«Umumy fortepiano» kafedrasynyň hepdeliginiň açylyş dabarasy


«Umumy fortepiano» kafedrasynyň hepdeliginiň açylyş dabarasy



Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyz günsaýyn ösýär, özgerýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem halkymyzyň her bir güni toýdur-dabaralara beslenýär.

Ine, ýaňy-ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Umumy fortepiano» kafedrasynyň hepdeliginiň açylyş dabarasy geçirildi. Konsertiň başynda zehinli talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeginde Türkmen Halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Bagtyň nury» atly eseri ýaňlandy. Tomaşaçylar ör turup bu eseri bilelikde ýerine ýetirdiler.

Dabaranyň dowamynda kafedranyň mugallymlary we talyplary çykyş etdiler. Talyplar meşhur türkmen kompozitory B.Hudaýnazarowyň ajaýyp saz eseri «Tokkata»-ny ýerine ýetirdi.

Soňlugy bilen konsertiň dowamynda Seýran Atanyýazow W.A.Mosart «Skripka we fortepiano üçin sonata» we P.I.Çaýkowskiý «Güýz» atly eserlerini ýerine ýetirip, tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldylar.

Soňra Nursahatow Eziz we Jorakulyýew Hijranyň bilelikde ýerine ýetirmeklerinde kompozitor Ýuriý Wesnýak «Karlson» eserleri ýaňlandy. Soňra III ýyl talyp Leýli Begiýewanyň çykyş etmeginde Nikolaý Şeýko «Pursat», mugallym Baýramgül Muhatowa Fridrih Kulau «Wals g-moll» eseri bilen çykyş etdi.

Onuň yzysüre zenan türkmen kompozitory Wera Abaýewanyň «Güýz şemaly», «Jazz Ekspromt», «Pursatlaýyn» atly eserlerini yzygiderlilikde Ýagmyrow Hüseýin, Nagyýew Rasul, Täçmyradowa Bägül dagylar ýerine ýetirdiler.

Soňra bolsa Batyr Soltanowyň «Epgek» eseri bilen Ogulnur Sultanowa çykyş etdi we tomaşaçylaryň el çarpyşmalaryna mynasyp boldular. Huseýin Bonjugyň döreden «Kalbimin tek sahibine» atly aýdymyny zehinli talyplar Humaý Kakaýewanyň ýerine ýetirmeginde Eziz Nursahatow we Güljemal Taýlyýewa dagylar sazandarlyk etdiler.

Soňra daşary ýurt kompozitorlarynyň eserleri Nataliýa Baklamowanyň «Romans», P.I.Çaýkowskiniň «Garyň astynda» (Подснежник), G.Swiridowyň «Wals», J.Wilýellonyň «Elçokolo tango», Ýuriý Wesnýagyň «Mylaýymlylyk», D.Şostakowiç «Elegiýa», Arno Babajanýan «Elegiýa», E.Grig «Şahyr ýüregi», K.Karaýew «Pikirlenmek», T.Kulyýew «Wals», J.Gerşwin «Seni söýýän», E.Grig «Norweg tansy», Weber «Sonatina» eserlerini Ýeketarina Iliçýowa, Ogulbagt Annaberdiýewa, Enejan Ataýewa, Nazar Saparow, Sähra Akmämmedowa, Nurana Mämmedowa, Merjen Gulmuhammedowa, Mawlýuda Bahramowa, Aýgül Nurberdiýewa, Mähri Bozaganaowa, Allanazar Bahramow, Öwezaly Amangeldiýew ýaly talyplar, şeýle-de kafedranyň mugallymlary Anna Işanowa, Lola Atajanowa dagylar çykyş etdiler.

Konsertiň jemleýji pursatlarynda Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözler aýdyldy. Konsert tamamlanandan soňra, kafedranyň çykyş eden mugallymlary we talyplary ýadygärlik surata düşdiler.

Osman SAPARGELDIÝEW