TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANKT-PETERBURGYŇ GUBERNATORYNY KABUL ETDI
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglowy kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edilendigi hem-de ýüzbe-ýüz duşuşykda hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de dostlukly ýurduň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salamyny, ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Newa boýundaky şäheriň biziň ýurdumyz bilen türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän köpýyllyk gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy.
Sankt-Peterburgyň gubernatory we onuň ýanynda bolýan wekiliýet agzalary Arkadag şäheriniň ajaýyp ýerleri hem-de durmuş maksatly iri toplumlary, şol sanda bilim, lukmançylyk, medeni, sport we beýleki ugurly iri desgalar toplumyny öz içine alýan şäher düzümi bilen tanşyp, ilatyň amatly ýaşamagy üçin döredilen şertlere ýokary baha berdiler.