Nýu-Delide Magtymguly Pyragynyň hindi dilindäki goşgular ýygyndysy tanyşdyrylar


Nýu-Delide Magtymguly Pyragynyň hindi dilindäki goşgular ýygyndysy tanyşdyrylar



Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 23-nji dekabrynda çykaran Karary bilen tassyklanan Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, şu ýylyň 4-nji dekabrynda Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde Magtymguly Pyragynyň hindi dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçiriler.

Nýu-Delide akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň hindi dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň çäklerinde medeni çäreler hem geçiriler. Oňa gatnaşmak üçin ýurdumyzyň döredijilik wekiliýeti şu ýylyň 2 — 5-nji dekabry aralygynda Hindistan Respublikasynda iş saparynda bolar.