Garaşsyzlyk seýilgähindäki söhbetdeşlik


Garaşsyzlyk seýilgähindäki söhbetdeşlik



Golaýda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda, paýtagtymyzdaky Garaşsyzlyk seýilgähinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, halypa we ýaş döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda “Miras” hem-de “Ýaşlyk” teleýaýlymlaryna söhbetdeşlikler ýazgy edildi.

Türkmen edebiýatynda öçmejek yz galdyran şahyryň şygyrlary älem, dünýä, adamzat ýaly wajyp meselelerden gündelik durmuşda ýüze çykýan ownuk meselelere çenli, ähli sowallara makul jogap bolup biljek gymmatly hazyna. Munuň özi durmuşdaky ähli meseleleri Gün şöhlesi deýin ýagtyldýan Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň bütin adamzada zerurlygyny aýan edýär. Söz ussadynyň «Berkarar döwlet istärin!» diýip, özbaşdak döwletli bolup, halkymyzyň agzybir, asuda we abadan durmuşda ýaşamagy hakynda eden ýagşy arzuwlary döwletimiziň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen doly hasyl bolup, häzirki döwürde ösüşiň ak ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly bellenilip geçiler. Munuň özi watansöýüjiligiň, milli mirasa ýokary derejede sarpa goýmagyň, geçmişden ugur alyp, geljege ynamly ädim ätmegiň nusgasydyr. Bu nusganyň gözbaşynda bolsa, hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, parasatly, ynsanperwer syýasaty dur.

Döwrüň belent ruhuny wasp etmekde, halkymyzy täze üstünliklere galkyndyrmakda, türkmen medeniýetiniň ösüş aýratynlyklaryny inçelik bilen öwrenmekde, onuň kämilleşdirilmegini, şeýle-de täze derejelere göterilmegini üpjün etmekde, ýurdumyzyň medeniýet we döredijilik işgärlerine söz ussady Magtymguly Pyragynyň şygyrlary ýol-ýörelge bolup hyzmat edýär. Söhbetdeşliklerde çykyş eden döredijilik işgärleri akyldar şahyryň şygyrlarynyň many-mazmuny barada giňişleýin durup geçdiler. Şeýle söhbetdeşlikleriň guralmagy, halkymyzyň şahyryň döredijiligi, onuň şygyrlarynyň many-mazmuny bilen içgin tanyşmagynda uly orun eýeleýär. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň döwlet Çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň talyplary Garaşsyzlyk seýilgähiniň gözellikleriniň suratlaryny ezberlik bilen çekmegi başardylar.

Biziň hemmämize ähli babatda görelde mekdebi bolan Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!

Ogulgurban GAŞLAKOWA.