Yssyda özüňi alyp barmagyň kadalary


Yssyda özüňi alyp barmagyň kadalary



Howanyň aşa gyzýan günlerinde ýaş çagalar we gartaşan adamlar ir säher bilen sagat 6 — 9 aralygynda, agşam 18 — 21 aralygynda ýanlaryna gerekli mukdarda agyz suwuny alyp, tomus paslynyň talaplaryna laýyk geýnip çyksalar, gowy bolar.
Adam yssy howadan salkyn öýe girende, hökman derlän eşigini gury eşige çalyşmaly, sowadyjynyň aşagyna kellesini, ýüzüni we petekesini tutmaly däl, sebäbi bu kelle beýniniň, ýüzüň süňk boşluklarynyň sowuklama, ýokary dem alyş ulgamynyň keselleriniň döremegine getirip biler. Şeýle hem gyzyp gelip sowuk suwuň aşagyna girmek, sowadyjydan buz ýaly sowuk suwy, dürli içgileri birbada içmek hem düýbünden gadagandyr. Bu agyz boşlugynyň, dişleriň, gyzylödegiň, ýokary dem alyş ulgamynyň sowuklama keselleri ýaly keselleri ýüze çykarýar.
Üşemek, Günüň aşagynda köp bolmak — ikisem beden üçin howply ýagdaýdyr. Şol sebäpden, bu ýagdaýda mylaýym bally limonly çaý, alma gaýnatmasyny we demlemesini, itburun we zirk, çopantelpek demlemelerini içmeli. Çünki olar bedene gerek bolan mikroelementleriň öwezini dolýar we bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrýar. Düýe çalydyr agaran tomus paslynda bedene kuwwat beriji tagamlardyr.
Mähriban Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltlik kitabynda ylmy taýdan giňişleýin beýan edilýän narpyz, çopantelpek, ýandagyňgüli, käkilik oty, boýbodron, buýan otlaryndan taýýarlanan melhem çaýlar tomus paslynda kuwwat berip, teşneligi gandyrmakda, keselleriň öňüni almakda uly ähmiýete eýedir.
Soňky günleriň dowamynda howanyň ýagdaýyna geçirilen seljermäniň netijesinde, Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda Türkmenistanyň çäklerine günorta-gündogardan, demirgazyk-gündogardan we demirgazykdan aralaşan howa akymynyň täsiri bilen howada tozanyň agdyklyk edýän ýagdaýy hasaba alyndy. Bu bolsa adamyň saglygy üçin, aýratyn-da, dem alyş ulgamy üçin oňaýsyzdyr.
Howa şertleriniň adam bedenine ýetirýän oňaýsyz täsirleriniň öňüni almak üçin degişli çäreleri güýçlendirmek zerurdyr. Tomsuň ortaky aýy howanyň üýtgemegi we düzümindäki maddalaryň kadadan ýokary bolmagy bilen baglanyşykly tebigy ekzogen täsirini peseltmek maksady bilen, saglygy goraýyş, söwda nokatlarynyň, bazarlaryň, jemgyýetçilik ulaglarynyň we beýleki ilata hyzmat edýän edaralaryň işgärleri şeýle hem allergiýasy we dowamly keselleri bar bolan adamlar dem alyş ýollary üçin niýetlenen lukmançylyk şahsy goraýyş serişdelerini, ýagny lukmançylyk agyz-burun örtüklerini hökman ulanmalydyrlar.
II-günümiziň saglygy hakda uly aladalar edýän mähriban Prezidentimiziň ömrüniň uzak, janynyň sag, mertebesiniň mundan-da belent bolmagyny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda we umumadamzat bähbitli, alyp barýan beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Ogulmähri GELDIÝEWA