Hüwdi – çaga dünýäsiniň mukaddes senasy
Adamzat durmuşyndaky iň şirin mukam hüwdülerdir. Çünki, hüwdüler her bir maşgalanyň iň eziz görülýän we göz-guwanjy hasaplanýan iň kiçijek agzasyna, çagalara bagyşlanan ene ýüreginiň synmajak söýgüsiniň mährem owazydyr. Dünýäde hiç bir aýdym, hiç bir mukam, hiç bir owaz ene hüwdüsi ýaly ene söýgüsini ähli çuňlugy bilen açyp görkezip bilýän däldir. Hüwdülerde naşyja çagany meýmiredip, uka batyryp biljek täsin güýç, ukyp we mähir jemlenen. Hüwdüler-maşgalanyň ussat tälimçileri bolan eneler tarapyndan döredilýän we çuňňur terbiýeçilik ähmiýetli bentlerdir. Sallançak başynda hüwdüleri ýerine ýetirmek hem özboluşly sungatyň ussatlyk mekdebi bolup, uzak-uzak heňňamlary başdan geçirip dowam edýär.
Halkymyzyň çagalaryň edep-ekramly, berk bedenli bolmagy üçin hemişe alada edendigini hüwdüleriň üsti bilen hem doly subut edip bolýar. Nesillerimiziň aňyna milli ýörelgelerimiz baradaky düşünjeleri guýmaga uly goldaw berýän hüwdi bentleriniň her bir setiri terbiýeçilik ähmiýetlidir. Olar dogduk Diýaryňy-Watanyňy söýmegiň, döredijilikli zähmet çekmegiň nusgasy bolup, ýyllaryň dowamynda kämilleşip biziň günlerimize gelip ýetdi.
Meniň balam aý ýaly,
Aýda dokar bir haly,
Halysynyň bitimi,
Ýüz ellidir çitimi.
Ene hüwdüsi diýlende törlerimiziň dolulygynyň, maşgala binýadynyň dowamlylygynyň nyşany bolan çaga sallançaklary biygtyýar ýadyňa düşýär. Sallançak adamzat nesliniň dowamaty bolan çagajyklara niýetlenen enjam. Ol maşgalanyň döwletliliginiň alamaty bolup öýlerimize aýratyn bezeg berýär. Çagalygymyzyň senasyna öwrülen hüwdülerde hem:
Allan-allan alançak,
Akar suwlar bulançak,
Alty ganat ak öýüň,
Ýaraşygy sallançak –
diýen setirler döräpdir. Enelerimiz agtyklaryna bolan hamrak söýgüsi bilen maşgalanyň iň eziz, iň naşyja agzasynyň rahat ýatmagy, süýji uka batmagy, oýanan wagty güýmenmegi üçin duluna ýaraşyk berip duran sallançaklary ýasapdyrlar. Ak öýüň tärimleri sallançak ýasamakda sallançak agajy bolup hyzmat edipdir. Sallançak üçin öýüň dulundan arasy üç ädim töweregi aradaşlykda hatjaly iki sany agaç dikipdirler. Goýun ýüňünden, geçi çöpürinden ýa-da pagta süýüminden sallançak üçin ýörite berk ala ýüpler taýýarlanylypdyr, Ýüpleri ýaba diýlip atlandyrylýan şol agaçlara birikdirip sallançak ýasapdyrlar. Çaga sallançagy üçin nepisden nepis sallançak kilimleri dokalypdyr. Kilimi sallançagyň ýüpüne orap, çaga ýatjak ýerini ýasapdyrlar. Onuň üçin aralary açylar ýaly üç garyşdan ybarat bolan sallançak agajy iki ýüpüň aralygyna germäpdirler. Sallançak ýüpüne ilip durar ýaly germew agajynyň iki ujuny köwüpdirler. Sallançak kilimini ýüplere tikip berkidipdirler.
