ÝEŇIŞ


ÝEŇIŞ

(KYSSA)

Gün gijikse-de Hajymyrat öýe girmäge howlukmady. Akguşy synlap oturşyna atlaryň gözelligi baradaky pikirlere berildi: «At gözelligi duýgurlygynda, wepasynda, aýak urşunyň ýüwrükliginde. Akguş üşükli at. Del adam ýanyna golaýlajak bolsa tanapyna towsup, garşylyk görkezmäge heder edenok. Ýöne çagalaryň garagol hereketlerine welin geçirimli. Şol gezek Akguşuň aýagyny ýazmak üçin sonarly meýdana geldik. Golaý bir ýerden suwuň inçe owaz edip, şirrildeýän sesi eşidildi. Gabymy suwdan dolduraýyn diýip, şo tarapa ugradym. Tebigatyň kalbyňy heýjana salýan täsin görnüşi Akguşuň keýpini çaglady. Synasy syratly Akguşa nazary düşen adam, bedewe münmegiň arzuwynda gezerdi. Şeýle pursady öňden peýläp ýören çagalar atyň ýekeliginden peýdalanyp, daşyna halka guradylar. Akguş çagalaryň garagollugyna garşylyk görkezmedi. Ýüwrüp geldi-de ýanymda saklandy. Bu ýagdaý atyň eýesine hamraklygydy» diýip, şol wakany ýatlady.

Pikir etdigiçe içki duýgularynyň böwedi böwsüldi. «Gözellik janly-jandaryň gelşigi. At gözelligini görerin diýseň-ä çapuw ýodasyna geläýmeli» diýip, Hajymyrat öňünde misli çekilen surat ýaly bolup duran, syratly atyna guwandy. Ýelden ýüwrük, behişdi bedewleri ýetişdiren seýislere şöhrat bolsun! Ýyndam, owadan atlar seýisiň yhlasly zähmetiniň miwesi. Kakamyň seýislän atlary il-günüň buýsanjy. «Seýisçiligiň hasap-hesibinden baş çykaransoň bedewleri çapyşyklarda aýlawy baglaýar» diýip, hol gün Gully aga uly märekede kakamyň öwgüsini ýetirdi. Gully aga bu sözleri kakamyň göwnünden turmak üçin aýtmady. Ol bir wakany göz öňünde tutýardy. Ogly Merediň durmuş toýy mynasybetli at çapyşygy gurajakdygyny Gully aga öňünden duýdurdy. Ol şonda: «Çapyşygy Akguşsuza geçirip bolmaz» diýip, çakylygyny ýetirdi. Toýuň başlanmagyna iki gün galanda Akguş kebzeledi oturyberdi. Garaşylmadyk ýagdaý barymyzyň keýpimizi gaçyrdy. Kakam darykman, ýaňy soýlan goýnuň gyzgyn derisini Akguşuň arkasyna ýapyp: «Kebzelemek atlarda bolaýgyç ýagdaý. Gyzgyn deri derrew agyrysyny sorup alar. Üstesine bizem yhlas ederis welin, aýaga galar gidiberer. Enşalla, ýaryşa goşular» diýip, ynamly gürledi. Kakamyň aýdany çyn boldy. Akguş toý çapyşygynda ýeňiş gazandy. Kakam «seýis» adyna atlara yhlas siňdirip eýe boldy. Ol ençeme wagt aýlawda çapmadyk atyň hem seýisçilik işini ýetirip, ýaryşa goşardy. Şeýdip atlary ýene-de aýlawyň bezegine öwrerdi. Seýislän atlarynyň aýlawy baglamady-ga ýokdur. Garadoryň, Garagözüň ýüwrükli-gä «aperin» diýdirýär. Obaň abraýyny belende göteren atlarymyza obadaşlarymyzyň söýgüsi çäksiz. Akguş şolaryň neslinden». Oý-pikirlerine berlen Hajymyrat wepaly bedewine tiňkesini dikip, umytly garady: «Döwlet aýlawyndaky at çapyşyk nähili bolarka?!» diýip, böwrüni diňledi. «Kakam şu gün Akguşy dykgatly synlady. Pisindi oturan bolara çemeli. «Çapyşykda ýeňiş bizlik bolsa gerek. At-a ýeňiş ýagdaýynda. Ýöne, ýeňiş çapyksuwaryň bedewe erk edip bilşine-de bagly» diýip, egnime kakdy. Bu sözde «Alynyň ala meýdanynda» ezberligiňi görkez!» diýen many bardy. Bize öňde synag garaşýar. Synagdan geçmegi başarsak, ikimiziň bagtymyzyň çüwdügi biläý, Akguş! Ýeňiş gowy zat. Her bir adam durmuşda maksadyna ýetip, ýeňiş gazanmagyň höwesinde» diýip, uzaklara nazar aýlady.

