«Asuda Watanym Türkmenistanym»


«Asuda Watanym Türkmenistanym»



2020-nji ýylyň 20-nji maýynda Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebi we 2-nji çagalar çeperçilik mekdebi bilen bilelikde Haly muzeýinde «Asuda Watanym Türkmenistanym» ady bilen nakgaşçylyk we keramika bölüminiň uçurymlarynyň hasabat sergisi gurnaldy. Bu muzeýde iki mekdebiň uçurymlarynyň ussatlyk bilen çeken ajaýyp nakgaş eserleri hem-de keramika önümleri sergilendi we gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Türkmen halkymyzyň zehinli şekillendiriş sungatynyň ussatlary ýurdumyzyň sungatyny ösdürmekde özleriniň ussatlyk başarjaňlaryny görkezip gelýär. Bu mekdepde nakgaşçylyk, zergärçilik, keramika bölümleri boýunça hünär öwredilýär. Şeýle-de ýurdumyzda we daşary döwletleriň yglan etmeginde geçirilýän surat bäsleşigine işjeň gatnaşylyp, okuwçylaryň çeken işlerini hödürläp, döwlet tarapyndan ýeňiji bolan zehinli çagalary Diplomlar we Hormat hatlary bilen sylaglanylýar.
Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize zehinli çagalarymyz çaga kalbyndan minnetdarlygyny bildirýärler.