GARAŞSYZLYK GELJEGIMIZIŇ ŞAMÇYRAGY


GARAŞSYZLYK GELJEGIMIZIŇ ŞAMÇYRAGY

Garaşsyzlyk döwletimiziň dürli ugurlardaky belent ösüşlerine we ýaşaýyş rowaçlygyna täzeden jan, täzeden badalga berdi. Diýarymyz arzuwlaryň amala aşyp, halkyň eşretli zamanly bagtyýar döwranly ýurduna öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň binýadyny düýpli berkidýän Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we ýurt Baştutanymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza bagyş eden erkinliginiň, rowaçlygynyň, bagtyýarlygynyň höziri hem, ýakymy hem başgaça. Bu ýyllarda amala aşyrylan beýik özgertmeleriň käbirleri hakynda durup geçmek aýratyn ýakymly.

Ilatyň durmuş üpjünçiligi hakynda edilýän aladalar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinden gözbaş almak Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr, Döwlet diňe halky bilen döwletdir» diýen bu ajaýyp syýasaty gönüden-göni halkyň asuda, bolelin ýaşaýyşyna gönükdirilendir. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi, halkymyza häzirkizaman lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanmaga giň mümkinçilik döretdi. Ýurdumyzda gurulan we gurulýan häzirkizaman hassahanalarynda hem-de bejeriş-anyklaýyş merkezlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlary ýola goýuldy.

Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen paýtagtymyz Aşgabatda dünýä derejesine laýyk gelýän, häzirki zaman enjamlary bilen abzallaşdyrylan birnäçe halkara saglygy goraýyş merkezleri, welaýatlarda gurulan we gurulýan saglygy goraýyş we anyklaýyş merkezleri ilatyň saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda we olary öz wagtynda anyklamakda uly ýardam berýär.

Gahryman Arkadagymyzyň «Telekeçiler ýurdumyzyň altyn gaznasydyr» diýen parasatly başlangyçlaryny hormatly Prezidentimiziň dowam etmegi bilen ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde, ilaty gündelik zerur harytlar bilen üpjün etmekde, içeri hem daşary söwda ugrunda uly ösüşler gazanyldy. Daşarky döwletler bilen gatnaşyklar dostluk-doganlyk gatnaşyklaryna öwrülmek bilen, ýurdumyz parahatçylygy goraýan we ündeýän ynsanperwer syýasaty bilen dünýä tanaldy.

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň BMG-niň münberinde ösüş arkaly parahatçylyk, sebit hem-de sebitara ylalaşyk, energetika, ekologiýa, ulag meseleleri barada eden teklipleri halkara jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn garşylandy.

Ýurt baştutanymyzyň ýurdumyzda ösen döwletleriň täze tehnologiýalarynyň, innowasiýalarynyň ähli pudaklarda giňden ornaşdyrylmagy baradaky syýasaty maglumatlar asyrynda Türkmenistan döwletimizde hem maglumatlar jemgyýetiniň kemala gelmeginde uly ähmiýete eýe boldy. Bu aýdylanlardan milli demokratiýamyzyň oňyn netijelerini aýdyň görmek bolýar. Ýagny, 2014-ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň «Türkmen Älem 52 E» emeli hemrasynyň uçurylmagy bilen ýurdumyz dünýäniň maglumatlar giňişligine goşuldy.

Türkmenistan Diýarymyz ägirt uly gurluşyklaryň–ýaşaýyş maksatly, edara binalarynyň, monumentleriň, giň şaýollardyr köprüleriň gurulýan ajaýyp ýerine öwrüldi. Her ýyl ýurdumyzda bellenilýän şanly seneler bilen bagly ençeme häzirkizaman tehnologiýalary ornaşdyrylan desgalar açylyp ulanylmaga berilýär. Garaşsyzlyk ýyllarynyň iň uly wakalarynyň biri hökmünde 2017-nji ýylda paýtagtymyzy Aşgabat şäherinde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny agzamak bolar. Oýunlar paýtagtymyzda gurulan sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesinde geçirilmek bilen, onda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş etdiler.

Milli medeniýetimizi ösdürmek, dünýä çykarmak babatynda hem birnäçe işler amala aşyrylýar. Sanlyja ýyllaryň içinde türkmen halkynyň döreden maddy hem ruhy gymmatlyklarynyň ençemesi ÝUNESKO-nyň Bütündünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Ýurdumyzda her ýyl medeniýet günlerini dabaraly bellemek, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň, Diýarymyzda hem daşary ýurtlaryň medeniýet hepdeliklerini geçirmek ýola goýuldy. Bu bolsa dünýäniň medeni syýasatynyň dost-doganlyk, ynsanperwer gatnaşyklar esasynda ösdürilmegine uly ýardam berýär.

Garaşsyzlyk ýurdumyzda milli aňýetimiziň barha ilerlemegine alyp barýan türkmen intelgesiýasynyň wekillerini hem orta çykardy. Bu Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň adamzadyň häzirkizaman ýaşaýyş-durmuşuna mahsus bolan ösüşleri ilerletmekde akyl zähmetine daýanmak ýörelgesi bilen barýanlygydyr. Ruhy medeniýetiniň hakyky baýlygynyň döredilmegi bolsa her bir raýatymyzyň durmuşa öňkidenem işeňňir aralaşmagyna, döwrümiziň öňe alyp baran beýik işlerine päk ýürekden ygrarly bolmagyna getirýär.

Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk, ýakynyňa yzzat etmek, ýadyňa hormat goýmak, myhmanparazlyk ýaly ynsany bezeýän ajaýyp sypatlar asyrlarboýy türkmene ýaran bolupdyr, has dogrusy, ol häsiýetler türkmen halkynyň ganynda bar, türkmeniň gadymdan gelýän durmuş pelsepesi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň parasatly öňdengörüji, dana ýörelgesiniň ykrarnamasy hökmünde döredilen «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat» gaznasy bolsa türkmen döwletiniň bu günki günde ýöredýän adyl syýasatynyň ynsanperwerligiň ýurt derejesindäki ajaýyp ýüze çykmasy bolup kalplara orun goýdy.



Dünýä ATAÝEWA



Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň I derejeli kitaphanaçysy