Kakaýewa, G.Hanowa, A.Baýramdurdyýewa, G.Ahmedowa, O.Nazarowa, A.Hojaberdiýewa, S.Muhamow, M.Ballyýew, P.Kakabaýew, A.Bekiýew dagylar şygryýetiň gadymy goşgy düzüliş görnüşinde döreden goşgularyny okadylar. Okalan goşgularda halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşy, ýurdumyzyň gülläp ösüşleri giňden wasp edildi, Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyşlar aýdyldy.
Medeniýet hepdeliginiň guramaçylykly geçirilmegi ugrundaky belent maksatlary üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyşlar aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
Akmyrat REJEBOW