TÜRKMENISTANYŇ HALK ÝAZYJYSY GURBANNAZAR EZIZOW


TÜRKMENISTANYŇ HALK ÝAZYJYSY GURBANNAZAR EZIZOW

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizow 1940-njy ýylyň 1-nji martynda Gökdepe etrabynyň Söwütli obasynda Azyz (Abdylazyz) Hümmedowyň maşgalasynda dünýä inýär. Ol 1964-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetini tamamlaýar. Soňra «Mydam taýýar» gazetiniň, «Pioner» žurnalynyň edebi işgäri, «Edebiýat we sungat» gazetiniň poeziýa bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň ýazyjylar birleşiginde ýaş şahyrlaryň maslahatçysy wezipelerinde işleýär. Şahyr işiniň daşyndan zergärçilik bilen hem meşgullanyp, nepis şaý-sepleri ýasaýar. Her bir halk öz gymmatlyklaryny hatyralaýar, olara sarpa goýýar. Onuňam sebäbi ýönekeýjedir. Ol her bir halkyň ýüreginde ýaşaýar. Ýüreklerde orun alyp, asyrlar boýy bile ýaşap gelen gymmatlyk her bir halk üçinem dil ýetirilmesiz baýlyk.

Hormatly Prezidentimiziň milli gymmatlyklarymyzy dünýä derejesinde belende galdyrmak bilen baglanyşykly amala aşyrýan işleri barada-da şeýle buýsançly sözleri näçe aýtsaň, aýdyp oturmaly. Ol buýsançly ýollaryň islendik menziline nazar aýlanyňda-da, halkyň ýüreginde hemişelik ýazgy galdyryp giden ussatlaryň atlaryny näçe sanasaň, sanap oturmaly. Gurbannazar Ezizow hem hakydalarda hemişelik orun alan, döredijiligi halkymyzyň öçmejek mirasyna öwrülen şahyr.

Türkmen sährasyna ýene-de güýz geldi. Bu günki gün biz türkmen güýzüni Gurbannazar şahyryň şygyrlary bilen garşylaýarys. Şol şygyrlar bilen türkmen sährasynyň gözelligini wasp edýäris. Gurbannazar şahyryň özüne welin, türkmen topragynyň bary-ýogy otuz bäş güýzüni görmek miýesser edipdi. Ýöne, şol gysga ömrüniň dowamynda ol türkmene bu ajaýyp Watanyň gözel pasyllaryny baky wasp edip gezmek üçin ýeterlik poeziýany peşgeş goýmaga ýetişipdi. Şahyryň bu peşgeşi — öz mähriban halkyna, şu topraga ýapan bahasyz serpaýydy… Bu bahasyz serpaýyň öwezine bolsa ol bizden diňe bir zady — baky söýgini isläpdi...

***
Maňa kän zat, uly bir zat gerek däl,,
Eliňizi ýüregiňize goýuň siz,
Size söýgi bilen ýüzlenýän günlem,
Sözlerimi kesä çekmän, söýüň siz…

Hawa, Gurbannazar Ezizow öz şygyrlary bilen türkmen şygryýetine pikir taýdan-da, onuň aýdylyşy jähtden-de, düzüliş babatda-da täzelikleri getiripdi. Bary-ýogy otuz bäş ýaşyň içinde tutuş bir halkyň şygryýetinde mekdep derejesine ýetmek, diýseň seýrek hadysa. Şonuň üçinem Gurbannazar şahyryň şygyrlary bu günki gün her bir öýde, her bir türkmeniň kalbynda ýaşaýar. Maşgalada perzent dünýä inende, durmuş toýy tutulanda, Gurbannazar şahyryň şygyrlary okalýar:

***
«Törüňizde hemişelik gurulan;
ýumşak sallançagyň ýatmasyn bady…»

diýen ýaly ençeme setirler indi türkmeniň süýji arzuwlarynyň içine hemişelik garyldy. Bu gün aşyk ýigitler derek boýly ýarlaryna Gurbannazaryň dilinde söýgi sözlerini aýdýarlar. Baýramçylyklarda Gurbannazar şahyryň şygyrlary bilen mähelle gutlanylýar. Türkmen sährasy bolsa henizem şahyryň şygyrlaryna hiňlenip ýör. Gurbannazar şahyr öz ýüregini, owazyny, ajaýyp dünýäsini türkmen tebigatyna baky ýadygär goýup gitdi. Bu gün onuň ajaýyp poeziýasy aýdym bolup, äleme seýrana çykýar.

Gurbannazar şahyryň şygryýet äleminiň gözelligi ýaly, häsiýetiniň-de türkmen sährasyna çalymdaş ýumşak bolandygyny onuň döwürdeşlerinden telim ýola eşidip görüpdik. «Ol göýä, öz adamkärçiligi bilen paýlap ýetişmedik mährini, söýgüsini töwerek-daşa şygyrlarynyň üsti bilen paýlajak bolýana meňzeýärdi. Belki-de, onuň häsiýeti şygyrlarynyň üstüni ýetirendir. Garaz, ol dünýäleriň ikisem – şahyryň içki dünýäsi-de, döredijilik dünýäsi-de gözeldi» diýip, uniwersitetde halypa mugallym, Gurbannazar şahyryň egindeşi Begmyrat Weýisow hemişe uly mähir bilen ýatlardy.

Güýz paslynyň ilkinji gününde biz ýene-de Gurbannazar Ezizowy ýatlaýarys. Diňe bir bu gün däl, şahyr öz şygyrlary bilen türkmen topragynda ýylyň dört paslynda-da ýaşap ýör. Sebäbi ol şygyrlarda bu barlygyň ajaýyp keşbi suratkeşiň ussatlygy bilen döredilipdi. Ol eserleriň ählisinde-de nähilidir bir üýtgeşik hyjuw, egsilmez joşgun bar. Şonuň üçinem biz hemişe Gurbannazar şahyry ýatlanymyzda kalbymyza türkmen topragynyň göwnüňi göteriji ýakymy aralaşýar. Bu bolsa şahyryň bize hemişelik ýapyp giden bahasyz serpaýydy.

Ýurdumyzy röwşen geljege tarap ýol açyp berýän şeýle hem şahyrlarymyzyň sarpasyny dünýä derejesinde tanalmagyna uly ýardam edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlaryklara beslensin !

Gökdepe etrap bilim bölüminiň hünärmeni



Maksatmyrat AGAMYRADOW