Mährem enelerimiz sallançagy üwremek üçin ýörite niýetläp alaja ýüp işipdirler. Ol ýüp sallançak bagy diýlip atlandyrylýar. Çaganyň ejesi ýa-da enesi, gyz dogany şol bag bilen sallançagy üwräp we hüwdüläp körpäni ýatyrypdyr. Sallançak bagy haýsydyr bir el işi bilen meşgullanylanda hem sallançagy üwremek üçin amatly serişde bolup hyzmat edipdir. Eli işli zenanlar sallançak bagyny aýagyna orap, hem sallançagy üwräpdir, hem keşde, tikin-çatyn edipdirler. Soňra agaç sallançaklar ýüze çykyp başlapdyr. Häzirki döwürde tejribeli ussalar tarapyndan demirden has kämil we döwrebap sallançaklar ýasalýar.
Türkmen zenanynyň zähmet terbiýesini bermekde nusgalykdygy syýahatçylaryň, jahankeşdeleriň, bu eziz Diýara saý-sebäp bilen gelen daşary ýurtlylaryň ýazgylarynda ençeme gezek tekrarlanýar. XIX asyrda fransuz ofiseri Genri Gulibef de Blokwil türkmen zenanynyň çeperligi, maşgaladaky aladalary, jemgyýetdäki orny barada haýran galyp, şeýle ýazgy galdyrypdyr: ,«Beýleki musulman halklaryňka garanyňda türkmenlerde aýallara bolan hormat has uludyr. Ýöne türkmen aýallary has köpem işleýärler. Ondan başga-da, olar ýüň egirýärler, dokaýarlar, tikin-çatyn edýärler. Keçe basýarlar, gara öý dikişýärler, suw getirip, kir ýuwup, ýüpek-sapak boýaýarlar, dokma dokaýarlar. Gürrüň edip oturan bolsun ýa-da goňşularyna oturmaga baran bolsun, olaryň elleriniň güýmenjesiz oturandygyny görmersiň, ýa ýüň tüýdýändir, ýa-da ik egirýändir». Şeýle işeňňir, çeper elli zenanlaryň zähmetsöýerligi taryplaýan hüwdi bentlerini döretjegi ikuçsyzdyr. Hawa, bu aýdylanlary hüwdi setirleri hem tassyklaýar. Eli işlilik hüwdüleriň hem baş temasydyr:
Gündogardan ýel öser-ä
Başymy sypap öter-ä,
Meniň balam, Enejan -a,
Ulalyp keçe basar-a.
Adamzat döräp dünýä ýüzünde ene hüwdüsi ýaly täsir edijilik güýje eýe bolan başga bir owaz, kalbyňa aram beriji şirin mukam meger ýokdur. Ene mähri hüwdülerde owazlanýar. Hüwdi ýaňlananda dünýäniň ýüregi hem aram tapýandyr meger. Aýdym-saz parahatçylygyň ilçisi bolsa hüwdüler bu sungatyň ylham çeşmesidir. Çünki, hüwdi mukamlar başydyr. Halk döredijiliginiň ynsan kalbyny rahatlandyrýan, terbiýeçilik ähmiýetli, milli ruhly, eneleriň mährini, ýürek owazyny özüne siňdiren şahyrana dünýäsiniň baş mukamy hüwdülerdir. Hüwdüler umumadamzat ähmiýetli gymmatlykdyr. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda baý mirasymyzyň naýbaşy nusgalaryny geljege we geljekki nesillere miras goýmakda, umumadamzat gymmatlygy hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmekde alnyp barylýan işler guwandyryjydyr. Bu abraýly sanawa goşulýan gymmatlyklarymyzyň sany barha artýar. Häzirki wagtda «Çaga sallançagyny ýasamak we hüwdini ýerine ýetirmek däpleri» atly hödürnamany ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşmaga hödürlemek boýunça ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariaty bilen bilelikde degişli işler geçirilýär. Nesip bolsa, bu hödürnama hem ÝUNESKO-nyň ady agzalan abraýly sanawynda mynasyp orun tapar we umumadamzat gymmatlygy hökmünde ykrar ediler.