Agzybirligiň arzyly ýoly


Agzybirligiň arzyly ýoly



Hormatly Prezidentimiziň daşary syýasy strategiýasy dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy, ynsanperwerligi, işjeň hyzmatdaşlygy we durnukly ösüşleri pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Hormatly Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda 2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilmegi hem hut şu belent maksatlardan gözbaş alýar. Şu ýyl bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky» Rezolýusiýasyny kabul edenine 25 ýyl dolýar. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz biziň beýik gymmatlygymyzdyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan indi dünýä bileleşigi bilen birlikde her ýyl Halkara Bitaraplyk gününi giňden we dabaraly ýagdaýda belleýär. Döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen hem-de tutuş adamzadyň abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýän syýasy ugry Türkmenistanyň halkara giňişliginde alyp barýan işiniň üstünlige eýe bolmagyny üpjün etdi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny dünýä nusgalyk derejä ýetirdi. Hemişelik Bitaraplygyň şanly 25 ýyllyk toýuna barýan berkarar Diýarymyz gysga taryhy döwrüň içinde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen sazlaşykly gatnaşyklary ýola goýmak, halkara hyzmatdaşlygyň düýbünden täze, netijeli ýollaryny hem-de ugurlaryny kemala getirmek babatynda beýik işleri aşyryp, uly tejribe toplady. Eziz Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan resmi taýdan iki gezek ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolandygyny, bu ugurda sanlyja ýylda amal edilýän iri taslamalary nazara alanyňda buýsanjyň goşalanýar.
Hormatly Arkadagymyzyň daşary syýasy strategiýasy mähriban halkymyzyň milli özboluşlylygyna, onuň gadymdan gelýän asyllly däplerine, çuň parasata eýlenen belent maksatlaryna doly laýyk gelýär. Merkezi Aziýa sebitinde möhüm orun eýeleýän ýurdumyzyň alyp barýan bu ugurdaky beýik işleri hemişelik Bitaraplyk syýasatyna, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine, parahatçylyk söýüjilige esaslanýar.
Goý, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy bedew bady bilen ösüşlerden ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, il- ýurt bähbitli beýik işleri elmydama rowaç bolsun!

Halmyrat BÄŞIMOW