Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglandy


Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglandy

10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Oguzhan» köşkler toplumynda ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň uly dabaralar bilen bellenilýän gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy «Arkadag» medaly bilen sylaglamak dabarasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýokary sylaga ýurdumyzda halkymyzyň kanuny bähbitlerini goramak we üpjün etmek boýunça hukuk kepilliklerini döretmekde, aýratyn hemaýata we goldawa mätäç çagalary durmuşa uýgunlaşdyrmaga hem-de taýýarlamaga gönükdirilen guramaçylyk, kanunçylyk-hukuk, ykdysady çäreleriň toplumyny durmuşa geçirmekde, ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerini özünde jemleýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işine yzygiderli goldaw bermekde, ýurdumyzda ynsanperwerlik, adalatlylyk, sahawatlylyk ýörelgelerini durmuşa geçirmek bilen, haýyr-sahawat işini ösdürmekde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlary üçin mynasyp boldy.

Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň «Arkadag» medalyny gowşurdy.

Döwlet Baştutanymyz özüne Türkmenistanyň ýokary döwlet sylagynyň gowşurylandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Men bu sylagy milli däplerimiz esasynda alyp barýan sahawatly işlerimize berlen baha hasap edýärin diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, hemmelere üstünlikleri arzuw etdi.