Hormatly Prezidentimiziň saglyk we sagdynlyk hakynda parasatly sözleri


Hormatly Prezidentimiziň saglyk we sagdynlyk hakynda parasatly sözleri



Sagdyn durmuş yörelgesini berjaý edýän adamlary maşgala gatnaşygyndan, adamlara bolan garaýşyndan, dünýä bolan höwesinden tanap bolýar. Şeýle adamlar elmydama ruhubelent bolýarlar.

Biz öz ýaş nesillerimize diňe bir durmuşy , bilimleri söýmegi öwretmek bilen çäklenmän, olary berk bedenli we ruhy taýdan sagdyn edip ýetişdirmegi hem göz öňünde tutýarys. Bu wezipe döwletimiziň iň möhüm we esasy wezipeleriniň biridir.

Saglyk ýolunyň adam saglygyna täsiri köp taraplydyr. Giň meýdan, arassa howa, fiziki agram we tebigy gözellikler beden hem-de ruhy sagdynlygyň girewi bolup durýar. Saglyk ýoly saglygyny berkitmek isleýänler üçin bahasyna ýetip bolmajak mümkinçilikdir.

Saglyk — bu gözel tebigatymyzyň ynsana eçilen nygmatydyr. Şol saglygy gözüň göreji ýaly goramak üçin sag wagtyňda alada etmeli. Saglygyny berkitmek her bir ynsanyň öz elinde. Muny üpjün etmek üçin her birimiziň hemişe hereketde bolmaga, dogry iýmitlenmäge, sport bilen meşgullanmaga endik bolmagymyz zerurdyr.

Biz sagdyn durmuşyň tarapdary bolmak bilen, milletimiziň genofondunyň has-da berkemegine, ilatymyzyň saglygynyň pugtalanmagyna, sagdyn bedenli we sagdyn ruhly nesliň kemala getirilmegine, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sporty ösdürmek meselelerine aýratyn üns berýäris.

Biz «Sagdyn nesil – sagdyn jemgyýet» diýýäris. Diňe sagdyn jemgyýet kämil ösüşlere ýetip biler.

Adam ömrüniň ähli döwürlerinde hereketde bolmagy saglyga oňaýly täsir edýär.