HOŞ HABARYŇ JOŞGUNY




Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ilkinji günlerinden ýurdumyza hoş habarlary alyp geldi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň kabul edilendigi we ýurdumyzyň bu guramanyň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň (UNCITRAL) agzalygyna 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin saýlanandygy baradaky hoş habarlar her birimizde buýsanç duýgularyny döretdi. Bu şatlykly habarlary hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň 25-nji martda sanly ulgam arkaly geçiren mejlisinde aýtdy.
Sagdynlygyň girewi bolan welosiped sürmek bilen baglanyşykly amala aşyrylýan işler ýurdumyzyň çäginden çykyp, dünýä ähmiýetli wakalara utgaşyp gitdi. 2018-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem bu aýdylanlaryň subutnamasydyr. Mundan başga-da 2018-nji we 2019-njy ýyllarda Aşgabatda welosiped bilen bagly iki görkezijiniň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi, 2020-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UCI) iň ýokary sylagy bilen sylaglanmagy Türkmenistanda welosiped sportuny ösdürmekde we ony halkara derejä çykarmakda bitirilen işleriň dünýä ýüzünde ykrar edilmeginiň ýene bir nyşanyna öwrülipdi. Paýtagtymyzdaky «Welosiped» binasy bolsa bu günki gün tebigy taýdan iň arassa ulagyň halkymyzyň durmuşyndan uly orun alandygyny dünýä jar etdi.
Bu günki gün welosiped sürmek raýatlarymyzyň durmuşyna siňip gitdi. «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň kabul edilendigi barada eşidenimde, ilki bilen Zeminiň ýüzünde tebigaty goramak barada alnyp barylýan işleriň öňe ilerlejekdigi barada pikirlendim. Elbetde, şu Kararnamanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde dünýä ýüzünde ekologik taýdan iň arassa ulagy özüne hemra edinjekleriň sany ýene-de artar. Bu bolsa ýurdumyzda alnyp barylýan syýasatyň yzygiderliligi, bir-biriniň üstüni ýetirýändigi baradaky buýsançly pikiri-de seriňe doldurýar. Soňky ýyllarda welosipediň durmuşymyza giňden ornaşdyrylmagy her birimiziň saglygymyzyň, şonuň ýaly-da tutuş Zeminiň sagdynlygynyň aladasydyr. Çarhynyň her aýlawy saglyk öndürýän welosipedi hemra edinmek bilen biz töweregimizdäkilere-de sagdynlyk paýlaýarys. Saglyk bolsa şowlulyklara, ýeňişli menzillere eltýän altyn köprüdir.
Goý, ýurdumyza gelýän hoş habarlaryň yzy gür bolsun! Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç alsyn!

Gülälek GURBANOWA