Hajymyrat toýda guralýan at çapyşyklarda Akguşa çapyksuwarlyk edip, baýraklar alypdy. Şol çapyşyklar ony obada ezber çapyksuwar hökmünde tanatdy. Obadaşlarynda ynam döretdi. Şol ynamy ödemek Hajymyradyň öňünde uly jogapkärçiligi goýdy. Ertirki boljak at çapyşykda ýeňiş gazansa, obadaşlarynyň ynamyny ödejekdi: «Ýöne, uly aýlawda boljak çapyşyga men ýaly ýeňşe dalaş edýän çapyksuwarlaryň, gör, näçesi üýşer?! Olardan saýlanmak ýeňil-ýelpaý iş däl. Haýsy atyň ýyndamlygyny, haýsy çapyksuwaryň ezberligini ýaryş görkezer. At çapyşygy özboluşly ýaryş. Ýyndam atlar jadyly aýak uruşlary bilen muşdaklaryň göwnüni göterýär. Her kimiň söýgüli atyna janköýerlik etmegi, ýaryşyň iň gyzykly pursaty. Altyn aşygyň alçy gopup, atyň ýeňiş gazansa, senden bagtly adam ýok» diýip, Hajymyrat çapyşygyň şowly pursatlaryny göz öňüne getirdi.

Öýe dolanyp, ýatmak üçin ýerine geçse-de pikirlerinden aýňalmady. Kakasynyň: «Sen yhlasyňy gaýgyrmasaň, at gaýratyny, wepasyny subut eder. Dili bolmasa-da eýesiniň islegini duýup durandyr janawer. Aýlawyň synag ýeridigine-de düşüşdirler. Ýagyrnysyna bir gezek serpaý ýapylsa, soňky çapyşyklarda-da ýeňşi sypdyraslary gelmez. Şan-şöhraty baýdak edinýän meşhur bedewlerdir bular. Üstesine-de namysjaňdyr». «Dogry, gaty dogry» diýip, Hajymyrat özýanyndan kakasynyň sözlerini makullady. Kem-kemden gözlerini bürýän uky ony barha meýmiretdi. Süýji arzuwlar bilen uka gitdi.

Entek daň agarmandy. Iňrigiň garalyp durandygyna garamazdan, Nepes seýisdir Hajymyrat oýady. Gijäni gydyrdanyp geçirse-de Bahargül ejäniň eýýäm adamsydyr ogluna ertirligi taýýardy. Ataly-ogul garbak-gurbak edinip, atýataga ugrady. Öýlerinden uzakda bolmadyk asuda aýlawda Hajymyradyň gözi eglendi: «Ertir aýlaw gyzan bazar ýaly adamdan dolar. Bu ýer toýhana öwrüler» diýip, çil ýodadan ýöräp barşyna atýataga geldi. Kakasynyň:

-Hajymyrat, atyň eýerini getir! - diýen sesi çuslady. Säheriň çygyna ezilen baglaryň ýakymly ysy töwerege bark urýardy. Gulaklaryny keýerdip duran Akguşam iňňän sakdy. Olar aty eýerläp, taýýarlyk geçilýän ýere bardylar. Nepes seýis:

-Her müň metrden atyň aýak urşuny çaltlandyr. Dogry ýola düşeňsoň jylawy erkine goýber. At aýagynyň gaýraty şu ýerde belli bolýandyr. Ýaryşyň netijesem şu ýerde çözülýändir. At çapyşygynyň öz hasaby bardyr! Häzirki hasabymyzy bozman, ata erk edip bilseň, ýaryş ýeňiş getirer-diýip, Hajymyrada sargyt etdi.

