Bedew mertebesi
Gadym döwürlerde Oguz ilinde at-abraýly bir baý bar eken. Onuň örän ýyndam bedewi bolup, ähli at çapyşyklarynda baş baýragy alyp gelipdir. Şol obada bir ýaş seýis hem ýaşap, onuň deňi-taýy bolmadyk ýüwrük atyna hemmeler göwnigidijilik bilen seredipdirler. Gyrata çalymdaş bedewi onuň özi seýisläpdir.
Ýöne ýaş seýis hiç wagt atyny baýyň bedewi bilen ýaryşlara goşmandyr. Çünki ol ýaryşda bedewiniň üstün çykjakdygyny bilýän eken. Il arasynda sylagly baýa hormat goýýandygy üçin hem bedewini onuň bedewi bilen ýaryşa goşmakdan saklanypdyr. Günlerde bir gün baý ony ýanyna çagyryp, şeýle diýipdir:
— Ertir bedewleriň ýaryşy geçirilýär, sen hem şol ýaryşa öz bedewiňi goşarsyň. Ýöne, atyň meniň bedewimden ozmaly däldir. Eger ýaryşda utulsaň, saňa gyzymy durmuşa çykarmagy wada berýärin — diýipdir.
Ýaş ýigit birbada näme diýjegini bilmän ýere bakyp oturypdyr. Soň hem ýaryşa gatnaşjakdygyny aýdypdyr. Ertesi ýigit bedewini münüp çapuw meýdançasyna barypdyr. Ýaryşy görmäge gelenleriň san-sajagy bolmandyr.
Ýaryşyň emini atlaryň başyny jemläp, bedewleriň on iki aýlawa goýberilýändigini yglan edip, ýaryşa badalga beripdir. Çapuw meýdançasynda şowhun barha artypdyr. Dabarasy dag aşan seýsiň bedewi bilen baýyň bedewiniň bäsleşiginde haýsy bedewiň üstün çykjakdygy hemmeleri gyzyklandyrypdyr. On bir aýlawa çenli bedewler deň hatarda çapypdyrlar.
Atlar iň soňky aýlawyň bir çetinden girenlerinde, ýigidiň bedewi laçyn kimin öňe okdurylypdyr. Ýigidiň başynda: «baýyň gyzymy ýa-da bedewiň mertebesi? Bedewiň jylawyny çekmelimi ýa-da goýbermeli?» diýen pikirler at salypdyr. Eger, häzir ýaryşda bilgeşleýin utulsa öňdenem syny oturyp ýören baýyň owadan gyzyna öýlenjekdigi, ýöne atynyň öňünde ömürlik bigaýrat ýigit bolup galjakdygy, wepadar, syrdaş bedewine bagyşlap bolmajak dönüklik etjekdigi hakynda oýlanypdyr.
Ol biraz iki jahan owarrasy bolup, nätjegini bilmän aljyrapdyr. Ine, birdenem ýigidiň kalbyny «namart bolma» diýen pikir gurşap alypdyr. Şondan soň hem ol: «Gyratym, meni bagyşla, seniň üçin ähli zada taýýardyryn, gaýrat edeweri» — diýip, bedewiniň gulagyna pyşyrdap, jylawuny goýberipdir.
Az salymdan ýaş seýsiň aty tomaşaçylaryň öňünden ilkinji bolup dazlap geçip gidipdir. Bu ýagdaýy synlap duran baý at çapyşygy tamamlanandan soň ony ýanyna çagyrypdyr. Soň hem:
— Sen mert ýigit ekeniň. Gazabymdan gorkmadyň. Atyň at-abraýyny, mertebesini örän belentde goýduň. Şu ýagşy häsiýetleriň üçin gyzym bilen durmuş gurmagyňa razylyk berýärin diýipdir. Baýyň gyzy bilen ýaş seýsiň toýy uludan toýlanypdyr.
Tirkeş HÜMMIÝEW
Daşoguz welaýat kitaphanasynyň usuly bölüminiň müdiri.