Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi


Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi



12-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
Mejlisiň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri hem-de döwletimizde howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, bu düzümleriň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we alyp barýan işlerini kämilleşdirmek meseleleri girizildi.
Milli Liderimiz mejlisi açyp, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berdi. Ol şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, döwlet Baştutanymyz tarapyndan ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, esgerleriň we serkerdeleriň gulluk etmegi we ýaşamagy üçin zerur şertleri döretmek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli harby ýörişe taýýarlyk görmek ýurdumyzyň goranmak ministrliginiň ýolbaşçysynyň hasabatynyň aýratyn meselesi boldy. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň çäklerinde amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň goranmak ministrliginiň işini döwrüň talaplaryna laýyk guramakdan ybaratdygyny nygtady. Milli Liderimiz şunda goşunlaryň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da döwrebaplaşdyrmagyň möhüm talapdygyny aýdyp, bu meseläni hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Milli Liderimiz şeýle hem eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň nobatdaky senesi mynasybetli guraljak harby ýörişiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.