Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Täze zaman medeniýet merkezi


Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Täze zaman medeniýet merkezi



Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Täze zaman obasynyň 200 orunlyk tomaşaçylar zaly bolan medeniýet merkezi 2014-nji ýylda gurlup ulanylmaga berildi. Onuň sahnasynda ýerine ýetirilýän çykyşlary döwrebap saz, yşk we ses bilen çeper bezemäge ähli zerur şertler bar. Tomaşaçylar zalynda kinofilmleri, döwrümiziň wajyp meselelerine bagyşlanan wideorolikleri, körpeje çagalar üçin gyzykly animasiýalary, multipikasiýalary görkezmek üçin zerur iň kämil tenologiýalar bilen üpjün edilen. Medeniýet merkezinde çeper höwesjeňler gurnaklarynyň birnäçesi hereket edýär. «Şadyýan çagalar» tans topary özüniň gyzykly çykyşlary bilen eýýäm halk köpçüliginiň söýgüsini gazanmagy başardy. Toparyň 16 agzasy bolup, olaryň ussatlyk bilen ýerine ýetirýän çykyşlary teleýaýlymlarda yzygiderli ýaýlyma berilýär. Toparyň agzalary dürli derejedäki sungat bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Mysal üçin, U.Annaberdiýewa Aşgabat şäheri boýunça höwesjeň çagalar tans toparlarynyň arasynda geçirilen «Dünýä tanslary», B. Baratowa «Köňli joşgunly nesiller» atly çeper höwesjeňleriň çagalar tans toparlarynyň arasynda geçirilen bäsleşiklerde ussatlarça çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Toparyň ýerine ýetirýän «Ata Watanym», «Kalbyň joşanda», «Bagtyýar nesiller», «Küştdepdi» ýaly onlarça tanslary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli tans sungatymyzyň ösmegine öz mynasyp goşantlaryny goşýar. Medeniýet ojagynda hereket edýän «Mukam» dutarçylar gurnagynyň agzalary baý pelsepä hem çuňňur mazmuna beslenen «Goňurbaş mukamy», «Atçapar», «Bu jennetdir», «Söýli halan», «Bibijan» ýaly milli saz eserlerimiziň onlarçasyny ýerine ýetirýärler. «Gündogar kakuwlary» deprekçiler topary özleriniň süýji kakuwlary bilen saz başarnyklaryny görkezýärler. Toparyň agzalary Aşgabat şäheriniň çäklerinde geçirilýän baýramçylyk çärelerine gatnaşyp, joşgunly çykyşlary bilen tomaşaçylaryň söýgüsini gazanmagy başardylar. Höwesjeň çagalar toparynyň çykyşlarynda bagtyýar zamanamyzyň belent ruhy, ýaş nesilleriň Gahryman Arkadagymyza, eziz Watanymyza, umman deý ymgyr sungat älemine söýgüsi aýdyň duýulýar.

Täze zaman medeniýet merkezinde hereket edýän «Bagtyýar çagalar» çeper el işleri toparynda ýaş gyzlara tikin tikmegiň, keşde nagyşlamagyň täsin syrlaryny öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilen. Çeper el işleri gurnagy üçin niýetlenilen otagynda milli tikin işlerini amala aşyrmak üçin iň kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilen Ýaponiýanyň «Janome» firmasynyň tikin we nagyş maşynlary oturdylan. Gurnagyň işjeň agzalary milli lybaslary älemgoşar reňkli nagyşlar bilen bezemegi, alaja örmegi, tahýa gaýamagy öwrenýärler. Bagtyýar gyzlar el işleriniň inçe syrlaryny öwrenmek bilen birlikde, läleler, monjukatdylar, ýaňyltmaçlar, ýaremezanlar, mataldyr sanawaçlary hem ýerine ýetirýärler.
Medeniýet merkezinde Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrap şahamçasy hem ýerleşýär. Bu paýhas hazynasynda 19346 kitap bar. Okyjylaryň sany 1062-den gowrak. Kitaphana bitewi elektron kitaphana ulgamyna birikdirilen. Kitaphanada okyjylaryň işjeň gatnaşmagynda Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabaralary, täze neşir edilen kitaplaryň sergileri, döwrüň wajyp mowzuklaryna bagyşlanan söhbetdeşlikler, belli ýazyjy-şahyrlar, döredijilik işgärleri, alymlar bilen duşuşyklar, edebi agşamlar yzygiderli geçirilýär.
Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Täze zaman obasynyň medeniýet merkezinde hormatly Prezidentimiziň milli medeniýetimizi ösdürmäge döredip berýän giň mümkinçilikleriniň esasynda, ilatyň medeniýetli dynç alşyny guramakda, aň-bilim derejesini barha kämilleşdirmekde, sungatymyzy täze aýdym-sazlar, tans, folklor eserleri bilen baýlaşdyrmakda, ýaş zehinleri ýüze çykarmakda möhüm ähmiýete eýe bolan işler yzygiderli alnyp barylýar. Munuň özi, kalplary bagtyýarlykdan telwas urýan halkymyzyň Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, ajaýyp döwrümize beýik buýsanjyny joşdurýar, ýurdumyzy has-da gülletmek ugrunda barha hyruçly zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Agamyrat BALTAÝEW