Hajymyrat bilen Akguş üçin bu gün uly synag. Ine, ýaryş geçmeli aýlaw. Näçe çapyşyklara şaýat bolup, ýyndam atlary şan-şöhrata beslän aýlaw. Bu ýer, bedew şöhratynyň dabaralanýan ýeri. Atlaryň aýak uruşlaryna, çapyksuwarlaryň ezberligine baha berilýän ýeri. Aýlawda çapyşyga gatnaşjak atlar, çapyksuwarlar, seýisler gaýda-gaýmalaşykdy. Kimsi atyny gezim etdirse, kimsi seýis bilen pikir alyşýardy. At çapyşygyň janköýerleri bolsa aýlawa has ir gelip, oňaýly ýerlerde ornaşýardylar. Aýlawyň içi sähel salymda adamdan ýaňa hyň berýän gyzan bazara döndi.

Saýlama bedewler aýlawa getirildi. Muşdaklar çapyşygyň başlaryna sabyrsyz garaşýardy. Çapyşyga berlen ygtyýar atlary ýaryşa atardy. Her kim öz bedewiniň janköýeri. Çapuw ýoluna çykan atlaryň aýak uruşlary barha batlandy. Turuwbaşdan öňe saýlanan Akguşuň, adamlar öwgüsini ýetirdi. Märekäniň arasynda oturan Nepes aga: «Enşalla, ýeňiş bizlikdir. Indi aýaklarynyň bady artmasa, gowşamaz» diýip, egin deňläp gelýän atlardan öňe saýlanan Akguşa ynamly bakdy. Atlar dogry ýola düşdüler. Arzyly pellehana golaýlady. Çapyksuwarlar atlaryň jylawlaryny erkine goýberdiler. Ýaryşyň aýgytlaýjy minutlary gelip ýetdi. Atlaryň arasyndaky çekeleşik artdy. Akguşuň yzyny basyp gelýän Laçynyň aýak urşy batlandy. Ol Akguşuň deňinden dazlap geçdi. Akguş güýjüni bir ýere jemläp, öňe okduryldy. Emma aýaklaryna ýaňy bat beren Laçyn ondan galarly däldi. Akguş hem Laçyny öňe geçirerli däldi. «Akguş», «Laçyn» diýip, bogazyna sygdygyndan gygyrýan janköýerleriň sesi, atlaryň aýaklaryny has-da gyzdyrdy. Namysjaň bedewligini subut eden Akguş ýeňşe çynlakaý ymtyldy. Atyň «ýüňsakgal» etmejekdigine ýeňil gopýan aýaklary şaýatdy. Batly okdurylyp barşyna Akguş, Laçynyň deňinden geçip, pellehana ilkinji bolup geldi. Ýaryşda ýeňen Akguşuň daşy adamdan ýaňa hümerdi. «At arkasy gutly bolsun!» diýen sözleriň yzy üzülmedi. Hajymyrat «tüweleme» diýip, Akguşuň ýeňşini mübärekläp, gyzan ýagyrnysyny sypady. Aty gezim etdirip ýören Hajymyradyň Akguşuň gözlerindäki damja ýaşa gözi düşdi. Bu bedewiň begenç gözýaşydy.

Bu gün Hajymyrat bilen Akguş üçin diýseň üýtgeşik. Olar ilkinji uly synagdan şowly geçmegi başardy. «Arzyly ýeňşe ýetmek uly bagt» - diýip, ezber çapyksuwar Akguşuna henizem buýsanyp durdy.

Ogulgurban GAŞLAKOWA